|
b) U, Ü DODAK ÇEKIMLILERINIŇ ÝAZUW DÜZGÜNI
35-nji gönükme. Sözleri okaň we olara degişli soraglara dilden jogap beriň 1. Orak, dolak, ördek, çörek, ýolbars, ýorgan, dogan, Bu sözlerde o, ö dodak çekimlileri haýsy bogunlarda ýazylypdy? 2. Gursun, gurşunyň, towuk, towugy, üzüm, Bu sözlerde u, ü dodak çekimlileri haýsy bogunlarda ýazylypdyr?
36-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözlerde u, ü dodak çekimlileriniň haýsy bogunlarda ýazylandygyny aýdyň.
MEKDEBIŇ BAGYNDA Tomus gününiň säher çagydy. Baglar pessaýja öwüsýän şemala başlaryny atýardy. Mekdebiň öňündäki gyradeň öseň gowaçalar hem yranyşýar. Tiz wagtdan okuwçylar peýda boldular. Bular eglenmän, mekdebiň bagyny bejermäge girişdiler. Okuwçylaryň joşgunly zähmeti barha güýjedi. Has gara ýazylan sözleri depderiňize göçüriň. Pessaýja sözüniň manysyny düşündiriň.
37-nji gönükme. Şygry labyzly okaň. Ikinji bognunda u, ü dodak çekimlileri ýazylan sözleri tapyp, depderiňize göçüriň. GÜNÜŇ HOWRY Gara bulut bu günler Ondan-oňa göçenok. Garry mama sanajyn Güpürdedip kakanok.
Aýna ýaly asmandan Gün lowurdap garap dur. Günüň howry ne ajap! Ähli zada yarap dur. A. Baýmyradow. Göçüren sözleriňiziň ikinji bognunda u, ü dodak çekimlileriniň yazylmagynyň sebäbini düşündiriň. * * * 38-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözleri göçüriň. SÜLGÜN Sülgün owadan guşlaryň biridir, ýöňe onuň uçuşy öwerlik däldir. Tomus aýlarynda sülgünler zyýan berýan gurçuklary, kösükli ösümliklerin tohumyny, dänesini iyýärler. Sülgün gaty duýgur bolýar. Sähel çybşyldy bolsa, güsürdäp uçýar (A. Gylyjow, «Güneşli ülkäniň görki»).
Göçüren sözleriňiz esasynda u, ü dodak çekimlileriniň ýazuw düzgünini düşündiriň. * * * 39-nji gönükme. Okaň. Birinji we ikinji bogunlarynda dodak çekimlileri bolan sözleri aýdyp beriň HÜNÄR SENIŇ HORMATYŇ Her bir adam belli bir hünär edinmeli. Hünärli adam çekýän zähmetini ýerine salýar. Pagtaçy özüniň zähmeti bilen "ak altyn" dagyny döredýär. Mal bakýan çopanlar halkymyzy et, süýt, ýüň öňümleri bilen üpjün edýärler. Gözel-gözel jaýlar gurluşykçynyň gujurly gollary bilen emele gelýär. Mugallymlar biziň her birimiz üçin ata-ene ýaly mähirli. Olar seni hatly-sowatly edýar, durmuşa ugrukdyrýar. Soraglara jogap beriň: 1. Dodak çekimlileriňden o, ö sözleriň haýsy 2. Dodak çekimlilerinden u, ü sözleriň haýsy
Gujurly, mähirli sözleriniň manysyny sözlükden öwreniiň.
* * * 40-nji gönükme. Nokatlaryň ýerine degişli çekimlileri ýazyp, sözleri göçüriň.
Soraglara dilden jogap beriň: 1. U, ü dodak çekimlileri sözüň haýsy 2. O, ö dodak çekimlileri sözüň diňe haýsy * * * 41-nji gönükme. Sözlemleri okaň we ikinji bognunda dodak çekimlileri ýazylan sözleri göçürip alyň. 1. Biz bagtly durmuşda ýaşaýarys. 2. Kakam goýun bakýar, men ulalanymda, oňa çoluk bolaryň. 3. Güýz günleri bagyň ýapraklary dökülýär. 4. Ýorunjany orup bolduňyzmy? Göçüren sözleriňiziň. ikinji bognunda haýsy dodak çekimlileriniň ýazylandygyny we onuň ýazylmagynyň sebäbini aýdyp beriň. * * * 42-nji gönükme. Göçüriň.Nokatlaryň ýerine degişli dodak çekimlilerini ýazyň we olaryň ýazylmagynyň sebäbini aýdyň. 1. Agam goş...nda gull...k edýar. 2. Körpeler ýabyň boý...nda oýnaýarlar. Sülg...n üç...nji klasda okaýar. On...n jorasy Durs...n dörd...nji klasda okaýar. Jigimiň her hili oý...njaklary bar.
43-nji gönükme. Suratlaryň adyny depderiňize ýazyň.
Suratlaryň atlarynda u, ü dodak çekimlilerini haýsy bogunlarda ýazandygyňyzy aýdyň we onuň sebäbini düşündiriň. * * * 44-nji gönükme. Nokatlaryň ýerine degişli dodak çekimlilerini ýazyp, asakdakylary göçüriň.
* * * 45-nji gönükme. Nakyllary okaň. ikinji bognunda u ü dodak çekimlileri ýazylan sözleri tapyp, depderiňize göçüriň.
Gyzylyň-kümşüň könesi bolmaz, Ata-enäniň bahasy bolmaz. Göwün sygsa, göwre sygar. Dostdostuň aýnasy. Dostsuz başym, duzsuz aşym. Özüni öweniň tanapy çüýrük. Köpüň dilegi köl bolar.
Göçüren sözleriňiziň ikinji bognunda näme üçin u, ü ýazylýar?
46-nji gönükme. Okaň. ikinji bognunda dodak çekimlileri bolan sözleri we şol bogunda olaryň ýazylmagynyň sebäbini aýdyp beriň BÄŞIM WE GUZULAR Sowuk şemal öwsüp başlady. Agylyň içinde guzuly goýunlar bardy. Başim atasy bilen agyla girdi. Goýunlar ürküşdiler. Guzujyklar böküp başlady. Başim bir guzujygyň boynundan tutdy, ony sypalady. Ol guzulary özüne öwrenişdirdi (G. Rejebowa, «Kiçijik çopan»). Agyl sözüniň manysyny sözlükden öwreniiň. * * * 47-nji gönükme. Nokatlaryň ýerine degişli dodak çekimlilerini ýazyp, sözlemleri göçüriň. 1. Gulanyň ödi bolmaz, guş...ň süydi. 2. Sygryň, goýn...ň, geçiniň süyd...nde adam üçin peýdaly zatlar köpd,..r. 3. Çoy...n eredilyär. 4. Men kitaplarymy öyde goý...p geldim.
1. Nokatlaryň ýerine haýsy dodak çekimlilerini ýazdyňyz? 2. Olar sözleriň haýsy bognunda ýazylýarlar we sebäbi näme?
48-nji gönükme. Aşakdaky sözlerden ikinji bognunda dodak çekimlileri ýazylan sözleri saýlap, depderiňize göçüriň. Depder, öküz, galam, ýaryş, ogul, tekiz, ýazmak, suwarmak, surat, oýun, gurjak, durmuş, okuwçy, Oraz, Aman, bulut, çoýun, çage, daglyk, onunjy, toýun, tokly, öňüm, haly, döwür, ördek, oturmak.
1. Göçüren sözleriňiziň. ikinji bognunda haýsy 2. Olar sözüň haýsy bognunda ýazylýarlar we * * * 49-nji gönükme. Nokatlaryň ýerine degişli çekimlileri ýazyň. 1. Goý...nlar suwa geldiler. Çop...n olary suwa ýakdy. Çopanyň ýanynda çöl...k hem bardy. Goýunlar ýatdylar. 2. Üç...nji we dörd...nji klasyň ok...wçylary ýow...ra gîtdiler. 3. Gyzlar gop...z çaldylar. * * * 50-nji gönükme. Özüňizden ikinji bognunda u, ü dodak çekimlileri bolan iki söz tapyp (her dodak çekimlä bir söz), sözlem içinde getiriň we depderiňize ýazyň. Nusga: Söwüt, güjüm miwesiz agaçlardyr. * * * 51-nji gönükme. . Göçüriň. Nokatlaryň ýerine degişli çekimlileri ýazyň. 1. Terbiýeçi çagalara gürr...n berýär. 2. Ejem cagalaryň oý...nlaryna syn edýär. 3. Cagalaryň durm...şy gowy. U, ü dodak çekimlileri sözüň haýsy bogunlarynda ýazylýarlar?
52-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözleri göçürip alyň we olarda u, ü dodak Çekimlileriniň haýsy bogunlarda ýazylandygyny aýdyň. 1. Biz her bir işe úly hyjuw bílen ýapyşýarys. 2. Siziň bu işiniz düşewüntli. 3. Biz geçen tomus Etrek etrabynyň Sarlawuk obasynda bolduk. 4. Seniň doganyň haýsy institutda okaýar?
Hyjuw, düşewünt sözleriniň manysyny sözlükden öwreniň. * * * 53-nji gönükme. Bu sözleri sözlem içinde getirip, depderiňize ýazyň we olaryň ýazylyşyny ýadyňyzda saklaň. Jürlewük, gawun, şarlawuk, trolleýbus, paraşýut.
Nusga: Durda kakasy dukändan bir jürlewük alyp berdi. * * *
54-nji gönükme. Aşakdaky soraglary okaň we olaryň jogabyny depderiňize ýazyň. 1. Häzir haýsy aý dowam edýär? 2. Häzir ýylyň haýsy pasly? 3. Haýsy aýlar Güýz aýlarydyr? 4. Güýz pasly haýsy aýda gutarýar? 5. Güýzden soňra ýylyň haýsy pasly başlanýar? |