|
6. GEÇILENLERI GAÝTALAMAK 122-nji gönükme. Sözlemleri okaň we ikinji bognundan y, i, u, ü çekimlileri düşüp galan sözleri aý dyň. 1. Tomsuna biziň ýurdumyz yssy bolýar. 2. Hazar deňziniň kenary birneme salkyn. 3. Çagalar, hiç kimiň göwnüne degmän. 4. Meret sygryna ot ýygýar. 5. Meniň daýymyň ogly goşunda güllük edýär. Ikinji bognundan y, i, u, ü çekimlileri düşüp galan sözleri depderiňize göçüriň.
123-nji gönükme. Bu sözleriň yzyna çekimli sese başlanýan goşulma goşup, depderiňize ýazyň.
Nusga: ogul-ogly, çagyl-çagly, ... 1. Bu sözleriň soňy haýsy çekimsizler bilen gutarýar? 2. Şular ýaly sözlere çekimli bilen başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundan haýsy çekimliler düşüp galýar? 3. Owuz sözüniň manysyny sözlükden öwreniiň. * * * 124-nji gönükme. Ýayyň içindäki goşulmalary olaryň öň ýanyndaky sözlere goşup göçüriň. ikinji bogundan y, i, u, ü çekimlilerini düşüp galýandygny unutmaň. 1. Kümüş(-ün) ogul(-y) ikinji klasda okaýar. Ol küşt oýun(-uny) halaýar. 2. Sygyr(-y) suwa ýakyň. 3. Biz deňiz(-iň) kenaryna gezelenje gitdik. 4. Ene-atanyň göwün(-üni) ýykmaň. Dördünji sözlemiň manysyny düşündiriň.
* * * 125-nji gönükme. Ýazgyny okaň we has gara ýazylan sözleri asyl sözi bilen goşulmasynyň arasyna goşmak goýup göçüriň. AK ALTYN Biz pagta "ak altyn" diýýäris. Pagtadan oňat matalar emele gelýär. Pagtadan emeli usul bilen ýüpek mata, teletin, rezin we başga zatlar edilýär. Gowaçanyň çigidinden ýag, sabyn, sarun emele gelýär, Biziň ýurdumyz Gowaçanyň köp ekilýän ýerleriniň biridir.
* * * 126-nji gönükme. Tapmaçany okaň. Has gara ýazylan sözleriň asyl sözüni we goşulmasyny aýdyň.
Tapmaçanyň manysyny aýdyň. * * * 127-nji gönükme. Aşakdaky sözleri nusgada görkezilişi ýaly edip, depderiňize ýazyň. Sagatçy, sagatly, sagatsyz, işçi, işgär, işli, otly, otluk, otag, ellik, ýüzgür, ýüzlük, deňle, deňlik. Nusga:
* * *
Tapmaçanyň manysyny aýdyň
* * * 129-nji gönükme. Sözlemleri okaň we has gara ýazylan sözleri nusgada görkezilişi ýaly edip göçüriň. 1. Men köwşümi her gün agşam süpürip goýýaryn. 2. Tomsuna çagalar dynç alýarlar, sagaldyş meýdançalaryna gidýärler. 3. Oraz getiren zatlarynyň hemmesini gapynyň agzynda goýup gidipdir. 4. Myrat maşynyň tigriniň aýlanyşyny synlapdyr. 5. Özüňden ulyny sylamak edeplilikdir. Nusga:
* * * 130-nji gönükme. Şygry labyzly okaň we mazmunyny gürrüň edip beriň
|