|
8. ATLAR b) ATLARYŇ SAN BÍLEN ÜÝTGEÝSI
186-nji gönükme. Suratlaryň adyny okaň we olara degişli soraglara jogap beriň.
1. Suratlaryň haýsysy bir zady, haýsysy köp zady aňladýar? 2. Köp zady aňladýan atlaryň asyl sözüni we goşulmasyny aýdyp beriň. * * * 187-nji gönükme.Äşäkdaky atlary okaň we olary nusgadaky ýaly edip, depderiňize göçüriň. Degirmen, depderler, keçe, köşek, ene, eneler, köşekler, yorgan, çaga, oglanlar, tilkiler, çekiçler, mugallymlar, nar, mugallym, depe, baglar. Nusga:
Köp zady aňladýan atlaryň asyl sözüni we goşulmasyny aýdyp beriň
* * * 188-nji gönükme. Sözlemleri okaň we göçüriň. Has gara ýazylan atlaryň haýsysynyň birlik, haýsysynyň köplük sany aňladýandygyny aýdyň. 1. Oglan ýerinden turdy. Oglanlar mekdebe barýar. Gyz surat çekýär. Gyzlar oýnaýar. 2. işçi işden geldi, işçiler işden gelýärler. 3. Bu kepderiler uçdumy? Köplük sany aňladýan atlaryň goşulmasyny aýdyň.
* * * 189-nji gönükme.Hekaýajygy okaň. Köplük sanda ulanylan atlary aýdyň we olary depderiňize göçüriň. ÝAGYŞ Öten agşam gök gürläp, ýyldyrym çakdy. Güyçli gelen çabga köçeleri suw-sil etdi. Häzir eýýäm köçeler çalygypdyr. Diňe agaçlaryň göm-gök ýapraklarynda ýagyş düwmejikleri gün nuruna bulduraşýar. Bu wagt adamlar işe howlugyp barýar. Oglanlar mekdebe barýar. Cagalaryň ellerinde gül desseleri bardy. Ol güller edil çagalaryň özleri ýaly ýaşajykdy. (A. Gurbanow, «Çigildem güli»). Nusga: köçeler, agaçlaryň, ... Ýagyş diýen hekaýajyga degişli meýilnama düzüň.
* * *
190-nji gönükme. Aşakdaky atlary okaň. Birlik sany aňladýan atlary biraýry, köplük sany aňladýanlary biraýry göçüriň. Dutar, halta, çebişler, daýhan, daýhanlar, yaprak, oturgyç, itler, öküz, goýun, geçiler, ördek, gapy, jüýjeler, ördekler, ýapraklar, ussalar, şäher, obalar, käkilikler, işçiler. Käkilik diýen sözüň manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň. * * * 191-nji gönükme. Birlik sandaky atlary köplük sana öwrüp, depderiňize ýazyň. -lar goşulmasynyň ýogyn çekimlili sözlere, -ler goşulmasynyň inçe çekimlili sözlere goşulýandygy ýadyňyzda bolsun. Guş, pişik, parta, depder, çemçe, okuwçy, tikinçi, kelem, käşir, tilki, şagal, gumry, düýe, köşek, gurjak, owlak, demir, dag, deňiz, ýaprak, bag, torgaý, serçe. Nusga: guşlar, pişikler, ... * * * 192-nji gönükme. Sözlemleri okaň we göçüriň. Birlik sandaky atlaryň aşagyna bir çyzyk, köplük sandakylara iki çyzyk çyzyň. 1. Baglaryň ýapraklary saralypdyr. Üzümiň ýapragy dökülipdir. 2. Okuwçy galam aldy. Okuwçylar galamlaryny partada goýdular. 3. Oglanlar we gyzlar geldiler. Çagalar kitap aldy. 4. Pagtaçylary oňat garşyladyk. * * * 193-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan atlaryň haýs y sandadygyny aýdyň. AŞGABAT Aşgabat şäheri ýurdumyzyň owadan şäherleriniň biridir. Aşgabatda owadan we gin köçeler, beýik jaýlar, göm-gök baglar bilen bürelen seýilgähler, onlarça çagalar bagy, mekdepler, ýokary okuw jaýlary bar. Çagalar, ulular üçin ýörite kitaphanalar işleýär. Aşgabadyň iň oňat hem owadan, bagly köçeleriniň biri Magtymguly şaýoludyr. Bu şaýolunyň ugrunda onuň ýadygärligi bar. Ony çagalar baryp görýärler. Aşgabatda maşyn, trolleýbus gatnawy köpdür. Islän ýerine maşynly barmak bolýar. Ýokarky ýazgynyň mazmunyny öz sözleriňiz bilen aýdyp beriň
* * * 194-nji gönükme. Birlik sandaky atlara köplük sanyň goşulmasyny goşup, depderiňize göçüriň.
* * * 195-nji gönükme. Köplük sandaky atlary birlik sana öwrüp, depderiňize ýazyň. Garlawaçlar, almalar, çekiçler, dutarlar, owlaklar, bedreler, balyklar, deňizler, ýumurtgalar, ördekler, halylar, stollar, käseler, atlar, daýhanlar. * * * 196-nji gönükme.. Özüiňizden birlik we köplük sandaky atlaryň her birine üç söz tapyp, sözlem içinde getiriň hem-de depderiňize ýazyň. |