|
b) ÇEKIMLILERIN ÝAZUW DÜZGÜNI
Hormat, borç sözleriniň manysyny düşündiriň.
6-njy gönükme. Şygry labyzly okaň we onda näme hakda gürrüň edilyändigini aýdyň. ALTYN ASYRLY TÜRKMEN (Gysgaldylyp alyndy)
H. Gurbanow Has gara ýazylan sözleriň birinji we soňky bogunlarynda haýsy çekimliniň (inçemi, ýogynmy) ýazylandygyny aýdyň, şeýle ýazylmagynyň sebäbini düşündiriň. Päl, seýran sözleriniň manysyny sözlükden öwreniň. * * * 7-nji gönükme. Sözlemleri okaň, soňra göçüriň. içinde ýogyn çekimlisi bolan sözleriň aşagyny çyzyň. Dag howasy tomsuna salkyn, gyşyna maýyl bolýar. Çeşmesiniň suwy jana derman. Baglary hemişe gök öwüsýär. Şonuň üçin daga öwrenişen adam mydama dagy küýseýär. Aşagyny çyzan sözleriňiziň birinji we soňky bogunlarynda haýsy çekimliler ýazylypdyr, şeýle ýazylmagynyň sebäbi näme? Çeşme, maýyl sözleriniň manysyny sözlükden öwreniň. * * * 8-nji gönükme. Okaň we göçüriň. içinde inçe çekimlisi bolan sözleriň aşagyny çyzyň. ÇEBŞEJIK
Aşagyny çyzan sözleriňiziň birinji we soňky bogunlarynda haýsy çekimliler ýazylypdyr?
9-njy gönükme. Şygry labyzly okaň. Has gara ýazylan sözlerde y harpynyň yazylmagynyň sebäbini aýdyň. MERDANA TÜRKMENBAŞY
B. Kerimowa. Nurana, erkana, reýhan sözleriniň manysyny sözlükden öwreniiň.
10-njy gönükme. Okaň we göçüriň. Nokatlara derek degişli çekimlini ýazyň. WATANYMYZ Biziň Watan...myz Türkmenistan. Ata-babalar...myz özleriniň garaşsyz döwletiniň bolmag...ny mydama arzuw edipdirler. Olar...ň şol arzuwy hak...kata öwrüldi. Eziz Watanymyz Türkmenistan indi özbaşdak, Garaşs...z, baky Bitarap döwlet boldy. Watan, garaşsyz sözleriniň manysyny sözlükden öwreniiň.
11-n ji gönükme. Nakyllary okaň we has gara ýazylan sözlerde i harpynyň yazylmagynyň sebäbini aýdyň. Agzybirlik hemme zatdan güyçlüdir. Gerekli daşyň agramy ýok. Ulyny syla, kiçä rehimli bol. Rehim sözüniň manysyny düşündiriň.
12-nji gönükme. Göçüriň. Nokatlaryň ýerine y, i çekimlileriniň degişlisini ýazyň. BIZIŇ OBAMYZ Biziň obamyz şäher b...len bäsleşyär. Onuň köçeleri arassa. Obam...zyn ileri çeti miwel... bagl...k. Bu bag her ýyl bol has..l get...rýär. Oňa biz...ň mekdeb...mizin okuwç...lary seredýär. Nokatlaryň ýerine y ýa-da i ýazmagyňyzyň sebäbini düşündiriň. * * * 13-nji gönükme. Okaň. içinde ýogyn we inçe çekimliler garyşyp gelen sözleri aýdyp beriň. 1. Doganym Jemal dokma kärhanasynda işleýär. Ol işden soň biziň bilen radio diňleýär, telewizora seredýär. 2. Biz gezelenje gitdik. Otluk meýdany synladyk. Çopanlara gazet eltip berdik. 3. Garaşsyz, Bitarap mähriban diýarymyz Türkmenistana baky şöhrat bolsun!
14-nji gönükme. Sözleri göçüriň. Nokatlaryň ýerine degişli y ýa-da i çekimlisini ýazyň.
Nokatlaryň ýerine y ýa-da i ýazmagyňyzyň sebäbini düşündiriň. 15-nji gönükme.Hekayajygy okaň we onuň mazmuny esasynda aşakdaky meýilnama boýunça beýannama ýazyň. JUMA Juma öýlerine günortanlar gaýdyp geldi. Onuň elinde birnäçe kitap bardy. Ol getiren kitaplaryny jigisi Ýowsanyň öňünde goýdy. Ýowsan Jumanyň getirip beren kitaplaryna örän begendi. Olary ýuwaşjadan görüp başlady. Ýowşan bu kitaplaryň sahypalaryny ýeke-ýeke açyşdyryp, olary mazaly synlady. Ýowsan kitaplaryny ýoldaşlaryna hem görkezjekdigini doganyna aýtdy. Juma bolsa ony makullady. (A. Gurbanow, «Çigildem güli»). Meýilnama: 1. Jumanyň gelmegi. 2. Ýowsanyň şatlygy. 3. Onuň kitaplar hakdaky pikiri. Mazaly sözüniň manysyny düşündiriň.
|