8. ATLAR                   

a) HAS WE JYNS ATLAR

167-nji gönükme. Sözlemleri okaň we kim?, näme?, nire? diýen soraglara jogap bolýan sözleri aýdyp beriň.

Ata gelýär. Daýym işleýär. Galam aldym. Aşgabat Türkmenistanyň paýtagtydyr. Daýhanlar kelem ýygýarlar.

Arçman Asgabadyň günbatar tarapynda ýerleşyär. Meret kitap okaýar.

Kim?, näme?, nire? diýen soraglara jogap bolýan sözlere atlar diýilýär.

168-nji gönükme. Sözlemleri okaň we göçüriň. Degişli soraglar arkaly atlary tapyp, aşagyny çyzyň.

Jeren surat çekyar. Mugallym okadýar. Ussa gapy ýasaýar. Garrygala daglyk ýer. Tejen Aşgabadyň gündogar tarapynda ýerleşýär.

Mary gadymy şäherlerinň biridir.

* * *

169-nji gönükme.   Sözlemleri   ilki  okaň,  soňn göçüriň. Kim?, näme?, nire? diýen soraglara jogap bolýan sözleriň aşagyny çyzyň.

Sona terbiýeçi bölüp işleýär. Çagalar surat görýärleı Balkanabat uly şäherleriň biridir. Tejende pagta köp ekilyär.

Kakam Lebaba myhmançylyga gitdi. Okuwçylar top oýnaýärlar. Türkmenistanda gawun, garpyz, hyýar, pomidor ýaly gök önümler ýetişdirilýär.

Türkmenistan

Aşagyny   çyzan   sözleriňize   nähili   sözler diýilýändigini aýdyň.

* * *

170-nji gönükme.Hekaýajygy okaň. Has gara ýazylan sözleriň haýsy soraglara jogap bolýandygyny we olara nähili sözler diýilýändigini aýdyň.

KÖWÜK

Çagalar, siz köwük diýilýan haýwany bilýärsiňizmi? Oňa gum pisigi-de diýilýär. Köwük pişige görä ulurak. Pişik ýaly ala-mula däl-de, goňras haýwan. Köwük gaty gaharjaň. Ony boş el bilen tutjak gümanyň ýok.

Ol üstüni aldyraýsa, adama topulmaga-da taýyn. Köwük çöllerde gezyär. Alaka, syçan iýip oňýar.

A. Orazmyradow, «Köz çokaň togdary».

Hekaýajygyň mazmunyny öz sözleriňiz bilen aýdyp beriň.

* * *

171-nji gönükme. Her soragyň gapdalyndan şol soraga jogap bolýan alty sany at sözüni ýazyň.

Kim?— Näme?— Nire?—

Nusga:       Kim? — Öwez, işçi, ..

Näme? — käkilik, kagyz, ...

Nire? — Bäherden, Türkmenabat, ...

* * *

172-nji gönükme. Her surata degişli soragyň jogabyny depderiňize ýazyň we atlaryň aşagyny cyzyň.

Bu kim?                         Bu kim?

Bu kim?

Bu kim?

Bu näme?

Bu näme?

Bu näme?

Bu näme?

Nusga: Bu sazanda.

* * *

173-nji gönükme. Hekaýajygy okaň. Has gara ýazylan sözleriň haýsy soraga jogap bolýandygyny we o|gra nähili sözler diýilýändigini aýdyň.

Suw ýasaýşyň gözbaşydyr. Durmuşy suwsuz göz öňüne getirmek mumkin däl. Adamlar, haýwanlar, ösümlikler hem suwsuz ýaşap bilmezler.

Şonuň üçin suwy zaýalaman, tygşytly ulanmak her birimiziň borjumyzdyr. Halkymyz suwuň her damjasyny altyna deňeýär.

Her ýylyň aprel aýynda suw baýrámyny uSuw damjasý - altyn dänesi" ady bilen belläp geçyäris.

Häzirki wagtda Beýik mertebeli Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşy ýurdumyzda bol suw goruny döretmek ugrunda köp işleri durmuşa geçirýär. Merkezi Garagumda dörediljek köl hem bu ugurdaky işlerin esasylarynyň Biridir.

1.  Hekaýajygyň mazmunyna laýyk sözbaşy tapyň.

2.  Gör sözüniň manysyny düşündiriň.

damja

174-nji gönükme. Sözleri okaň. Soňra nusgada görkezilişi ýaly edip, olary depderiňize göçüriň.

Adam, işçi, serçe, kepderi, Oraz, Büzmeyin, Arçabil, doganym,

Myratdurdy, tilki, agaç, goýun, daýhan, lukman, demir, Daşoguz,

Bereket, torgaý, Türkmenabat, Mary, Aşgabat.

Nusga:

Kim? diýen soraga jogap bolýanlar.

Näme? diýen soraga jogap bolýanlar.

Nire? diýen soraga jogap bolýanlar.

Adam

işçi

....

serçe

kepderi

....

Büzmeýin

Arçabil

....

1. Göçüren sözleriňize nähili sözler diyilýändigini aýdyň.

2. Lukman sözilniň manysyny sözlükden öwreniiň.

* * *

175-nji gönükme.Okaň we atlary saýlap, goşulmasyz asyl söz görnüşinde depderiňize göçüriň.

Çaryýew obadan düýn geldi. Ata guşlara iým berdi. Doganym bazardan erik, alma, şetdaly aldy. Aşyr Tejene gitdi.

Anna Arçabilde dynç alar. Gaz geçse, gapyňy aç, durna geçse, durlugyňy yap.

Nusga: Çary, oba, ...

* * *

176-nji gönükme. Aşakdaky sözleri okaň we olara berilýän soraglary aýdyp beriň


Etrek (...?)

Mary(...?)

tikinçi(...?)

Gözel(...?)      

ädikçi(...?)   

tokly(...?)  

serçe(... ?)   

mugallym(...?)  

Balkanabat(...?) 

sygyr(...?)  

               owlak(...?)

bagşy (...?) 

galam(...?)

owuk(...?)

injir(...?)

Annajemal(...?)

Baýramaly (... ?)

öküz(...?)

adik(...?)

Tawus(...?)

Bu sözlere nähili sözler diýilýär?

injir

177-nji gönükme. Özüňizden kim?, näme?, nire?

diýen soraglaryň her birine jogap bolýan yedi sany söz tapyp, depderiňize ýazyň. Ol sözlere nähili sözler diýilýändigini aýdyň.

* * *

178-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözlerin nämäniň adyny aňladýandygyny we olaryň birinji harpynyň baş harp bilen ýazylmagynyň sebäbini aýdyň.

Sapar, galam, torum, Gözel, Jahan, Tejen, Kiýew, ülje, it, Aždar, ýagyş, at, Meleguş, Aşgabat? sygyr, top, Moskwa, derýa, suw, Amyderýa, Murgap, dag, Balkan, Köpetdag.

Bu atlaryň baş harp bilen ýazylanlaryny biraýry, beýlekilerini biraýry göçüriň.

Atlar iki hili bolýar: 1. Has atlar. 2. Jyns atlar. Adamlara,   obalara,   şäherlere,   daglara, derýalara,  haýwanlara dakylýan  atlara has atlar diýilýär. Has atlaryň birinji harpy baş harp bilen ýazylýar.

Meselem: Ata,   Gökdepe, Köpetdag, Murgap, Aždar.      

Umumy zatlary, düşünjeleri bildirýän atlara jyns atlar diýilýär. Jyns atlaryň birinji harpy setir   harpy  bilen   ýazylýar.  

Meselem:   dag, dere, el, galam, ülke, mekdep, ýelim, adam, guş.

179-nji gönükme. Sözleri okaň we olaryň haýsysynyň has, haýsysynyň jyns atdygyny aýdyp beriň.

Balkanabat, Orazow, gurjak, öý, Maral, ördek, gaz, el, Aždar, Akýaýla obasy, Garagan obasy, Türkmenbaşy, Serdar, ýorgan, keçe, düşek, injir, Küren dagy, Tejen derýasy, "Täze ýol" daýhan birleşigi, Aynagözel, kitap, guşak, horaz, jüýje, Meredowa.

Has atlary saýlap göçürň we olaryň ilkinji harpynyň nähili harp bilen ýazylýandygyny aýdyň.

horaz

* * *

180-nji gönükme. Sözlemleri okaň we göçüriň. Jyns atlaryň aşagyny çyzyň.

Biz Bamy obasynda ýasaýarys. Biziň obamyz demir ýoluň boýunda ýerlesýar. Daýhan birleşigimiz Magtymguly Pyragynyň adyny göterýar.

Obamyz köp pagta ekýär. Pagtadan bol hasyl alýar.

* * *

181-nji gönükme. Sözleri okaň we göçüriň. Jyns atlaryň aşagyny çyzyň we olaryň ilkinji harpynyň nähili harp bilen ýazylýandygyny aýdyň.

1. Myrat dukändan kitap, galam, depder aldy. Ol mekdebe gitdi. Myrat surat çekýar. 2. Galýa bilen Bahar howluda oýnadylar, gül ýygdylar. Kiçijik bedre bilen suw çekdiler.

* * *

182-nji gönükme. Hekaýajygy okaň we has atlary saýlap , depderiňize  göçüriň.

Azat Jaňly obasynda ýaşaýar. "Ýagtylyk" hem-de "Azatlyk" daýhan birleşikleri bu oba degişli. Azat üçünji klasda okaýar.

Jeren, Gözel, Maksat, Soňa dagy hem Azat bilen bir klasda okaýarlar. Azat sapaklaryna örän oňat ýetişýär. Ol Çary, Ata, Mergen daga hem kömek berýär.

Göçüren sözleriňiziň. ilkinji harpynyň baş harp bilen ýazylmagynyň sebäbini düşündiriň.

* * *

183-nji gönükme. Hekaýany okaň we has gara ýazylan sözleriň nähili atdygyny aýdyň.

Merdan aga köpi gören adanı.  Ol bütin ömrüni daýhançylyk bilen geçiripdir. Merdan aga däneçilik, pagtaçylyk, bakjaçylyk ýaly ekinlerden bol hasyl almagyň syrlaryny  oňat bilýär.

Onuň bugdaýyň, pagtanyň, gök öňümleriň ekiliş düzgünleri, olara seretmegiň ýollary baradaky bize berýän gyzykly gürrüňlerini Çary, Oraz, Sapar, Mergen dagymyz hezil edinip diňleýäris.

Hekaýanyň mazmunyna laýyk gelyän sözbaşy tapyň.

* * *

184-nji gönükme. Okaň we diňe has atlary göçürip alyň.

Aşgabat şäheriniň gündogar tarapynda uly aýlaw bar. Bu aýlawa "Watan", 'Täze ýol", Altyn aý" daýhan birleşiklerinden, Bagyr, Änew, Garadamak obalaryndan atlar gelipdir. Bu gün uly at çapyşygy geçirilýär.

At çapyşygyna tomaşa etmek üçin Daşoguz, Mary, Serdar şäherlerinden gelenler-de bar.

Biziň daýhan birleşigimiziň iň oňat atlaryndan Meleguş, Akguş, Garlawaç, Ýyldyrym ýaly atlar getirilipdir, Ilkinji ýaryşda birinji yeri Herrikgala obasyndan Garaguş eýeledi.

1.  Göçürip alan sözleriňiziň. ilkinji harpynyn baş
harp bilen yazylmagynyn sebäbini düşündiriň,

2.  Bu   ýazga   sözbaşy  goýňuň  we   oňa   degişli
meýilnama ýazyň.

Meýilnama:

1. Aşgabadyň golaýyndaky aýlaw.

2.

3.

* * *

185-nji gönükme. Sözlemleri okaň. Has gara ýazylan sözleriň nähili atdygyny aýdyň. Mas atlary depderiňize göçüriň.

Biziň ýurdumyzda Köpetdag, Küren, Hasar we

Balkan daglary bar. Daglarda arça we beýleki ösümlikler ösyär. Türkmenistanda birnäçe derýalar hem bar. Olaryň suwunyň pagta we beýleki ekin meýdanlary üçin oran uly ähmiýeti bardyr. Murgabyň, Amyderýanyň kenarlarynda köp pagta ekilýar, Pagta biziň baýlygymyzdyr.

1.  Göçüren sözleriňiziň. nämäniň adydygyny we
olarýň  nähili harp bilen ýazylýandygyny aýdyň.

2.   Kenar sözüniň manysyny düşündiriň we sözlük
depderiňize ýazyň.