|
5. SÖZ WE SÖZ BÖLEkLERİ a) ASYL SÖZ WE GOŞULMALAR 85-nji gönükme. Hekaýajygy okaň. Has gara ýazylan sözlerdäki goşmak (+) belgisiniň sag we çep tarapyndaky bölekleriň haýsynyň many aňladýandygyny, haýsynyň many aňlatmaýandygyny aýdyň. ENE
Biz ene+miň aýdan erteki+lerini hezil edip diňle+dik. Ýoldaşym enemden hoşal bol+dy. * * * 86-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözleri göçürip alyň we olaryň many aňladýan hem many aňlatmaýan bölegini aýdyp beriň AŞGABAT ŞÄHERI Aşgabat şäheri Türkmenistanyň paýtagtydyr. Ol soňky ýyllarda gün-günden gözelleşyär. Täze-täze, gelşikli jaýlar salynýar.onuň köçeleri abadanlaşdyrylýar, giňeldilýar. Akylyňy haýran edýän seýilgähler gurulýar. Ýakynda bina edilen Türkmenbaşynyň Ruhyýet köşgüni görmäge göz gerek. Bularyň hemmesi Beýik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyň atalyk aladasy bilen amala aşyrylýar. Biz mähriban Serdarymyza guwanýarys. Oňa berk jan saglyk we uzak ömür arzuw edýäris. Ýokarky hekaýanyň mazmuny boýunça aşakdaky başlanan meýilnamany depderiňize doly ýazyň. Meýilnama: 1. Aşgabat niraniň paýtagty? 2. 3. 4. Öwgi sözüniň manysyny sözlükden owreniň.
87-nji gönükme. Şygry labyzly okaň. Has gara ýazylan sözleriň asyl bölegini we goşulmasyny aýdyp beriň WATANYMA BUÝSANÝAN
Nazar Gullaýew. Adyl sözüniň manysyny sözlükden öwreniň. * * * 88-nji gönükme. Bu sözleriň asyl sözi bilen goşulmasynyň arasynda goşmak goýup göçüriň. Suwçy, suwly, suwuň, suwuk, suwa. Halyçy, halynyň, halylar, halydan, halyny. Kitaply, kitaplar, kitapdan. Mekdepden, mekdepler. Alýar, aldy, algy, almak, aljak. Nusga: suw+çy, suw+ly, suw+uň, ...
* * *
89-nji gönükme. Hekaýajygy okaň. Has gara ýazylan sözleri göçürip alyň. Olaryň asyl sözüni we goşulmasyny aýdyp beriň
OBANYŇ GELŞIGI Meýdanyň ot-çöpi eýýäm gurap giden-de bolsa, obany ikä bölyän giň ýabyň raýyşlary gök çaýyrlykdy. Obanyň ekerançylygyny suwa ýakýan bu ýap obamyzyň gelşigidi.onuň iki gyrasynda uly-uly toraňňylardyr söwütler howalanyp otyrdylar. Günortanyň yssysynda guşlaryň hemmesi şu baglara siňýärdi. Ýap dolup akýar. Oglanlar yssyda salkyn ýerleri agtarýar. Sowuk suwuň lezzeti aýry. Oňa bir girseň, asyl cykasyň gelmeýär. Raýyş, toraňňy sözleriniňmanysyny sözlükden öwreniiň. * * * 90-nji gönükme. Göçüriň. Sözleriň asyl sözüniň aşagyna bir çyzyk, goşulmasynyň aşagyna iki çyzyk çyzyň. Atanyň gyzy ikinji klasda okaýar. Gyzyň ady Gülje. Güljäniň jorasy şäherde yaşaýar. Şäherli çagalar obamyza gezelenje gelerler. * * * 91-nji gönükme. Sözleri okaň we olaryň asyl sözüni, goşulmasyny nusgadaky ýaly edip, depderiňize ýazyň. Kitaply, kitapdan. Ellik, eli, elden, işçi, işde, işli, işsiz, işim, işçiler. Mallar, malsyz, malyň. Güýz, güýzüne, güýzlük, güýzde. Gurmak, gurdy, gurýar. Berdi, berýär, berip. Nusga:
* * * 92-nji gönükme. Okaň we sözleri nusgada görkezilişi ýaly edip, depderiňize göçürň, Suw, top, suwçy, çörek, ogul, çörekçi, suwly, galam, göz, orakçy, depder, el, ýürek, bar, depderli, ellik, bardy, goş, düz, ýürekden, düzüp, goşýar. Nusga:
Goşulmaly sözleriň asyl sözüni we goşulmasyny aýdyp beriň. * * * 93-nji gönükme. Okaň we onuň mazmunyna laýyk sözbaşy tapyň. Biziň obamyz pagtaçylyk daýhan birleşigi. Obamyz her ýyl köp pagta ekýär. Daýhanlar pagtanyň bol hasylyny ýetişdirýärler. Şu ýyl olar bu baradaky tabşyrygy ýigriminji oktýabra çenli doldurarlar. Pagta biziň úly baýlygymyzdyr. Has gara ýazylan sözleriň asyl sözüni we goşulmasyny aýdyň, Şol sözleriň asyl sözüniň we goşulmasynyň çekimlisi nähili çekimli? Hasyl sözüniň manysyny sözlükden öwreniiň.
94-nji gönükme. Ýaýyn içindäki goşulmalaryň degişlisini onuň öň ýanyndaky asyl söze goşup, sözlemleri göçüriň. Biz(-yň, -iň) okuw(-ymyz, imiz) ir(-dan, -den) baş(-lanýar, -lenýär). Men ir(-dan, -den) tur(-up, -üp) el-ýüz(-umy, ümi) ýuw(-ýaryn, yärin). Ertir(-lik, -lyk) edinýärin. Mekdep öý(-ümizden, -umyzdan) uzak däl. Men öz köçämize çyk(-yp, -ip), ýoldaşyma garaş(-ýärin, -ýaryn). Ol gel(-enden, -andan) Soň, biz bile gid(-ýarys, -ýäris). Nusga: Biziň okuwymyz irden başlanýar. Ýokarky ýazgynyň mazmunyna laýyk sözbaşy tapyň.
95-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözleriň asyl sözüni we goşulmasyny hem-de olaryň goşulmasyndaky çekimlileriň inçe ýa~da ýogyn bolmagynyň sebäbini aýdyň. TÜRKMEN KÖLI Yaşa, beýik Serdarym, Geljege hak seredýäň. Ilim suwsuz kösenmez, Türkmen kölün döredýän.
Kölüň süýji suwundan Içer çölüm, takyrym. Ýaşa, beýik Serdarym, Güllär Altyn asyryň.
Pagta, bugdaý kän biter, Solmaz bagy-bossanym. Serdaryňa, kölüne Guwan, Türkmenistanym! G.Çöliýew * * * 96-nji gönükme. Magtymgulynyň «Geçip barar» diýen goşgusy esasynda aşakdaky soraglara jogap ýazyň. Soraglar: 1. Magtymguly «Geçip barar» goşgusynda: «Eý ýaranlar» diýip, kime ýüzlenýär? 2. Şahyr synasyndaky derdine näme tapylmaýandygy harada gürrüň edýär.? * * * 97-nji gönükme. Bu sözlerden ýogyn çekimlisi bolanlary biraýry, inçe çekimlisi bolanlary biraýry göçüriň. Halyçy, gözüm, üzümçilik, ekin, çörekçi, towşanjyk, tilkiler, galamly, galamdan, depeler, baýyrlyk, otçulyk, telpeksiz, köwüşli, berdi, goýunlar, ýazyp, gülüp, oturgyç, ekmek, mekdepden. Sözleriň asyl bölegini we goşulmasyny dilden aýdyp beriň. * * * 98-nji gönükme.. Okaň. Has gara ýazylan sözleri göçürip alyň. Olaryň asyl sözüni we goşulmasyny aýdyp beriň ÝOWARDA Dynç güni biziň mekdebimiziň okuwçylary ýowara çykdy. Olar demir böleklerini ýygnamaga gitdiler. Birnäçe okuwçy mekdebiň howlusyny arassalady, agaçlaryň düýplerini ýumşatdy. Bu işde ikinji klasyň okuwçylary has tapawutlandy. Olar beýlekilere görelde boldy. * * * 99-nji gönükme.. Aşakdaky ýazgyny okaň we biliň. Has gara ýazylan sözlere üns beriň SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY Biziň Watanymyz Türkmenistan. Ol 1991-nji ýylda Garaşsyz döwlet boldy. Onuň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow. Halk Saparmyrat Nyýazowa uly hormat goýýar. Ony halkymyz Saparmyrat Türkmenbaşy diýip atlandyrýar. Prezident sozüniň manysyny sözlükden öwreniiň. * * * 100-nji gönükme. Okaň we nokatlara derek nähili goşulmalaryň goşulmalydygyny aýdyň. Serdar uçar... uçjagyna begenýärdi. Onuň bulutlaryň depesini, göm-gök asman... göresi gelýärdi. Uçar ýokary göteril... başlady. Ol birneme caýkanýardy. Şonda-da ýolagçy... arkaýyn otyrdylar. Serdar gorkman, aýna... daşaryk seredip başlady. Ýokarky ýazgynyň mazmunyny öz sözleriňiz bilen aýdyp beriň. * * * 101-nji gönükme. Sözleri okaň we goşulmasyz asyl sözleri biraýry, goşulmaly sözleri biraýry göçüriň. Agaç, igde, agaçly, agaçlar, arça, arçaly. Gül, Gülje, ädik, jorap, galam, joraply, ädikçi, galamsyz, suw, ot, ekin, ekinçi, ekinlik, suwçy, suwly, otluk, kitap, kitaply. Nusga: /. Agaç, igde, ... 2. Agaç-ly, agaç-lar ...
* * *
102-nji gönükme. Bu asyl sözleriň sonuňa degişli goşulmalar goşup, hersini bir sözlemde ulanyň we depderiňize ýazyň. Baýyr, üzüm, suw, depder, sazak, jorap, göle. Nusga: Biziň obamyzyň ilersi baýyrlyk. Ýokarky asyl sözlere goşan goşulmalaryňyzy aýdyp beriň. |