c) Söz üýtgediji   goşulmalar

131-nji gönükme.Sözlemleri okaň. Sözleriň asyl bölegini we goşulmasyny aýdyp beriň

1. Zähmet adama bagt getirýär.

2. Egri azar, dogry ozar.

3. Biz Watanymyzy tüýs ýürekden söýýäris. 

4. Biziň ýurdumyzda hemme adamlar deň hukukly.

Birinji sözlemiň manysyny düşündiriň.

* * *

132-nji gönükme. Dik çyzygyň çep we sag tarapyndakylary deňeşdirip okap görüň, haýsylarynyň manysynyň düşnüklidigini aýdyň.


Men galam.

Sen galam.

Aşgabat gel .

Adam git.

Biz gel.

Meniň galamym.

Seniň galamyň.

Aşgabatdan geldi .

Adamlar gitdi.

Bize gelýär.

Söz üýtgediji   goşulmalar täze manyly söz ýasamaýar.Olar sözlemdäki sözleri  biri-birine baglamaga  hyzmat  edýär. 

Meselem: Atamyň depderi.   Şäherden   geldik.   Biziň   klasymyz.

 Oglanlar geldiler.

* * *

133-nji gönükme. Sözleri okaň we göçürň, -lar, -ler goşulmasynyň aşagyny çyzyň.

Adamlar,   okuwçylar,   depderler,   çöller,   galamlar, köçeler, güller, kitaplar, göleler.


-lar,    -ler   goşulmasynyň söz üýtgediji goşulmadygyny ýadyňyzda saklaň.


adamlar

* * *

134-nji gönükme. Okaň we göçüriň. Söz üýtgediji   -lar, -ler goşulmasynyň aşagyny çyzyň.

1. Çagalar oýnamaga gitdiler. Olar ýabyň boýunda oýnaýarlar.

2. Okuwçylar okuwdan gelýärler. Depeler, daglar buluda bürendiler.

Depe, dag sözleriniň manysyny sözlükden öwreniň.

* * *

135-nji gönükme. Bu sözleri nusgadaky sözleriň üytgeýşi ýaly üýtgedip, depderiňize göçüriň.

Towşan, galam, depder.

Nusga: 

Meniň towşanym.

Seniň towşanyň.

Onuň towşany. 

Biziň towşanymyz.

Siziň towşanyňyz.

Olaryň towşany.

1.    Üýtgeden   sözleriňiziň.   asyl   bölegi   bilen
goşulmasyny aýdyp beriň

2.  Şunuň ýaly sözleri biri-birine baglamaga hyzmat edyän goşulmalaryň söz üýtgediji  goşulmalardygyny ýadyňyzda saklaň.

* * *

136-nji gönükme. Okaň we göçüriň. Söz üýtgediji   goşulmalaryň aşagyny çyzyň.

Meniň bagym.

Seniň bagyň.

Onuň bagy.

Meniň guşagym.

Seniň  guşagyň. 

Onuň  guşagy.



Biziň bagymyz.

Siziň bagyňyz.

Olaryň bagy.

Biziň guşagymyz,

Siziň guşagyňyz.

Olaryň guşagy.

bagymyz

* * *

137-nji gönükme. Göçüriň. Has gara ýazylan sözlerdäki söz üýtgediji   goşulmalaryň aşagyny çyzyň.

Meniň galamym bar.Seniň depderiň barmy?

Onuň dosty oňat. Biziň obamyz baglyk.

Siziň obaňyz hem gowy. Olaryň kitaby täze.

* * *

138-nji gönükme. Sözleri okaň. Has gara ýazylan sözleri göçürip alyň. Olara goşulan goşulmalaryň aşagyny çyzyň.

Amanyň surat depderi bar. Ony Amana kakasy alyp berdi. Biz Amany gowy görýäris, sebäbi ol akylly hem tertipli. Amanda dürli galamlar bar. Men Amandan surat çekmegi öwrenýärin.

Aşagyny çyzan goşulmalaryňyzyň söz üýtgediji   goşulmalardygyny ýadyňyzda saklaň.

* * *

139-nji gönükme. Sözlemleri okaň. Gözel we Sapar sözlerine goşulan söz üýtgediji   goşulmalary aýdyp beriň

Gözeliň we Saparyň oňat ýoldaşlary bar. Olar ikinji klasda okaýarlar. Gözele we Sapara sylag berdiler. Gözeli, Sapary hemişe okalgada görmek bolýar.

Gözelde we Saparda oňat ukyp bar. Gözelden, Sapardan görelde alalyň.

Bu ýazgynyň mazmunyna laýyk sözbaşy tapyň.

* * *

140-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözlere goşulan söz üýtgediji   goşulmalary aýdyp beriň

ÝÜŇÜŇ  PEÝDASY

—   Çagalar, goýnuň ýüňünden näme edilyär? — diýip, mugallym sorady.

—   Jorap.

— Ellik   —   diýip,   dumly-duşdan  jogap   berdiler.

Mugallym:

—  Dogry, çagalar, olaryň hemmesi ýüňden edilyär. Ýene nämeler edilyär? — diýdi. Gurbangül ýerinden turup:

—    Keçe   etmek   mümkin   —   diýip  jogap   berdi.
Mugallym:

—   Dogry,   ondan  haly  hem  dokaýarlar.   Çagalar,
türkmen   halylary   nähili   owadan!   Olary   ýüňden
dokaýarlar. Bizde ussat halyçy gelin-gyzlar kän —
diýende, kiçijik Aýperi:

—   Menem  ullakan  bolanymda  haly  dokaryn  —
diýip seslendi.

(G. Rejebowa, «Kiçijik çopan»).

Keçe, haly sözleriniň manysyny düşündiriň.

* * *

141-nji gönükme. Nokatlaryň ýerine degişli söz üýtgediji   goşulmalary ýazyp, sözlemleri göçüriň.

Meniň dogan... şäherde işleýär. Ol her gün irden iş... gidýär. Sen... doganyň nirede işleýär? Sen şu gün şäher... gitjekmi? Daýym şäher... ýaşaýar. Olaryň ýaşaýan şäher... uly hem owadan.

* * *

142-nji gönükme. Ýaýyň içindäki söz üýtgediji   goşulmalaryň degişlisini öň ýanyndaky söze goşup, ýazgyny göçüriň.

MÜÇE  ÝYLLARY

Müçe ýyl hasaby(-na, -ne) türkmenler(-da,-de) "Çarwa hasaby"

hem diýilýär. Çarwa hasaby boýunça her on iki ýyl(-yň, -iň) bir müçe bolýar.

Müçe ýyllarynyň hersi bir jandar(-iň, -yň) ady(-ny, -ni) aňladýar.

Olar şulardyr: syçan, sygyr, bars,

towşan, luw, ýylan,

ýylky, koý, bijin,

takyk, it, doňuz.

Müçe ýyllary diýen söz düzüminiň manysyny owreniň we sözlük depderiňize ýazyň.

* * *

143-nji gönükme. Okaň we bulary nusgada görkezilişi ýaly edip, depderiňize göçüriň.

Sagatçy, sagatly, demirçi, doganym, goýunlar, otluk, süzgüç, agajyň, Durdynyň, Durdudan, suwçy, galamlar, çörekçi, kitaply, galamyň, galama, galamda, ädikçi, köýneklik.

Nusga:

Söz ýasaýjy   goşulmaly sözler.
Söz üýtgediji   goşulmaly sözler
Sagatçy

sagatly

doganym

goýunlar

* * *

144-nji gönükme. Hekaýajygy okaň. Has gara ýazylan sözleriň asyl sözüni we söz üýtgediji   goşulmasyny aýdyň.

GÖZELIŇ HATY

Gözeliň kakasy her gün stoluň başyna geçip işleýär. Ony görüp, Gözeliň hem hat ýazasy geldi.

Gözel kakasyndan kagyz, galam aldy. Özüçe bir zatlar ýazmaga oturdy.Onuň ýazan hatyna hiç kim düşünmedi, Gözeliň özi welin, onuň nämedigini bilýärdi. Ol "eje" hem-de "kaka" diýip ýazypdy.

Hekaýajygyň mazmunyny dilden aýdyp beriň.

* * *

145-nji gönükme. Aşakdaky meýilnama boýunça «Gözeliň haty» diýen hekaýajyk esasynda beýannama ýazyň.

Meýilnama:

1.  Gözeliň kakasy.

2.  Gözelde dörän höwes.

3.  Gözeliň hat ýazyşy.

4.  Gözeliň ýazan sözleri.

Höwes sözüniň manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň.