b) SÖZ ÝASAÝJY GOŞULMALAR

103-nji gönükme. Sözleri üns berip okaň. Asyl sözleriň goşulmaly we goşulmasyz ýagdaýda dürli many aňladýandygyna üns beriň,

Or-orak 

Ek-ekin  

Balyk-balykçy 

suw-suwçy  

döw-döwek

aýak-aýakly 

iş-işçi.

el-ellik.

okuw-okuwçy.

            

* * *

104-nji gönükme. Okaň. Bularyň asyl sözüni we goşulmasyny aýdyp beriň,

Okuwçy, oturgyç, ekin, otluk.

1. Ýokarky sözleriň asyl sözleriniň manysyny düşündiriň.

2.  Bu sözleriň goşulmalyka aňladýan manysyny aýdyň.

3.  Ýokarky   sözleri   asyl   söz   görnüşinde   we goşulmaly   ýagdaýda   sözlem   içinde   getirip, depderiňize ýazyň.

Nusga:Okuw başlandy. Okuwçy mekdebe barýar.

okuwcy


Goşulmalar   iki   topara   bölünyär.  

1.   Söz ýasaýjy   goşulmalar.  

2.   Söz   üýtgediji goşulmalar.

Söz ýasaýjy goşulmalar goşulan sözlerinden täze manyly söz ýasaýar.

Meselem: suw-çy, el-likf iş-çi.

105-nji gönükme. Okaň. Bularyň asyl sözüni we olara goşulan sözýasaýjy goşulmalary aýdyň.

Otluk, dişle, işçi, oturgyç, tutluk, ýarak, çörekçi, ekin, etrekli, pagtaçy.

Ýokarky sözleri asyl sözi bilen söz ýasaýjy goşulmasynyň arasyna kese çyzyk goýupf depderiňize göçüriň.

Nusga: ot-luk, diş-le, ...

Otluk, işçi, ekin sözleriniň goşulmasyz we goşulmaly ýagdaýda aňladýan manylaryny düşündiriň.

* * *

106-nji gönükme. Hekaýajygy okaň. Has gara ýazylan sözleri asyl sözi bilen goşulmasynyň arasyna kese çyzyk goýup göçüriň.


AWÇY

Merdan aga belli awçy. Onuň akylly aw tazysy bar. Ol  awa  köplenç  daglyk, baýyrlyk ýerlere   gidýär. Käwagtlar   bolsa   obanyň günbatar   tarapyndaky "çöplük,   tokaýlyk   meý-danda  aw awlaýar.  Onuň tazyly  awa  gidip,   awsyz igelen wagty ýok.

Göçüren sözleriňizi. gosulmasyz we söz ýasaýjy goşulmaly ýagdaýda aňladýan manysyny düşündiriň.

günbatar

107-nji gönükme. Suw we ot sözleriniň gapdalyndaky söz ýasaýjy goşulmalary şol sözlere goşup, depderiňize göçüriň.


SUW

çy

ly

luk

suz

ar


ot

ly

luk

ar

a

süz

Suw we ot sözleriniň her birine nähili söz ýasaýjy goşulmalary goşandygyňyzy we olardan näçe söz ýasandygyňyzy aýdyň.

* * *

108-nji gönükme. Söz ýasaýjy goşulmalary asyl söze goşuň we olary sözlem içinde getirip, depderiňize ýazyň.

baş

la

lyk 

syz

çi

gär

le

surat

Nusga: Sen surat çekmage başla,

* * *

109-nji gönükme. Sözlemleri okaň we has gara ýazylan sözleriň asyl sözi bilen ýasaýjy goşulmasyny aýdyp beriň

Dutarçy dutaryny çalmaga başlady. Oňa gyjakçy hem goşuldy.

Olar myhmanlary aýdymly, sazly garşyladylar. Myrat üçünji klasda okaýar.

Ol sazy söýýär. Saz çalmagy öwrenýär. Ulalanda bolsa sazçylyk okuwuna girmek isleýär.

1.Ýokarky ýäzgyny mazmuny boýunça iki bölege bölüp, olaryň hersine degişli sözbaşy goýuň.

2.Dutar sözüniň manysyny sözlükden öwreniiň.

dutarçy

110-nji gönükme.Şygry labyzly okaň. Has gara ýazylan sözleri göçürip alyň. Olaryň asyl sözüni we söz ýasaýjy goşulmasyny aýdyp beriň

BAŞDA BELLIDIR

(Gysgaldylyp alyndy)

Boljak ýigit ýaşlykdan,    

Ol owwal başda bellidir.

Ula-kiçä özün aldyr,       

Deň bilen duşda bellidir.


Birewe ýoldaş bolanda,

Gatnaşyp, gardaş bolanda,

Ýagsy-ýaman iş bolanda,  

Çyn dost geňeşde bellidir.


Her kişiniň bolsa akly,      

Söz jaýynda sözlär hakly,

Uzak ýola agyr ýükli,     

iner gidişde bellidir.


Zelili diýer, serhoşlar,   

Ýorga münüp, ýüwrük goşlar,

Eýesin islän derwüşler   

Säher gözyaşda bellidir.

Zelili.


1.Ýüwrük sözüniň manysyny sözlükden öwreniiň.

2.   Göçürip   alan   sözleriňizdäki   söz   ýasaýjy goşulmalaryň her birini başga-da

birnäçe söze goşup, täze söz ýasaň.

* * *

111-nji gönükme.  Aşakdaky   asyl   sözlere  söz ýasaýjy goşulmalaryň degişlisini goşup göçüriň.

Galam

Kitap

Äýnek

-ly, li,

Balyk

ädik

aw

-çy, -çi

Nusga: /. Galam-galamly,... 2. Balyk-balykçy, ...

Göçüren sözleriňiziň. goşulmasyz hem-de goşulmaly ýagdaýda aňladýan manysyny düşündiriň.

* * *

112-nji gönükme. Aşakdaky sözlere ýaýyň içindäki goşulmalaryň degişlisini goşup, olardan täze many aňladýan söz ýasaň.

Ýag, süz, otur, ýol, el (-gyç, -yş, -lik, -güç, -daş).

Täze ýasan sözleriňiziň hersini bir sözlemde ulanyp, depderiňize ýazyň.

Nusga: Kakam oturgyç ýasady.

* * *

113-nji gönükme. Okaň. Oňa degişli sözbaşy tapyň we göçüriň. Ýasaýjy goşulma kabul eden sözleriň aşagyny çyzyň.

Biz oba gezelenje gitdik. Bize garry yzçy ýoldaş boldy. Ýol otluk hem çaýyrlyk eken. Bagtymyza yagyş ýagmady.

Aşagyny çyzan sözleriňiziň. asyl sözüni we ýasaýjy goşulmasyny aýdyp beriň.

* * *

114-nji gönükme. Bu asyl sözleriň hersine bir ýasaýjy goşulma goşup, depderiňize göçüriň.

Ýol, gaş, galam, otur, üzüm, bag, ot, diş, ýelim, ýaz, ek, güyç, okuw, pagta.

Nusga: Ýol-ýoldaş, gaş-gaşlak, ...

* * *

115-nji gönükme. Aşakdaky asyl sözleriň her birinden ýasaýjy goşulmalaryň kömegi bilen üç sany söz ýasap, depderiňize göçüriň.

Köýnek, iş, düz, diş.

Nusga: Köýnek- köýnekli, köýnekçe, köýneklik.

* * *

116-nji gönükme. Bu sözleri nusgada görkezilişi ýaly edip, depderiňize göçüriň.

Aý, aýlyk, aýsyz, iş, işgär, işçi, et, etlek, etli, ýaz, ýazyjy, ýazgy, selin, selinlik, gum, gumly, gör, göreç, görgür, düz, düzgün, düzlük.

Nusga:

Asyl sözler

Ýasaýjy goşulmaly sözler

Aýlyk

117-nji gönükme. Hekaýany okaň. Has gara ýazylan sözleriň asyl sözüni we ýasaýjy goşulmasyny aýdyp beriň

ABDY AWÇYNYŇ GÜRRÜŇI

Abdy awçy bir gezek öýüne gelende, obanyň çagalary onuň daşyna egrildi.

Ol gürrüňe başlady:

— Oglanlar, men bu guşy ele saljak bolup, kän selpedim.Onuň höwürtgesi uçut gaýanyň edil orta bilindedi. Biz soňky gezek şol ýere üç ýoldaş bolup gitdik.

Ynha giden bir düýpsüz uçut. Bir çopan ýigidi şoňa salladyk.

Ol bir çagaja guşy şypyrmasyna saldy, ony dişi bilen tutdy. Çopany çekip aldyk. Guş hakyky elguş bolup ýetişdi.

(A. Orazmyradow, «Kiçijik ilçi»).

Hekaýanyň mazmunyny aýdyp beriň

ýoldaş


118-nji gönükme. «Abdy awçynyň gürrüňi» diýen hekaýanyň mazmuny esasynda aşakdaky meýilnama boýunça beýannama ýazyň.

Meyilnama:

1.  Abdy awçynyň öýünde.

2.  Uçut gaýanyň bilindäki höwürtge.

3.  Çopan ýigidiň çaga guşy alşy.

4.  Ol guş nähili guş bolup ýetişdi?

Ýazan hekaýaňyzdaky ýasaýjy goşulmaly sözleriň asyl sözüni we söz ýasaýjy

goşulmasyny aýdyň.

Höwürtge sözüniň manysyny sözlükden öwreniň.

* * *

119-nji gönükme. Bu sözleri asyl bölegi bilen söz ýasaýjy goşulmalarynyň arasynda kese çyzyk goýup göçüriň.

Ýükçi, algy, bergi, tokaýlyk, duralga, geçelge, açar, maldar, süýtçi, suwluk, göklük, ýerli.

Nusga: yük-çi, ...

* * *

120-nji gönükme. Okaň we bularyň asyl sözüni aýdyp beriň Ýaýyň içindäki nokatlara derek olaryň asyl böleginden söz ýasaýjy goşulmalar arkaly täze sözler ýasap, depderiňize ýazyň.

Baglyk (...), duzly (...), etçi (...), halyçy (...), kitapçy (...).

Nusga: baglyk, (bagly, bagçylyk, bagban, ...), ...

* * *

121-nji gönükme. Asyl sözlerden -çy, -çi, -alga, -elde, -gy, -gi söz ýasaýjy goşulmalarynyň hersine bir söz ýasaň we olary sözlem içinde ulanyp, depderiňize ýazyň.

Nusga: dur-duralga. Awtobus duralgasynda garaşaryn.