2. DODAK ÇEKİMLİLERİ

16-njy gönükme. Okaň. Her sözüň birinji bognundaky çekimlisini aýdyň we olary depderiňize göçüriň.

Orak, ýokumly, ökünç, örküç, uçmak, ýuka, üzüm.

1.  Bu yerde näçe söz ýazylypdy?

2.  Depderiňize näçe çekimli ses göçürip aldyňyz
we olaryň haýsylary ýogyn, haýsylary inçe çekimli?

Örküç sözüniň manysyny düşündiriň.

ýokumly

17-njy gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözleri göçürň we olaryň birinji bogundaky çekimlini aýdyň.

BAGYŇ ÄHMIÝETI


Bag, tokaý egsilmez baýlykdyr. Olar, külleriň, howdan-laryň suwuny gün şöhlesinden goraýar. Howa-ny tämizleýar.

Şonuň üçin hem mähriban Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşy bag ekmek, tokaý döretmek meselesine köp üns berýär. Ekilýän nahallary guratman ösdürip ýetişdirmegi talap edýär.. Bu atalyk aladadyr.

Nahal sözüniň manysyny sözlükden okaň.


Türkmen   dilindäki   dodak   çekimlileri şulardyr: o, ö, u, ü.

18- njy gönükme. Okaň we bulary nusgada görkezilişi ýaly edip, depderiňize göçüriň.

Çagalar, orun, durmuş, depe, ýylgyn, öküz, iki, däne, üzüm, ýurt, Meret, Tylla, Göwher, barmak, dürtgüç, yumuş, gaýtalamak, mekdep, otuz, örküç.

Nusga:

Dodak çekimlili

sözler

Dodaklanmayan çekimli

sözler

Orun

durmuş  

Çagalar

depe


19-njy gönükme.

Okaň, soňra göçüriň. Içinde dodak çekimlisi bolan sözleriň aşagyny çyzyň.


TİLKİ

Tilkiler, esasan, gumlarda, daglarda ýaşaýarlar. Olar örän köpelegen haýwanlardandyr. Tilkiniň päkize, ösgün,ýumşak tüýli derisi bolýar.

Bu haýwan özboluşly owadanlygy bilen tebigata görk berýar.

Pakize sözüniň manysyny sözlükden okaň.

Aşagyny çyzan sözleriňizdäki çekimlileri aýdyp beriň.

* * *

20-njy gönükme. Şygry labyzly okaň. Dodak çekimlilerini göçürip alyň. Bir dodak çekimlini iki gezek yazmaň.

WATAN


Ysgap gülden doýmaryn,

Mertebäm, janym, Watan!

Seni dilden goýmaryn,

Jigerim-janym, Watan!


Ýüregim goşa tardyr,

Gyjak bilen dutardyr.

Türkmene alkyş ýardyr,

Hazynam, känim, Watan!


Bagtyýar gülzarym bar,

Garaşsyz diýarym bar,

Sylanýan Serdarym bar,

Şöhratym-şanym, Watan!


Ýylgaý Dyrdyýew.

Göçürip alan dodak çekimlileriniz näçe sany we olar haýsylar?

Mertebe sözüniň manysyny sözlükden okaň.