|
8. ATLAR c) ATLARYŇ ÝÖŇKEME BILEN ÜYTGEÝŞI
197-nji gönükme. Okaň. Galam, guş, oba sözlerine goşulan goşulmalary aýdyň. 1. Meniň galam-ym, guş-um, oba-m. 2. Seniň galam-yň, guş-uň, oba-ň. 3. Onuň galam-y, guş-y, oba-sy.
1. Biziň galam-ymyz, guş-umyz, oba-myz. 2. Siziň galam-yňyz, guş-uňyz, oba-ňyz. 3. Olaryň galam-y, guş-y, oba-sy. * * * 198-nji gönükme. Depderf gül, geçi sözlerini ýokarky gönükmedäki ýaly üýtgedip, depderiňize ýazyň we olara goşülyan goşulmalary aýdyň. 1. Meniň depderim, gülüm, geçim. 2. Seniň........................................................ 3. Onuň ........................................................ 1. Biziň ........................................................ 2. Siziň ........................................................ 3. Olaryň....................................................... * * * 199-nji gönükme.Okaň we göçüriň. Atlara goşulan goşulmalaryň aşagyny cyzyň we olary aýdyp beriň. 1. Meniň towşanyrn, enem, keçäm. 2. Seniň towşanyň, eneň, kecaň. 3. Onuň towşany, enesi, keçesi. 1. Biziň towşanymyz, enemiz, keçämiz. 2. Siziň towşanyňyz, eneňiz, keçäňiz. 3. Olaryň towşany, enesi, keçesi.
ATLARYŇ ÝÖŇKEME GOŞULMALARY
* * * 200-nji gönükme.Okaň we atlaryň menlik, senlik, olluk ýöňkeme goşulmalaryňy, olaryň birlik we köplük sanyny aýdyň. 1. Meniň kitabym, bagym, ýegenim, atam. 2. Seniň kitabyň, bagyň, yegeniň, ataň. 3. Onuň kitaby, bagy, ýegeni, atasy.
1. Biziň kitabymyz, bagymyz, ýegenimiz, atamyz. 2. Siziň kitabyňyz, bagyňyz, ýegeniniz, ataňyz. 3. Olaryň kitaby, bagy, ýegeni, atasy.
* * * 201-nji gönükme. Oba, it, öy, tam sözlerini ýöňkeme bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň.
Atlara goşulan ýöňkeme goşulmalarynyň birligini we köplügini aýdyp beriň. * * * 202-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň. Ýöňkeme bilen üýtgän atlaryň aşagyny çyzyň we olaryň goşulmasyny aýdyň. 1. Ala-mulaja topum bardy. Bir gün topum ýitdi. Seniň topuň bolmansoň, biz täze top aldyk. Sizin topuňyz barmy? Olaryň topy ýok. 2. Daýhan birleşigimiz pagta baradaky tabşyrygyny doldurdy. Siziň daýhan birleşigiňiz pagta baradaky tabşyrygy doldurdymy? * * * 203-nji gönükme. Hekaýany okaň. Has gara ýazylan atlaryň haýsy ýöňkemededigini we gosulmasyny aýdyň. SYGYR WE MÖJEK Sygrym golaýdaky depa baryp durdy. Görsek, gölämiz hem arça agajynyň ýanynda. Onuň ýeňsesi üç-dört ýerinden dişlenipdir, ýarasy gyzaryp dur. Enesi bolsa onuň töwereginde aýlanyp ýör, ganan ýerini ýalaýar. Nebsim agyryp, sygra seretdim.onuň arkasy dişlenip dilnipdir. Çep gözi bütinleý ýumlup galypdyr. Ýerde möjek yzyny gördüm. Nähili wakanyň bolandygyna göz ýetirdim. Sygrymyz geçen gije gölesini goramak üçin möjek bilen uly söweş edipdir. Emma gölesini bermändir. Göle, göz sözleriňi ýöňkeme ler bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň.
* * * 204-nji gönükme. Şygry labyzly okaň. Ýöňkeme bilen üýtgän atlary we olaryň ýöňkeme goşulmalaryny aýdyp beriň. GYZYL SAPAK
1. Bu goşguda näme hakda gürrüň edilýär? 2. Sere, toşap sözleriniň manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň. * * * 205-nji gönükme. Sözlemleri okaň we göçüriň. Birinji ýöňkemaniň birlik we köplügi bilen üýtgän atlaryň aşagyny çyzyň, olaryň ýöňkeme goşulmalaryny aýdyň. 1. Kitabym sendemi? Biziň kitabymyz mugallymda. 2. Bu ýyl biziň daýhan birleşigimiz öňde barýar. 3. Ýegenim institutda okaýar. 4. Meniň oturýan partam birinji batarda. 5. Biziň oturan partamyz arassa. Parta, kitap sözleriňi ähli ýöňkemeler bilen üýtgedip aýdyp beriň. * * * 206-nji gönükme.Sözlemleri okaň. Ikinji ýöňkemaniň birligi we köplügi bilen üýtgän atlary, olaryň ýöňkeme goşulmalaryňy aýdyp beriň 1. Senin kakaň awçymy? Sizin kakaňyz örän ökde sazanda. 2. Üzümiňiz bol hasyl getiripdir. 3. Senin dostuň näçenji klasda okaýar? Ýoldaşyňyz gowumy? 4. Geçiňiz barmy? Üzüm, geçi sözleriňi ähli ýöňkemeler bilen üýtgediň we depderiňize ýazyň.
* * * 207-nji gönükme. Sözlemleri okaň we üçünji ýöňkeme bilen üýtgän atlary, olaryň ýöňkeme gosulmalaryny aýdyp beriň. 1. Obamyzyň Dordepel diýen aty pellehana birinji bölüp geldi. Çarynyň atasy Dordepeliň seýsidi. 2. Myradyň güjügi örän enaýyja. Onuň garaja gulagy, akja guýrugy bar. 1. At, güjük sözleriňi ähli ýöňkemeler bilen üýtgediň w e depderiňize ýazyň. 2. Seýis sözüniň manysyny sözlükden öwreniň. * * * 208-nji gönükme. Aşakdaky atlary menlik, senlik, olluk ýöňkemeleriniň birligi we köplügi bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň. Guzy, it, göz, oba, şäher. Nusga:
Üýtgeden atlaryňyzyň ýöňkeme gosulmalaryny aýdyp beriň. * * * 209-nji gönükme. Sözlemleri okaň we göçüriň. Ýöňkeme bilen üýtgän atlaryň aşagyny çyzyň we olaryň haýsy ýöňkemededigini, goşulmasyny aýdyň. Meniň doganym şäherde ýaşaýar. Seniň doganyň nirede işleýär? Onuň dogany çopan. Biziň doganymyz pagtaçy. Siziň doganyňyz mugallymmy? Olaryň dogany terbiýeçi. Çopan diýen sözüň manysyny düşündiriň. * * * 210-nji gönükme. Hekaýajygy okaň. Has gara ýazylan atlaryň haýsy ýöňkemededigini we goşulmasyny aýdyp beriň Basím irden turdy-da: Ata, menem özüň bilen öri meýdaňyna akidýäň gerek? diýip sorady. Oglum, seniň ol ýerde näme işiň bar? Sensiz hem ol ýerde adamymyz köp. Nyýazguly aganyň göwrümi giňdi. Ol öz sözüni dowam etdi.Ejesi Bäşimiň elinden tutup, beýleki jaýa äkitdi.Bolýar, oglum, bolýar, ýör, geýneli. Çagalar bagyna gideli. Kakan seni öri meýdaňyna goýbermez. Hemmesi oňat gutardy. Kakasy işe ugramazdan öň, Başime atasy bilen çöle gitmäge razylyk berdi. (G. Rejebowanyň «Kiçijik çopan» hekaýasyndan). Hekaýajygyň mazmunyna laýyk sözbaşy tapyň. * * * 211-nji gönükme.Şygry labyzly okaň. Has gara ýazylan sözleri depderiňize göçürň we olaryň haýsy ýöňkemededigini aýdyň. ARÇABILIŇ AÝDYMY
Şygryn mazmunyny öz sözleriňiz bilen aýdyp beriň * * * 212-nji gönükme.Sözlemleri okaň we nokatlaryň ýerine degişli ýöňkeme goşulmasyny ýazyp göçüriň. Meniň jigi... çagalar bagyna gatnaýar. Onuň akyllyja ýoldaşlar... bar. Senin jigi... näçe ýaşynda? Meniň aga... obada işleýär. Biziň oba... şaheriň golaýynda. Siziň okuw... haçan başlanýar? * * * 213-nji gönükme. Ýayyň içindäki atlary degişli ýöňkeme de getirip, sözlemleri depderiňize göçüriň. Biziň (oba) deňziň kenarynda ýerleşýär. Obamyzyň (adamlar) balyk tutýar. Meniň (daýy) balykçy. Seniň (daýy) barmy? Siziň (tamdyra) barmy? (Kaka) tamdyra çalyp bilýärmi? Saparyň (dogan) sazanda. Nusga: Biziň obamyz deňziň kenarynda ýerleşýär. Atlara goşan ýöňkeme goşulmalaryňyzy aýdyp beriň. * * * 214-nji gönükme. Aşakdaky atlara belli bir ýöňkeme goşulmasyny goşup, hersini bir sözlemde ulanyň we depderiňize ýazyň. Mekdep, kitap, tor, galam. Nusga:Biziň mekdebimiz owadan hem uly. kitabymyz * * * 215-nji gönükme.Bu atlary ýöňkeme bilen üytgedip, depderiňize ýazyň we ýöňkeme goşulmalaryňy aýdyp beriň. Göle, ige, nar. Nusga: Meniň göläm. Biziň gölämiz. Seniň göläň. Siziň göläňiz. Onuň gölesi. Olaryň gölesi. * * * 216-nji gönükme. Sözlemleri okaň. Ýöňkeme bilen üýtgän atlary saýlap göçürň we olaryň goşulmasyny aýdyp beriň 1. Meniň baş sany kepderim bar. 2. Siziň topuňyz barmy? 3. Güýz düşdi. Baglaryň ýapragy dökülip başlady. 4. Mallarymyz oňat gyşladylar. 5. Siziň mekdebiňiz ýaryşa gatnaşyarmy? * * * 217-nji gönükme. Hekaýajygy okaň. Ýoňkeme bilen üýtgän atlary aýdyň. Has gara ýazylan sözleri ýöňkemeleriň ählisi bilen üytgedip, depderiňize ýazyň. Biziň bir alaja güjügimiz bardy. Ony kakam uzak obadan ýörite getiripdi. itim kiçijik bolsa-da, dogumlyjady. Berýän çöregimiz, naharymyz iýilman durmazdy. G. Seýitmedow, «Biziň myhmanlarymyz». Dogumly diýen sözüň manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň. * * * 218-nji gönükme. Nokatlaryn ýerine degişti ýöňkeme goşulmasyny ýazyp, sözlemleri göçüriň. 1. Siziň öý... haýsy köçede? Biziň oy... obada. Oba... gaty uly we baglyk. 2. Senin dost...kim?onuň ýoldaş... näçenji klasda okaýar? 3. Derýanyň suw... süýji bolýar, deňziň suw... ajy bolýar. * * * 219-nji gönükme. Okaň we göçüriň. ilki menlik, soňra senlik, iň sonuňdan olluk ýöňkeme däki atlary ýazyň. Owlagym, owlagymyz, obaňyz, obasy, depderiň, kitabyňyz, depderim, ýapragy, çemçämiz, demri, galamyň, depderi, köýnegim, joraňyz, guşumyz, keçäňiz, halysy, itiniz, dosty, ädigim. Nusga: /. Owlagym, owlagymyz, 2. Obaňyz, depderiň, ... 3. Ýapragy, demri, ...
* * * 220-nji gönükme. Hekaýajygy okaň we dilden mazmunyny aýdyp beriň. AWçY WE ONUŇ AGTYGY Güýz günleriniň biridi. Durdy mergen eşekli awa gitdi. Ol özi bilen agtygy Saryny hem alyp gitdi. Bular beýik daga bardylar. Dagda sowuk suwly çeşmeler, gök öwüsýän baglar köp. Durdy mergen otlap ýören keýikleri gördi. Olary atjak boldy. Emma Sary atasyna ýalbardy: Ata, atmasana. Gör, olar nähili owadan! Yöňe synlap oturmaly. Durdy mergen keýikleri atmady. Hekaýajygyň mazmuny boýunça meyilnama düzüp, depderiňize ýazyň. * * * 221-nji gönükme. Soraglary okaň we olara dilden jogap beriň. Bu sözlemlerdäki atlaryň haýsy ýöňkemededigini, goşulmasyny aýdyň. 1. Meniň kitabym kimde? 2. Biziň ýoldaşymyz kim? 3. Seniň ýoldaşyň nirä gitdi? 4. Siziň daýhan birleşigiňiz näme ekýär? 5. Onuň kakasy nirede işleýär? 6. Olaryň galamy bardymy? |