a) ATLARYN DÜŞÜM BİLEN ÜYTGEYIŞLERI

232-nji gönükme. Okaň. Oraz, pagta, kelem diýen atlaryň soňuna goşulan goşulmalara üns beriň, soňra olary dilden sözlem içinde getiriň.

1.  Oraz, pagta, kelem.

2.   Orazyň, pagtanyň, kelemiň.

3.   Oraza, pagta, keleme.

4.   Orazy, pagtany, kelemi.

5.   Orazda, pagtada, kelemde.

6.   Orazdan, pagtadan, kelemden.


Nusga: Oraz ikinji klasda okaýar. Orazyň kakasy mugallym. Pagtanyň çigidinden ýag alynýar.

Atlar düşüm bilen üýtgeýärler. Türkmen dilinde alty sány düşüm bar: baş düşüm, eýelik düşüm, ýöneliş düşüm, ýeňiş düşüm, wagt-orun düşüm, çykyş düşüm. Düşümleriň her biri belli bir soraglara jogap bolýarlar.


Düşümlerin atlary: 


1.  Baş düşüm.

2.  Eýelik düşüm.

3.  Ýöneliş    düşüm.

4.  Ýeňiş düşüm.

5.  Wagt-orun düşüm.

6.  Çykyş düşüm.

Düşümlerin soraglary:


Kim?, näme?, nire?

Kimiň?, nämäniň?, niräniň?

Kime?, näma?, nirä?

Kimi?, nämäni?, niräni?

Kimde?, nämede?,nirede?

Kimden?, nämeden?,nireden?

Düşüm atlaryny we soraglaryny okaň, bulary ýat tutuň.

* * *

233-nji gönükme. Okaň we has gara ýazylan atlary göçüriň. Olaryň haýsy soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.

MERGEN WE SAPAR

Mérgen bilen Sapar bir klasda okaýarlar. Olar boş wagtlary oýnaýarlar. Mergeniň we Saparyň oňuşmaýan wagtyna duş gelmersiň.

Obamyzda Sapara we Mergene akyllyja oglanlar diýýärler. Mergeni, Sapary hemmämiz gowy görýäris. Mergende, Saparda görelde alar ýaly gowy häsiýetler bar. Olar ýaşululary sylaýarlar. Ýoldaslaryna kömek edýärler. Biz Mergenden we Sapardan görelde alýarys.

häsiýet

1.  Hekaýanyň mazmunyny gürrüň edip beriň.

2.  Görelde almak diýen aňlatmanyň manysyny kitabyňyzyň   soňundaky   sözlükden   görüň   we
depderiňize göçüriň.

* * *

234-nji gönükme. Köp nokatlaryň ýerine degisli

düşüm  atlaryny ýazyp,  düşüm  bilen          üýtgedilen
atlary göçüriň.

1.  ... Gözel               ... Üzüm              ...  Halaç

2.   ... Gözeliň             ... Üzümiň            ...Halajyň

3.   ... Gözele              ... Üzüme             ...  Halaja

4.    ... Gözeli              ... Üzümi              ...  Halajy

5. ... Gőzelde             ... Üzümde           ...  Halaçda

6.  ... Gőzelden           ... Üzümden         ...   Halaçdan

* * *

235-nji gönükme. Düşüm bilen üýtgedilen atlary Okaňyňyzda, köp nokatlaryň ýerine düşümleriň atlaryny we soraglaryny aýdyň.

..Aman

...Amanyň

...Amana

...Amany

...Amanda

...Amandan

..towuk

..towugyň

..towuga

..towugy

..towukda

..towukdan

...Aşgabat

...Asgabadyň

...Aşgabada

...Aşgabady

...Aşgabatda

...Aşgabatdan


Nusga:  Baş düşüm:  Kim?

— Aman, 

näme? 

— towuk,

nire?

— Aşgabat ...

* * *

236-nji gönükme. Soraglara ýazuw üsti bilen jogap beriň. Has gara ýazylan soraglara jogap bolyán sözleriň haýsy düşümdedigini aýdyp beriň.

Kim Daşkende gitdi? Näme käkeleýär? Nirede Pagta köp ekilýär? Kimiň kakasy ussa? Siz nirä

gitdiňiz? Nämäni ýygmaga başladylar? Nämäniň çigidi köp? Nirede küşt ýaryşy geçirildi? Olar nireden geldi?

* * *

237-nji gönükme. Hekaýajygy Okaň. Has gara ýazylan atlaryň haýsy düşümdedigini aýdyp beriň.

ORAZ AGANYŇ GÜRRÜNI

Gumda Oraz aga diýen bir balçynyň bardygyny eşidipdik. Dynç güni Oraz agalara gitdik. Biz barsak, Oraz aga bal bilen gök çay içip oturan eken. Oraz aga sorag berdik:

— Oraz aga, ýandaklar haýatlaryň üstünde-de gögerip
otyrlar, olar nireden suw içyarler?

Oraz aga:

— Ogullarym, ýandagyň köki uzyn bolýar, çeşme näçe   aşakda   bolsa-da,   ýandak  şondan   suw  içmegi başarýan çöp. Haýatyň üstündäki ýandaklaryň köki
hem örän çuňlukdan suw içýär — diýip jogap berdi.

1.  Hekaýajygyň mazmunyny gürrüň edip beriň.

2.  Hekaýajygy iki bölege bölüp, onuň her birine aýry sözbaşy tapyň.

-yň, -iň, -uň, -üň, -nyň, -niň eýelik düşümiň goşulmasydyr.

Meselem: Oraz - Orazyň, käşir-käşiriň, guş-guşuň, gül-gülüň, gaýçynyň, geçiniň.

* * *

238-nji gönükme. Hekaýajygy okaň we eýelik düşümiň goşulmasyny kabul eden atlary aýdyň.

ŞATLYKLY GÜN

Şol gün Gül üçin iň hezil gün boldy. Gül birinji gezek çagalar bagyna gidýär. Ejesi Gülüň elinden tutup, ony çagalar bagyna alyp geldi.

Çagalar bagynda Gülüň özi ýaly körpejeler köpdi. Gül aňyrrakda Sonanyň, Geldiniň, Maralyň duranyny gördi.

Cagalaryň hemmesi tämiz geýnipdirler. Gül özi ýaly cagalaryň arasyna düşenine gaty begendi. Gül alyp gelen çemenini terbiýeçä gowşurdy.

1.  Gül hakyndaky hekaýajygyň mazmunyny aýdyp beriň.

2.   Körpe sözüniň manysyny düşündiriň.

* * *

239-nji gönükme. Okaň we eýelik düşüm bilen üýtgän atlary tapyp, depderiňize göçüriň.

1. Çarynyň ejesi haly dokaýar.

2. Geldiniň jigisi obamyzdaky- çagalar bagyna gatnaýar.

3. Kölün töweregi göm-gök ot bölüp ýatyr.

4. Çagalar bagynda gülüň her hilisi ösdürilip ýetişdirilýär.

5. Kakamyň işleýän kärhanasyna gezelenje gitdik.

6. Obanyň içinden geçýän ýabyň suwy süýji.


Göçüren sözleriňizdäki   eýelik düşümiň goşulmalaryny aýdyp beriň.


ganar

* * *

240-nji gönükme. Göçüriň we eýelik düşümde gelen atlaryň aşagyny çyzyň.

1. Eseniň kitabyny gowşurdym.

2. Marynyň obalarynda pagta ekilýär.

3. Pagtanyň bir hanasyny hem zaýalamak bolmaz.

4. Berdiniň ýegeni gelipdir.

5. Günüň şöhlesi ösümlikler üçin peýdalydyr.


Aşagyny çyzan atlaryňyza goşulan goşulmalary aýdyň. Şol sözler nähili soraglara jogap bolýarlar?

-a, -e, -na, -ne ýöneliş düşümiň goşulmalarydyr.

Meselem: Gurban-Gurbana, Senem-Seneme, dogany-doganyna, ejesi-ejesine.

* * *

241-nji gönükme.   Okaň   we  ýöneliş   düşümiň goşulmasyny kabul eden atlary aýdyp beriň.

1.   Şöhrat   geçen  dynç  güni  oba  gidipdir.   Obada yaşayan  garry  enesine  sowgat  äkidipdir.  

2.   Myrat Sähet bilen ota gidipdir.

3. Ajap daýza agtygyna gurjak getirdi. Agtyjagy gurjaga begendi. Ol gurjagyna köýnek tikdi.

* * *

242-nji gönükme.Sözlemleri Okaň we göçüriň. Yöneliş düşüm bilen üýtgän atlaryň aşagyny çyzyň.

1. Sona depderine surat çekipdir.

2. Biz şähere gitdik. 01 ýerde uly mekdebe bardyk. Mekdebiň okalgasyna hem girdik.

3. Gözel jigisine surat çekmegi öwredýär.


Aşagyny çyzan atlaryňyza goşulan ýöneliş düşümiň goşulmasyny we şol sözleriň nähili soraga jogap bolýandygyny aýdyň.

* * *

243-nji gönükme. Aşakdaky baş düşümdaki atlary eýelik we ýöneliş düşümleri bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň.

Guş, çay, Arçman, goýun, galam, aýdym, säher.

Nusga:     

1. Eýelik düşüm: guşuň, caýyň, ...

2. Yöneliş düşüm: guşa, çaya, ...

-y, -i, -ny, -ni ýeňis düşümiň goşulmalarydyr.

Meselem: galam-galamy, depder-depderi, çaga-Çagany, geçi-geçini.

* * *

244-nji gönükme.  Okaň   we   ýeňis   düşümiň goşulmasyny kabul eden atlary aýdyp beriň.


1. Selbini, Durdyny Aşgabada gezelenje iberdiler.

2.  Men  ýaňy Aşyry,  Gözeli  gördüm.  

3.  Maňa  şu kitaby kakam getirip berdi.

4. Sähet aga göläni meýdana kowdy.  

5.  Ekini   suwarmak  gerek.  

6.  Sygry  sürä goşdum.

7. Men Maýany çagyryp geldim.


Sürä goşmak aňlatmasynyň manysyny düşündiriň.

gezelenç

* * *

245-nji gönükme. Okaň we ýeňis düşüm bilen üýtgän atlary depderiňize göçüriň.


1. Men bu galamy we depderi doganymdan aldym.

2. Myrady çagyrmaga Gurbany iberdim.

3. Şu towşany maňa Sähet berdi.

4. Ol Jereni görüpmi? Yok, ol Jereni görmändir, Sonany görüpdir.

5. Selbini biziň hemmämiz tanaýarys.

6. Şu gazeti men siziň üçin aldym.

7. Men heniz Arçabili göremok.


Göçüren sözleriňize goşulan goşulmalary aýdyp beriň. Şol sözler nähili soraga jogap bolýarlar?

gazet

* * *

246-nji gönükme. Okaň we göçüriň. Ýeňis düşümde gelen sözleriň aşagyny çyzyň.


1. Ol Amany, Baýramy, Kolýany we Näzigi görüpdir.

2. Gadam haltany otdan doldurypdyr.

3. Olar käsäni, çaýnegi ýuwuşdyrdylar.

4. Obany aýlanyp çykdyk, mekdebiň kitaphanasyny gördük.


Aşagyny çyzan atlaryňyzdaky ýeňiş düşümiň goşulmasyny we ol sözleriň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.

* * *

247-nji gönükme. Aşakdaky baş düşümdaki atlary eýelik, ýöneliş, ýeňiş düşümleri bilen üýtgediň we nusgada görkezilişi ýaly edip, depderiňize ýazyň.

Jöwen, üzüm, sogan, daýysy.

Nusga:      

1. Eýelik düşüm: jöweniň, ...

2. Ýöneliş düşüm: jöwene, ...

3. Ýeňis düşüm: jöweni, ...

-da, -de, -nda, -nde wagt-orun düşümiň goşulmalarydyr. Meselem: oba-obada, çäge-çägede, gyzy-gyzynda, eli-elinde.

* * *

248-nji gönükme. Okaň we wagt-orun düşümiň goşulmasyny kabul eden atlary aýdyp beriň.

1. Aşgabatda haýwanat bagy bar. Haýwanat bagynda  haýwanlar saklanylýar.

2. Daýym şäherde işleýär. Olar Magtymguly köçesinde ýaşaýarlar.

3. Hallyda, Gőzelde, Sonada, Bikede, Muhammetde meňzeş galamlar bar.

4. Biz tomus dynç günlerimizde gök ýygmaga kömekleşeris.


4-nji sözlemdäki gök sözüniň manysyny sözlükden görüp öwreniň.

ýanjyk

* * *

249-nji gönükme. Nakyllary we matallary okaň. Olaryň manysyny aýdyljak bolunýan zatlary öz sözüňiz bilen düşündiriň.

NAKYLLAR

Aýda gelsin — aman gelsin.

Aýakda bolandan, agyzda bol.

Göreşde ataň bolsa-da ýyk.

Süýtde agzy bişen suwy üfläp içer.


MATALLAR

Bir derede böwri alaja guş ýatyr (göz).

Bir küyzede iki suw,

Her haýsy bir tagamdyr (ýumurtga).

Gyşda erär, ýazda doňar (şor ýer).

Ýer astynda ýagly çybyk (ýylan).

iki uç, iki halka,

Ortasynda myhy bar (gaýçy).

Bir guş tutdum jany ýok,

Başyn kesdim gany yok, Juýjesiniň sany ýok (gawun).

Has gara ýazylan atlaryň haýsy düşümdedigini we onuň goşulmasyny aýdyp beriň.

* * *

250-nji gönükme.Okaň we wagt-orun düşümde gelen atlary, onuň goşulmasyny aýdyp beriň.

1. Döwlet ýanýoldan ýoräp barýardy. Onuň elinde gara ýanjygy, egninde mekdep geýimi, aýagynda sary köwşi bardy.

2. Biziň mekdebimizde ussahana bar. Ussahanada okuwçylar her hili zatlary ýasamagy öwrenýärler.

3. Olar obada ýaşaýan ekenler.

Nusga: eli-nde, mekdebimiz-de, ...

Göçüren atlaryňyzyň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyp beriň.

* * *

251-nji gönükme. Göçüriň we wagt-orun düşümiň goşulmasyny kabul eden atlaryň aşagyny çyzyň.

1. Gaýypda, Hallyda, Hojada, Begençde, Mämmetde bar. Olar dutary gowy çalýarlar.

2. Kelemde, almada, käşirde, adama ýokumly zatlar köp.

3. Köpet-ýyrtyjy haýwanlar bar.


Aşagyny çyzan atlaryňyzdaky wagt-orun düşümiň goşulmasyny aýdyp beriň.

çalmak

* * *

252-nji gönükme. Aşakdaky baş düşümdäki atlary ýeňiş, wagt-orun düşümleri bilen üýtgediň we nusgada görkezilişi ýaly edip, depderiňize ýazyň.

Ganar, käse, haly, serçe, eli.

Nusga:

1. Ýeňiş düşüm: haly-halyny, käse-käsäni, ...

2.  Wagt-orun  düşüm:   haly-halyda,

käse-käsede, ...

-dan, -den, -ndan, -nden çykyş düşümiň goşul-malarydyr.

Meselem: depder-depderden, depderi-depderinden, kitap-kitapdan, kitaby-kitabyndan.

* * *

253-nji gönükme. Okaň we çykyş düşümiň goşulmasyny kabul eden atlary aýdyp beriň.

1. Okuwçylar mekdepden gelýärler.

2. Biz Bibiden, Çarydan, Döwrandan, Baýramdan, Äşeden görelde alýarys. Olar oňat okaýarlar.

3. Şu gün okuwdan gelip, atamyň ýanyna gitjek.

4. Men Berdiden okamaga bir kitap aldym. Şol kitapdan iki goşgyny yat tutdum.

gördüm

* * *

254-nji gönükme.Okaň, soňra çykyş düşümde gelen atlary göçüriň.


1. Men Gurbany obadan şähere gidýän ýoluň ugrunda gördüm.

2. Ol jigisiniň elinden tutup dur.

3. Oraz atasyndan, enesinden eşiden ertekilerini bize aýdyp berdi.

4. Bu uçar Daşoguzdan geldi.


Göçüren sözleriňizdäki çykyş düşümiň goşulmasyny we olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny aydyň.

* * *

255-nji gönükme. Aşakdaky baş düşümdäki atlary wagt-orun, çykyş düşümleri bilen üýtgediň we nusgada görkezilişi ýaly edip, depderiňize ýazyň.

Dary, depder, Daşoguz, deri, atasy.

Nusga:      

Wagt-orun düşüm: dary-dary-da, ...

Çykyş düşüm: dary-dary-dan, ...

* * *

256-nji gönükme. Aşakdakylary göçüriň, düşüm goşulmalaryny ýatda saklaň.

Düşümleriň atlary:

1.  Baş düşüm.

2.  Eýelik düşüm.

3.  Ýöneliş düşüm.

4.  Ýeňiş düşüm.

5. Wagt-orun düşüm.

6. Çykyş düşüm.

Düşümleriň goşulmalary:

-yň, -iň, -üň, -uň, -nyň,-niň

-a, -e, -na, -ne.

-y, -i, -ny, -ni.

-da, -de, -nda, -nde.

-dan, -den, -ndan, -nden.

* * *

257-nji gönükme. Nakyllary Okaň. Birinji we ikinji hatardaky nakyllaryň manysyny öz sözleriňiz bilen düşündiriň.

NAKYLLAR:

1.  Bal süýji, baldan bala süýji.

2.   Myhman ataňdan uly.

3.   Yagşy söze daş ýarylar.

4.   Bugday nanyň bolmasa, bugday sözün ýokmudy?

5.    Balygyň diriligi suw bilen.                                          ;

6.    Ody özüne bas, ötmese kesekä.


Has gara ýazylan atlary göçürip alyň we olaryň haýsy düşümdedigini aýdyp beriň.

matal

* * *

258-nji gönükme. Hekaýajygy Okaň we manysyny gürrüň edip beriň. Has gara ýazylan sözleriň haýsy düşümdedigini, olaryň düşüm goşulmalaryny, haýsy soraga jogap bolýandygyny aýdyň.

TOKAÝDA

Kakam tokaýa gitjekdigini aýtdy. Men begendim. Muny Sapara aýtdym. Tokaýda ýyrtyjylar köp diýip eşidýärdim. Ertesi mazaly şaýymyzy tutduk. Soňra ýola düşdük.

Biz tokaýa ýetdik. Odunlardan üýşürip, ot ýakdyk. Çay içdik. Gün ýaşdy. Biz ýatdyk. Kakam derrew uka gitdi. Birden gapdalda bir şatyrdy peýda boldy. Men kakamy turuzdym.

Kakam: — Ýatyber, ýolbars geçip gitdi — diýdi. Men ýolbarsyň giden ugruna seredip ýatdym.


«Tokaýda» diýen hekaýajygyň mazmuny boýunça başlanylyp goýlan meýilnamany dowam etdirip, depderiňize ýazyň.

Meýilnama:

1.   Meniň begenjim.

2.   Tokaý barada eşiden zatlarym.

3. 

ýolbars

* * *

259-nji gönükme.Okaň. Has gara ýazylan atlara sorag beriň we olaryň haýsy düşümdedigini aýdyň.

BIZIŇ WATANYMYZ

Biziň Watanymyz — Türkmenistan. Ol Garaşsyz, baky   Bitarap   döwletdir.   Biz   Türkmenistanda

ýaşaýarys, işleýaris, okaýarys.

Watanymyz   Türkmenistan   nebite,   gaza,   pagta, bagana, maldarçylyga, hala örän baýdyr.

Biz   nebitiň,   pagtanyň,   bagananyň,   halynyň

belli bir bölegini daşary ýurtlara satýarys. Oňa derek halkymyz üçin zerur zatlary alýarys. Biz näçe gowy işlesek, şonça gowy ýasaýarys Biziň Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäheridir.