1. BIRINJI   KLASDA GEÇILENLERI GAÝTALAMAK

a) ÇEKIMLILER

1-nji gönükme. Sözleri okaň we her sözüň birinji harpyny depderiňize ýazyň.

Alma, okuw, uçgun, ädik, üzüm, ekin, ige, ördek, ynam.


Soraglara dilden jogap beriň.

1.  Bu yerde näçe söz ýazylypdyr?

2.  Depderiňize näçe harp ýazdyňyz?

Uçgun,   ige  sözleriniň   manysyny  kitabyňyzyň soňundaky sözlükden öwreniň.


ÝADYŇYZDAMY?

Türkmen dilindäki çekimliler şülardyr:

a, o, u, y, i, ö, ü, -e,, ä.

Çekimli sesler iki topara bölünýärler:

1. Ýogyn çekimliler: a, o, u, y

2. Inçe çekimliler: ä, ö, ü, i, e.


2-nji gönükme. Sözlemleri okaň we her sözdäki çekimlileri, olaryň nähili çekimlilerdigini aýdyp beriň.

OKUW  BAŞLANDY

Dynç alyş günleri gutardy. Tomus döwründe çagalar oňat dynç aldylar. Olaryň birnäçesi dynç alyş öýlerinde boldular. Bir topary sagaldyş meydançalaryna gatnadylar.

indi täze okuw ýyly başlandy. Okuwçylar günde mekdebe gatnap başladylar. Mekdep olary mähirli garşylady.

Hekaýanyň mazmunyny öz sözleriňiz bilen aýdyp beriň

* * *

3-nji gönükme. Soraglary üns berip okaň. Bularyň jogabyny depderiňize ýazyň.

1.  Seniň adyň näme?

2.  Sen näçe yaşyňda?

3.  Näçenji klasda okaýarsyň?

4.  Sapaklaryňa nähili ýetisýarsiň?

Ýazan sözlemleriňiziň her sözündäki ýogyn çekimlileriň aşagyna bir çyzyk, inçe çekimlileriň aşagyna iki çyzyk çyzyň.

dynç

4-nji gönükme. Nakyllary okaň we has gara ýazylan sözleriň çekimlilerini, olaryň nähili çekimlilerdigini aýdyň.

1.  Edebiň ýagsysy ulyny syla.

2.  Ulynyň diýenini etmedik uwlar.

3.  Zähmet soňy rähnet.

4.  Cekseň zähmet, ýagar rähnet.

1.  Nakyllaryň aňladýan manysyny öz sözleriňiz bilen düşündiriň.

2.   Edep, rähnet sözleriniň manysyny kitabyňyzyň
soňundaky sözlükden okap öwreniň.

* * *

5-nji gönükme. Hekayajygy üns berip okaň we ony mazmuny boýunça iki bölege bölüň. Her bölege degişli sözbaşy tapyň.

MERGENIŇ ÝATLAMALARY

Men ol wagtlar örän kiçijikdim. Kiçi bolsam-da, köp zatlara akylym ýetýärdi. Edilýan gürrüňlere oňat düsünýärdim. Eşiden zatlarym hakda sorasalar, jogap berip bilýärdim. Biz obada ýaşaýardyk.

Men her gün agşam daşaryk çykyp, ýyldyzlara syn edýärdim. Maňa hemişe şol bir ýyldyzlar gönerdiler. Ol ýyldyzlary men özümiziňki hasaplaýardym. Sebäbi olar mydama biziň öyümiziň üstünde durýardylar.

G. Seýitmedow, «Biziň myhmanlarymyz».


Soraglara dilden jogap beriň

1. Has gara ýazylan sözleriň ilkinji çekimlileri ýogynmy ya-da inçe?

2. Şol sözleriň Soňky çekimlileri ýogynmy ya-da inçe?