4. Y, I, U, Ü ÇEKIMLILERINIŇ DÜŞÜP GALYŞY

55-nji gönükme. Şu sözleri okaň we olaryň aşagyndaky soraglara dilden jogap beriň

Sygyr + yň = sygr,

ýeňil + ip = ýeňlip,

bogun + y = bogny,

köwüş + i = köwşi,

tomus + y = tomsy,

deňiz + i = deňzi.

1.  Has gara ýazylan sözler näçe bogunly?

2.  Bu sözleriň soňundaky çekimsizleri aýdyň.

3.   Bu   sözlere   nähili   sesler   bilen   başlanýan goşulmalar goşulypdyr?

4.  Şol goşulmalaryň goşulmagy bilen olaryň ikinji
bognundan haýsy çekimliler düşüp galýar?

dökün

56-nji gönükme Sözleri okaň. Olara y, i çekimlileriniň  degişlisini goşup, depderiňize göçüriň. Sözleriň ikinji bognundaky çekimlileriň düşüp galýandygy ýadyňyzda bolsun.

Baýyr, çagyl, gelin, köwüs, tomus, maňyz.

Nusga: baýyr-baýry, ...

Maňyz sözüniň manysyny düşündiriň we depderiňize ýazyň.

Ahyrlary r ,l, n , ş, s, sesli bilen gotarýan, birinji bogny açyk, iki bogunly sözlere çekimli bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, ikinji bogundaky gysga aýdylýar.

Meselem:bagyr-bagry, ogul-ogly, nebis-nebsi, deňiz-deňzi, gowun-göwni.

57-nji gönükme     Sözleriň  yzyna   çekimli   bilen

başlanýan goşulma goşup, depderiňize göçürň,

Çagyl, görün, köwüş, maňyz, tomus, göwün, nogul, ogul, görüş,

ýeňil, tomus, baýyr, düwün, sygyr, bagyr, göwüs, nebis, deňiz.

Nusga: çagyl-çagly, görün-görner, ...

Sözleriň ikinji bognundan haýsy çekimlileriň düşüp galandygyny aýdyň.

Görün

* * *

58-nji gönükme Okaň we has gara ýazylan sözleri depderiňize göçüriň.


1. Durdynyň ogly üçünji klasda okaýar.

2. Dostuňyzyň göwnüne degmäň!

3. Kümşüň ejesi haly dokaýar.

4. Sen baýra gezelenje gitjekmi?

5. Deňziň suwy ajy bolýar. Tomsuň yssy günlerinde deňiz ýakalarynda dynç almak peýdalydyr.

6. Siz çebşe ot-suw berdiňizmi?

Göçüren sözleriňizi ogul-ogly ýaly aýdyp, olaryň ikinji bognundan haýsy çekimlileriň düşüp galýandygyny düşündiriň.

* * *

59-nji gönükme Göçüriň. Ýaýyň içindäki goşul-malary olaryň öň yanyndaky sözlere goşuň. Ikinji bogundan y, i, u, ü çekimlileriniň  düşýandigine üns beriň

1. Kakam sygyr(a) ot berdi.

2. Oraz köwüs(üni) geýdi. Ol ýoldaşy bilen baýyr(a) gitdi.

3. Garrynyň ýüki ýeňil(än) ýaly boldy. Ol ogul(unyň) egin(ine) kakyp, özüniň razylygyny bildirdi.

4. Halynyň nagyş(ynyň) owadanlygy meni hayran galdyrdy.


Nusga: Kakam sygra ot berdi.

Baýyr,   nagyş  sözleriniň  manysyny  düşündiriň

w e depderiňize ýazyň.

* * *

60-nji gönükme.   Şygry   labyzly   okaň   we mazmunyny aýdyp beriň.

RUHNAMA

Many-mazmunly kitap,

Edep berer Ruhnama.

Kamil bor ony okan,

Medet berer Ruhnama.


Öwütleri ezeli,

Pyragynyň gazaly,

Kitaplaryň gözeli, 

Edep berer Ruhnama.


Il-gunuň bagtyn açar,

Ýollara ýagty saçar,

Hemmelere her haçan,

Medet berer Ruhnama.


Hemradyr gyşy-ýazy,

Bolar köňüller sazy,

Serdaryň ýürek owazy,

Edep berer Ruhnama.

B. Halmyradowa

* * *

61-nji gönükme Aşakdaky meýilnama esasynda hekaýajyk ýazyň.

Meýilnama:

1.  Bedenterbiýe saglykdyr.

2.  Bedenterbiýe maşklary,

3.  Bedenterbiýä höwes.

Ýazan hekaýajygyňyzda ikinji bognundan y  i, u, ü çekimlileri düşüp galan sözleri aýdyň.

* * *

62-nji gönükme. Okaň we ikinji bognundan y, i, u,  ü  çekimlileri  düşüp galan sözleri depderiňize göçüriň.

1. Sen şu köýnegiň nagşyny halaýarsyňmy?

2.  Biziň toparymyz ilki ýeňlip,soňra ýeňdi.

3. öl öz ornunda otursyn, iki ýana ylgap ýörmesin.

4. Towşanjyk towsyp, ýoluň beýleki tarapyna geçdi.


Göçüren sözleriňiziň ikinji bognundan y, i u, ü çekimlileriniň düşmeginiň sebäbini düşündiriň.

* * *

63-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözleriň ikinji bognundan haýsy çekimlileriň düşüp galandygyny we onuň sebäbini düşündiriň.

MERGEN

Akga mergen daşky geýimini aýryp, ýokaryk dyrmaşyp ugrady. Hyrlysyny egninden düşürip, eline aldy. Akga mergen ýyrtyjynyň burnuny nyşanalady. Hyrly atylmady.

Gaýanyň ýarygyndan bir äpet zat atylyp gaýtdy, Mergen biçak çakgan ýapyryldy. Soň ol yzyna öwrüldi. Görse, gaýanyň düýbünde äpet gaplaň süýnüp ýatyrdy. Onuň çala jany bardy. Gaplaň mergene topuljak bolup, özi gaýadan uçupdy.

(A. Orazmyradow, «Kiçijik ili»).

Ýokarky hekayanyň mazmunyny öz sözleriňiz bilen aýdyp beriň.

* * *

64-nji gönükme Nokatlaryň  ýerine  aşakdaky  goşulmalaryň degişlisini ýazyp, sözlemleri göçüriň.

1. Bu gün Sabyr... eneden dogul... güni. Sen oňa klasymyzyň adyndan şujagaz sowgady gowus... .

2.   Siz   kömür...   peýdasyny   bilýarsiňizmi?  

3.   Biz myhmanlar   bilen   görüş...   çykdyk. onuň  ýumuş... bitirdik, göwün... turduk.

-yň, -ur, -an, -üp, -üň, -uny, -ünden.

Sözlemleri göçüreniňizde  y, i, u, ü çekimlileriniň sözleriň ikinji bognundan düşüp galmak düzgünini ýadyňyzdan çykarmaň.

* * *

65-nji gönükme. Şygry labyzly okaň we ikinji bognundan çekimlileri düşüp galan sözleri aýdyp beriň

TÜWELEÝ BILEN PEŞMEK

Däli tüweleý 

Galdy rnundan.

Gaba peşmegiň

Basdy garnyndan.


Ýatan ýerinde

Peşmek dyzady.

Däliň sakgalyna 

Eli uzady.


Alyp peşmegi,

Uçdy tüweleý.

Galdy towlanyp,

Buluda has golaý.

Ý. Pir gulyýew.

Tüweleý, peşmek sözleriniň manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň.

* * *

66-nji gönükme. Göçüriň we ikinji bognundan i, ü çekimlileri düşüp galan sözleriň aşagyny çyzyň.

1. Mergeniň jigisi Kümşüň gurjagy bar. Ol gurjagyň goňras köýnegi we akja köwşi bar.

2. Türkmenbaşy şäheri Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýär.

3. Gorkana goşa görner.


Aşagyny çyzan sözleriňizi. ikinji bognundan i, ü çekimlileriniň düşmeginiň sebäbini düşündiriň.

* * *

67-nji gönükme Ýayyň içindäki goşulmalaryň degişlisini öň ýanyndaky söze goşup, sözlemleri göçürň we ikinji bognundan haýsy çekimlileriň düşüp galýandygny aýdyň.

1. Ene agtygyny bagyr(yna, ine) basdy, söýdi. Biz uruş(a, e) garşydyrys! Ýaşasyn parahatçylyk, dynçlyk!

2. Çeken suratyňy görün(ar, er) ýaly yerde goý.

3. Dutaryň kiriş(ini, yny) gaty çekmäň, ýolun(er, ar).

Parahatçylyk sözüniň manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň.

parahatlyk


68-nji gönükme Okaň we bu ýazgyny iki bölege bölüp, her bölege degişli sözbaşy tapyň.

SERDARYMYZYŇ   RUHNAMASY

Biziň ata-babalarymyz halal ýaşapdyrlar. Olar biri-birlerini sylapdyrlar.

Ula hormat goýupdyrlar, kiçileri goldapdyrlar. Olar arly-namysly, zähmetsöýer adamlar bolupdyrlar. Ata-babalarymyzyň bu adamkärçilikli häsiýetleri belent ruhy gymmatlykdyr. Biz olaryň bu hili häsiýetlerine buýsanmalydyrys we guwanmalydyrys.

Özümiz hem şolar ýaly bolmaga çalyşmalydyrys. Ýurdumyzyň ömürlik Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň çykyşlarynda Altyn asyryň her bir adamy edermen, pak ýürekli, ruhubelent bolmalydygyny aýdýar.

Merhemetli Serdarymyz hemmämiziň ýan kitabymyz boljak türkmen Ruhnamasyny döretdi. Bu Ruhnamada her bir adamyň arassa ahlakly, zähmetsöýer, Watana berlen ynsanlar bolmalydygy barada aýdylýar. Biz mähriban Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyň hemme wesýetlerine wepaly bolarys.

* * *

69-nji gönükme. Göçüriň. Ikinji bognundan y, i, u, ü çekimlileri düşüp galan sözleriň aşagyny çyzyň.

l. Eneler urşa ýol bermezler! Biz siziň zähmet ýeňşiňize guwanýarys.

2. Siziň şol garaşyp durşuňyzmy? Siz gidiberiň, Kümşüň özi barar.

3. Sygry örä goýberiň.

4. Ogluňyzyň ady kim? Sabryň göwnüne degmäň.

* * *

70-nji gönükme   Nokatlaryň  ýerine degişli goşulmalar goşup, sözlemleri göçürň.


1. lýun tomus... ilkinji aýydyr.

2. Sygyr... süýdünden ýag alynýar.

3. Çagalar, demir... köp ýygnalyň!     

4. Sen köwüş... nal kakdyrdyňmy?

5. Men bu çukurdan towus... bilerin. 

6. Altynyň-kümüş... könesi bolmaz.

7. Goýunlaryň semiz... saýladylar.


Coşulma goşan sözleriňiziň. ikinji bognundan haýsy çekimlileriň düşüp galandygyrıy aýdyň.

demir

71-nji gönükme  Bu  sözlere  degişli  y ýa-da  i çekimlisini   goşuň   we   nusgadaky   ýaly   edip, depderiňize göçüriň.


Nogul, tigir, tomus, göwün, köwüs, demir, çaýyr, nagyş, egin,

ugur, ýeňiş, owuz, agyr, düwün, maňyz, çebiş.


Nusga: nogul-nogly, tigir-tigri, ...


l. Bu sözleriň soňy haýsy çekimsizler bilen gutarýar?

2. Ol sözlere y ýa-da i çekimlileri goşulanda, olaryň ikinji bognundan haýsy çekimliler düşüp galýar?

* * *

72-nji gönükme. Bu sözlere çekimli ses bilen başlanýan goşulma goşuň we olary sözlem içinde getirip, depderiňize ýazyň.

Ogul, çagyl, baýyr, bogun, tomus, çebiş, deňiz.

Nusga: Amanyň ogly aýdym aýdýar.

* * *

73-nji gönükme. Nakyllary okaň we olaryň manysyny öz sözleriňiz bilen düşündiriň.


1.  Göwni açygyn ýoly açyk.

2.  Elin işlese, agzyň dişlär.

3.  Ogly eklän tanar, aty - saklan.

4. Gamşy gowşak tutsaň, eliňi gyýar.

5.  Gulagyň garny bolmaz.

6.  Nebsini ýygan soltan bolar.

Has gara ýazylan sözleri nusgadaky ýaly edip göçürň we olaryň ikinji bognundan haýsy çekimlileriň düşüp galandygyny aýdyň.


Nusga: göwün-göwn ...

garyn

74-nji gönükme Bu sözleri şol durıışlaryna we ikinji bognundan y, i, u, ü çekimlileri düşüp galar ýaly edip, sözlem içinde getiriň hem-de depderiňize ýazyň.

Agyz, sygyr, köwüş, tomus, ýeňil, bogun.

Nusga:  Bir agyz söz diýmedi. 2. Agzyny açyp otyr.

Bogun sözüniň manylaryny sözlükden öwreniň.

* * *

75-nji gönükme. Okaň we has gara ýazylan sözleri nusgadaky ýaly edip, depderiňize göçüriň.

1. Çoýun peýdaly magdandyr. Çoýny eredýärler.

2. Kakam goýun bakýar. Goýnuň ýüňünden her hili matalar dokalyar.

Nusga: çoýun-çoýny, ...


1.  Ikibir-ikibir edip ýazan sözleriňiziň  ilkinjisiniň
ikinji bognunda haýsy çekimli bar?

2.   Ol   söze   çekimli   bilen   başlanýan   goşulma
goşulanda, ikinji boganda nähili üýtgeşiklik yüze çykýar?

* * *

76-nji gönükme Bu sözleriň yzyna y çekimlisini goşup göçürň we olaryň ýazuwynda bolýan üýtgeşikligi aýdyp beriň

Goýun, çoýun, oýun, boýun, toýun.

Nusga: goýun-goýny, ...

* * *

77-nji gönükme Ýayyň içindäki goşulmany öň ýanyndaky söze goşup, aşakdaky sözlemleri göçüriň.

1. Myrat towşanjygyň garnyny doýur(-yp), ony ketege saldy.

2. Biz oýun(-amaga), gitdik. Soňra men gelip, goýun(-yň) yatagyny arassaladym.

3. Demriň, çoýun (-yň) böleklerini ýygnap, mekdebe tabşyryň.

arassa

78-nji gönükme Göçüriň. ikinj i bognunda u sesi düşürilip ýazylan sözleriň aşagyny çyzyň.

1. Toýna suw garyp, palçyk etdiler.

2. Sen oýna gitjekmi?

3. Çeleklere suw guýşuň.

4. Siz goýna gidin.


Aşagyny çyzan sözleriňizi sözlemleriň aşagyndan nusgadaky ýaly edip ýazyň.

Nusga: toýun-toyna, ...

* * *

79-nji gönükme Bu sözleri okaň, soňra hersiniň yzyna çekimli bilen başlanýan goşulma goşuň we olaryň ikinji bognundan haýsy çekimlileriň düşüp galýandygny aýdyň.


Çaýyr

demir

seýil

baýy.

Ýagyr

bogun

nagyş

owuz

Tomus

Sabyr

çoýun

nogul

Göwün

ogul

goýun

garyn

Gaýyş

burun

goňur

uruş

Boýun

deňiz

nebis

oýun

Owuz, çayyr sözleriniň manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň.

* * *

80-nji gönükme Göçüriň. Ikinji bognundan y, i, u, ü çekimlileri düşüp galan sözleriň aşagyny çyzyň.

1. Çagalar tomsuna dynç alýarlar.

2. Bu haty Kümşe gowşur.

3. Sen şeýle nagşy halaýarmyň?

4. Haýsy topar ýeňler diýip çaklaýarsyň?

5. Kakam goýna gitdi.

Aşagyny çyzan sözleriňiziň ikinji bognundan haýsy çekimlileriň düşüp galandygyny aýdyň.

* * *

81-nji gönükme Ýaýyň içindäki goşulmany öň ýanyndaky söze goşup, sözlemleri göçüriň. ikinji bogundan degişli çekimlileriň düşüp galýandygy ýadyňyzda bolsun.

1. Sen jigiň göwün(-üne) degme. Göý ol öz çebiş (-ine) ot bersin.

2. Siz Hazar deňiz(-iniň) suwunyň ajydygyny bilýarsiňizmi?

3. Biziň sygyr(-ymyz) örän süýtli.

4. Aman aganyň ogul(-y) Aşgabatda okaýar.

5. Meret ýapdan towus(-up) geçdi.

deňiz

82-nji gönükme. Bu sözleri okaň we ikinji bognunda y, i, u, ü çekimlileri düşüp galan sözleri aýdyň.

Gyşyna, ýazyňa, tomsuna, güýzüne, görner, mekdebiň, ýeňler, egnine, getiriň, göwnüň, daşlaryň, çaglyň, bagryň, Merediň, goýnuň, kagyzda, nebsi,

Gyşyna, ýazyna, tomsuna, güýzüne diýen sözleriň hersini bir sözlemde ulanyp, özünizden dört sözlem düzün we depderiňize ýazyň.

* * *

83-nji gönükme Yzlaryna çekimli bilen başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bognundaky y, i, u, ü çekimlileri düşüp galýan sözlerden sekiz sanysyny tapyň we olary nusgadaky ýaly edip, depderiňize ýazyň.

Nusga: nagyş-nagşy, ...

* * *

84-nji gönükme Agyz, ogul, çoýun, çagyl, döwür

sözleriniň yzyna çekimli bilen başlanýan goşulma goşuň we olaryň hersine degişli bir sözlem düzüp, ýatdan aýdyň.