9. GEÇILENLERI GAÝTALAMAK

222-nji gönükme. Sözlemleri okaň we göçüriň. Has gara ýazylan sözleriň haýsysynyň sada, haýsysynyň goşma sözdügini aýdyň.

1. Biziň obamyz Balkanabat şäherinden uzakda ýerleşýär. Obamyzyň köçeleri uly we arassa.

2. My-ratdurdy agalar biziň goňşymyz.

3. Aşyrgeldiniň öýlerine bardyňmy?

4. Daýhanlar mekgejöweni ýygyp gutarlar.

* * *

223-nji gönükme. Aşakdaky sada sözlerden goşma sözler ýasaň we olary sözlem içinde ulanyp, depderiňize ýazyň.

Dag, Gün, gum, Meret, Jeren.

Nusga: Soňudag Garrygala etrabynda ýerleşýär.

* * *

224-nji gönükme. Hekaýajygy okaň. Goşma sözleri aýdyň we olary depderiňize göçüriň.

Biz Garagum derýasynyň ýakasynda ýaşaýarys. Meniň Aýgözel, Annamyrat, Orazguly, Nurmyrat atly oňat ýoldaşlarym bar. Obamyzyň demirgazyk tarapy gumluk. Biz okuwdan boş wagtlarymyz ürgün çägäniň üstünde oýnaýarys.

Annageldiniň  Alabaý  atly  güjüjegi  bar.   Eger  biz guma oýnamaga gitsek, Alabaý hem biziň bilen gidýär. Bir gün biz gumuň üstünden älemgoşara syn etdik. Älemgoşar owadan.

1.  Hekaýajygy mazmuny boýunça böleklere bölüň we her bölege degişli sözbaşy goýuň.

2. Sada sözler näçe sözden ybarat bolýar?

3. Coşma sözler näçe sözden ybarat bolýar we olar nähili ýazylýar?

derýa

* * *

225-nji gönükme. Aşakdaky sözlerden goşma sözleri saýlap, depderiňize göçüriň.

Adam, garpyz, daň, Balkanabat, Garrygala, gawun, garrygyz, demirtiken, kädi, Oguldursun, başdaş, demir, gül, Bibigül, orak, Gurbangül, onýyllyk, orunbasar, atmak, başatar, ayak, el, kyrkaýak, kyrkgünlük.

Göçürip alan sözleriňiziň her biriniň nähili sada sözlerden düzülendigini aýdyň.

Garrygyz, kyrkgünlük sözleriniň manysyny düşündiriň.

* * *

226-nji gönükme. Göçüriň we atlaryň aşagyny çyzyň. Olaryň nähili soraga jogap bolýandygyny aýdyň.

1. Ejem maňa köýnek aldy. Biz Balkanabada gitdik. Balkanabat şäherinde daýym ýaşaýar. Daýym ussa.

2. Aman Moskwa gitdi. Uçar agşam sagat sekizde uçdy. Howa durudy. Bulut ýok.

* * *

227-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan atlaryň has ýa-da jyns atdygyny aýdyp beriň

1. Jigim Aman öz dosty Gurbana hat ýazdy.

2. Men Oraz Durdyýew, menin dostum Amanow, onuň ady Sapar.

3. Meniň güjügimiň ady Böwser.

4. At çapyşygynda Meleguş Ýyldyrymdan ozdy. Meleguş Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginden.

5. Türkmenistanda gawun, garpyz, üzüm, pomidor, kaşir köp yetişdirilýär.

* Ýokardaky has atlar nämäniň adyny aňladýar we olar nähili harp bilen ýazylýar?

**  Has atlary göçürip alyň.

Meleguş

* * *

228-nji gönükme.. Bu atlary ýöňkeme  bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň we olara goşulýan ýöňkeme  goşulmalaryny aýdyň.

Adik, daýy, yorgan, top. Nusga:

Meniň ädigim.                 Biziň adigimiz.

Seniň ädigiň.                  Siziň ädiginiz.

Onuň ädigi.                     Olaryň ädigi.

* * *

229-nji gönükme.Göçüriň. Ýaýyň içindäki atlara degişli ýöňkeme  goşulmasyny goşup, ýaýdan çykaryp ýazyň.

Meniň (ene) çagalar bagynda işleýär. Biziň (çagalar) bagtly ýaşaýar. Seniň (dogan) nirede işleýär? Siziň (köçe) baglykmy? Merediň (kaka) şäherde işleýär.

Her söze goşan goşulmanyzy we onuň haýsy yöňkemänin goşulmasydygyny aýdyň.

230-nji gönükme. Aşakdaky at sözleriňi belli bir ýöňkemede ulanyp, hersini bir sözlemde getiriň we depderiňize ýazyň.

Depder, galam, göle, guzy.

* * *

231-nji gönükme.Hekaýajygy okaň we onuňmazmunyny öz sözleriňiz bilen aýdyp beriň

TÄZE ÝYL

Okuw ýylynyň birinji ýarymy gutardy. Täze ýyl ýetip geldi. Okuwcylar gyş dynjalşyna çykýarlar. Mek-debimizin uly zalynda täze ýyl baýramy geçirilýär.

Çagalar, täze ýylyňyz gutly bolsun! Asmanyňyz hemişe dury bolsun!