3.DODAK ÇEKIMLILERININ ÝAZUW DÜZGÜNI


a) O, Ö DODAK ÇEKIMLILERINIŇ ÝAZUW DÜZGÜNI

21-nji gönükme. Sözleri öz aýdylyşy ýaly birnäçe gezek okaň. O, Ö dodak çekimlileriniň haýsy bogunlarda eşidilýandigini we ýazylandygyny aýdyň.


Orak, dolak, oglan, ördek, çörek, kömelek, Ýoldaş, uýan, duýar.


Sözleri depderiňize göçüriň.

Uýan sözüniň manysyny sözlükden okaň.

* * *

22-nji gönükme. Göçüriň. içinde o, ö dodak çekimlileri bolan sözleriň aşagyny çyzyň we olaryň haýsy bogunda ýazylandygyny aýdyň.

1. Omar döwek döwýär. Onuň ýanyna ýokarky ýol bilen gitmeli.

2. Ojaryň dogany çopan. Ol owlak, guzy bakýar.

O, Ö dodak çekimlileri sada sözleriň diňe birinji    bognunda   ýazylýar.    Soňky bogunlarda   eşidilseler- de   ýazylmaýar. Meselem: ojar, oglan, börek, öser, ýoldaş, uýan boýag.

Pomidor, direktor ýaly sözlerde  o  dodak çekimlisi soňky bogunlarda-da ýazylýar.

23-nji gönükme. Okaň we göçüriň. Içinde o, ö dodak çekimlileri bolan sözleriň aşagyny çyzyň.

AKYLLYJA OGLAN

Oraz akyllyja oglanjyk.onuň ýoldaşlary-da özi ýaly akyllyja.

Gözel, Kömek, Omar, Oraz dagy hemişe bile oýnaýarlar.


Aşagyny çyzan sözleriňizde o, ö dodak çekimlileri haýsy bogunlarda ýazylypdy?

* * *

24-nji gönükme Okaň we göçüriň. Has gara ýazylan sözlerdäki o, ö dodak çekimlileriniň  aşagyny çyzyň.

1. Horaz gygyrdy. Öwez ýerinden turdy. Ol çörek iýdi, çay içdi.

2. Sen ýowşan, ojar, sözen ýaly ösümlikleri bilýarmiň?

3. Ejem dolama bişirýär.

Aşagyny çyzan sözleriňizde o, ö dodak çekimlileri haýsy boganda ýazylypdyr?

Ojar, sözen sözleriniň manysyny sözlükden okaň.

* * *

25-nji gönükme Sözleri okaň. Bularyň ikinji bognunda haýsy çekimlileriň eşidilýändigini we haýsy çekimlileriň ýazylandygyny aýdyň.


Golak, jöwen, göçer, möjek, çörek, bolar, goşar, köşek, dowar,

oglan, toşap, söker, ojak, kömek, kömelek, Nöker, hoşa.


0,   Ö dodak çekimlileri sözüň haýsy bognunda
ýazylýarlar?

* * *

26-nji gönükme . Sözleri okaň we göçüriň. Bularyň ikinji bognunda haýsy çekimlileriň eşidilýändigini we haýsy çekimlileriň ýazylandygyny aýdyň.

Ýowar,   duýar,   ýokary,   goýar,   ýokaňc,   boýag,
ýolar, uýan, oyanmak.

* * *

27-nji gönükme Nokatlaryň ýerine degişli çekimlileri ýazyp, sözleri göçüriň.

Çor..k, bor..k, ogL.n, örd..k, ýow...r, dow...r, döw...k, çök...rmek, dok...mak, tok...ý, gork...k, doy...r, soý...r, elini çoý...r.

O, Ö dodak çekimlileriniň diňe birinji boganda ýazylýandygy ýadyňyzda bolsun.

* * *

28-nji gönükme  Suratlaryň  adyny  depderiňize ýazyň.

Nusga: Owlak, ...

Ýazan sözleriňiziň. ikinji bognunda haýsy çekimliler eşidilýär. we olara derek haýsy çekimliler ýazylýar?

29-nji gönükme  Göçüriň.   Nokatlaryň  ýerine degişli çekimlileri ýazyň.

Torg...ý             dol. ..k              guý...r.

Guş. ..k           bör.. .k                doý...r.

Örd. ..k             duş. ..k              köp...ler.

Dog... n             ýow...r              gurj...k.

Ut...nç               öwr... trnek      bur...mek.

Uý...t                 guş...mak          uý...lmak.

Bu sözleriň  ikinji  bognunda haýsy çekimlileriň eşidilýändigini aýdyň.

Dolak, ýowar sözleriniň manysyny sözlükden okaň.

guşamak

30-nji gönükme Sözlemleri okaň. Has gara ýazylan sözleri göçüriň.

1. Gözel ikinji klasda okaýar. Ol oňat okaýar. Gözeliň dogany goýun çopany.

2. Biz ýola düşdük. Nöker  tüýdük  çalyp  bilýär.  

3. Omar  aga   möjek tutupdyr.

4. Kömek aga ojak gazýar.

Soraglara dilden jogap beriň

1.  Göçüren sözleriňizi aýdaňyňyzda, olaryň ikinji
bogunlarynda haýsy dodak çekimlilerini eşidýärsiňiz
we olara derek haýsy çekimliler ýazylýar?

2.   Bu sözleriň her biriniň näçe bogunlydygyny
aýdyň.

* * *

31-nji gönükme Şygry labyzly okaň. Birinji bogunlarynda o, ö dodak çekimlileri bolan sözleri göçüriň.

BEÝIK OGLUŇ KYBLASY SEN

Gerçek türkmen esgeridir,

Atamyrat Nyýaz ogly.

Serdar ogluň pederidir,

Atamyrat Nyýaz ogly.


Watan üçin bolan jeňde,

Göz görkezip boldy öňde

Edermendi oňde-soňda,

Atamyrat Nyýaz ogly.


Halkym diýip berdi jany,

Iliň-guňuň mähribany.

Boldy türkmen gahrymany,

Atamyrat Nyýaz ogly.


Adyň uzar asyrlara,

Şugla salar pasyllara.

Nusga bolar nesillere,

Atamyrat Nyýaz ogly.

H. Allamyradow.

Şygry ýat tutuň.

* * *

32-nji gönükme Okaň. Has gara ýazylan sözleri göçüriň. Göçüren sözleriňiziň. ikinji bogunlarynda haýsy çekimlileriň eşidilýändigini we haýsy çekimlileriň ýazylandygyny aýdyň.

ÝAŞ GEOLOGLAR

Paýtagtymyzyň çagalar we ýetginjekler köşgünde "Ýaş geologlar" döredijilik birleşigi işleýär. Birleşigiň agzalary Diýarymyzyň dürli ýerlerinde bolýarlar.

Olar geologiýa boýunça geçirilýän bäsleşige gatnaşýarlar. Körpe geologlaryň işi hakynda radioda, telewizorda gürrüň berýärler.


Göçüren sözleriňiz ýaly sözlerde o dodak çekimlisiniň ikinji we soňky bogunlarda-da ýazylýandygyny unutmaň.

* * *

33-nji gönükme Şygry labyzly okaň we has gara ýazylan sözleri göçürip alyň.

TALLARYM

Meniň eken tallarym,

Boýuny ýetiripdir.

Depesinde her säher

Al daňy atyryp dur.


Suwda görüp suratyn

Zülplerini daraýar.

Men mekdebe ugrasam,

Olar öýe ýöreýär.

Ý. Agageldiýew.

Tal sözüniň manysyny sözlükden okaň.

1.  Göçürip alan sözleriňiziň. birinji bognunda haýsy
dodak çekimlileri ýazylypdyr?

2.   Bu sözleriň ikinji bognunda haýsy çekimliler
eşidilýär, haýsy çekimliler ýazylypdyr?

3.   O,   ö   çekimlileri   sözleriň   haýsy   bognunda ýazylýar?

* * *

34-nji gönükme Özüiňizden birinji bognunda o, ö dodak çekimlileri gelip, ikinji bognunda olar eşidilseler-de, a, e ýazylýan 12 sany söz tapyp, depderiňize ýazyň.

Nusga: Oglan, ördek,...