15. ÝYL BOYUNCA GEÇILENLERI GAÝTALAMAK


431-nji gönükme. Göçüriň. içinde o, ö çekimlileri bolan sözleriň aşagyny çyzyň.


1. Çopan dowarlary suwa ýakdy.

2. Men towşanyma ketek ýasadym.

3. Ördek suwda oňat ýüzýär.

4. Haý-wanat bagynda möjek hem bar.

5. Biz ýoldaşymyza garaşdyk, ondan Soň köle gezelenje gitdik.


1.  O,   ö   dodak   çekimlileri   sözüň   diňe   haýsy bognunda ýazylyarlar.

2.   Dowarlar sözüniň  manysyny düşündiriň  we sözlük depderiňize ýazyň.

towşan


Örd. ..k        bör.. .k

ogl.n

oj...r.

Dol... k        Göz...1

düw...n

gurs...n.

Ök. ..z         dök... n

goý...n

od...n.

Çöl. ..k        ýor...nja

üz. ..m

köm...r.

Toý. ..n        çoý...n

ogl...m

göz. ..m.

* * *

432-nji gönükme.   Göçüriň.   Nokatlaryň  ýerine degişli çekimlileri ýazyň.

1.  Ýokarky sözlerden üç sanysyny sözlem içinde
getirip, depderiňize ýazyň.

2.   O, ö dodak çekimlileri sözüň haýsy bognunda
ýazylýarlar?

3.    U, ü dodak çekimlileri sözüň haýsy bognunda
ýazylýarlar?

* * *

433-nji gönükme. Ýaýyň içindäki goşulmalary olaryň öň ýanyndaky sözlere goşup göçüriň. Ikinji bogundan y, i, u, ü çekimlileriniňi düşüp galýandygyna üns beriň

1. Oraz aga öz ogul(-uny) okuwa iberdi.

2. Tomus(uň) bu yssy günlerinde köp oýnamak bolmaz.

3. Sygyr (-y) howla salyň.

4. Seniň täze köwüş(-üň) barmy?

5. Bular ýeňil(-er), sebäbi ýaryşa az taýýarlandylar.

* * *

434-nji gönükme. Aşakdaky sözlere çekimli ses bilen başlanýan goşulma goşup, depderiňize göçüriň.


Göwün       ýumuş                 bagyr              köwüş.

Kiriş             egin                 çebiş               deňiz.

Maňyz        goýun                Bagyr             ýumuş.

Düwün       toýun                 erin                 buýur.

Doýur         Kümüş               ÇalyŞ                nebis.

Nusga: göwün-göwni, ýumuş-ýumşuň, ...


Bu sözlere çekimli ses bilen başlanýan goşulma goşanyňyzda, olaryň haýsy bognunda nähili çekimlileriň düşüp galýandygny aýdyp beriň.

* * *

435-nji gönükme. Göçüriň. Has gara ýazylan sözleriň asyl sözüni we söz ýasaýjy goşulmasyny aýdyp beriň

1. Suwçy pilini eline alyp durdy. Bu ýer örän otluk. Daýhanlar üzümçilik meydaňyna işe çykdylar.

2. Kitaply oglan öýe girdi.

3. Maşynsyz uzak ýerlere gidip bolmaz.


-çy, -çi, -luk, -lük, -ly, -li, -syz, -siz söz ýasaýjy goşulmalaryny atlara goşup, dilden täze söz ýasap beriň.

* * *

436-nji gönükme. Okaň. Sözleriň asyl sözi bilen söz üýtgediji   goşulmasyny aýdyp beriň.

Adamlar, serçeler, goýunlar, tilkiler, depderim, depderiň, depderi, galamym, galamyňyz, galamyň, galama, galamy, galamda, galamdan, meniň galamym, siziň öýüňizde, Gurbanyň dosty.

* * *

437-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözleriň sada ýa-da goşma sözdügini aýdyň.

1. Aman birinji klasda okaýar. Amangül heniz mekdebe gidenok. 2. Biz demir böleklerini ýygnadyk. 3. Demirgazyk tarapdan şemai öwüsýär. 4. Aýbölek, Meretdurdy, Gülşoltan dagymyz bir klasda okaýarys. 5. Olar günbatar tarapa gitdiler. 6. Bu gün yssy boldy. 7. Okuw ýyly gutaryp barýar.

Soraglara jogap beriň.

1.  Sada sözler näçe sözden ybarat bolýar?

2.  Goşma sözler näçe sözden düzülýär?

* * *

438-nji gönükme. Özüiňizden üç sany goşma söz, üç sany sada söz tapyp, sözlem içinde getiriň we depderiňize ýazyň.

Nusga: Men depä çykdym. Mergen Gökdepä gitdi.

* * *

439-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan atlaryň has ýa-da jyns atdygyny aýdyp beriň

AWÇYNYŇ GÜRRÜŇI

Sähra adamy sähra ýaly giň göwrümli bolýar. Ol oba gelen mahaly goňşy-golamlary onuň öýüne ýygnanýar.

Bir gezek Annaguly aga söze başlady:

—   Abdy  aga,  ýetmiş  ýaşyňda  beýdip  ýörmeseň bolmaýarmy?

Abdy aga oňa jogap berdi:

— Men nädip sährany taşlap, bulardan jyda düşeýin. Ol Alabaýy güjükliginden, bu guşy etene çagalygyndan
öz elimde ýetişdirdim. Olary awa salanymda, ýetmiş yaşym ýigrimi bäş ýaşa gelýär duruberýär.

A. Orazmyradow.

1. Jyns  atlaryň  ilkinji harpy  nähili harp  bilen ýazylýar?

2. Has  atlaryn  ilkinji  harpy  nähili  harp  bilen ýazylýar?

3.  Giň göwrümli diýen aňlatmanyň manysyny
düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň.

* * *

440-nji gönükme. Göçüriň. San bilen üýtgän atlaryn aşagyny çyzyň we san goşulmasyny aýdyň.

1. Sen galamlaryňy ýygnadyňmy? 2. Otluk meýdan. Goýunlar, geçiler ýaýrap ýör. 3. Dayhanlar işe çykdylar. 4. Köçelerde maşyn köp. 5. Daglaryň howasy arassa bolýar.

* * *

441-nji gönükme Ýayyň içindäki atlara degişli ýöňkeme  goşulmasyny goşup, olary ýaýyň daşyna çykaryň w e sözlemleri göçürň,

1. Meniň (jigi) çagalar bagyna gatnaýar.onuň (depder) arassa. Biziň (depder) ýok. 2. Siziň (aga) nirede işleýär? Seniň (dogan) çopanmy? Biziň (oba) ertir uly toý edýär.. Olaryň (oba) şäherden uzakdamy? 3. Mekdep (okuwçylar) ýowara çykdylar.

* * *

442-nji gönükme Aşakdaky atlary menlik, senlik, olluk ýöňkemeleriniň birligi we köplügi bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň.

Galam, oba, depder, ige.

* * *

443-nji gönükme Okaň. Has gara ýazylan atlara sorag beriň. Olaryň haýsy düşümdedigini we goşulmasyny aýdyp beriň

BEGHAN WE ARYLAR

Mekdebiň gapdalyndaky tamyň diwarynda ullakan ary öýjügi bardy. Beghan bagdan bir çybyk döwüp aldy. Soň ýaňky deşige daş bilen urdy. Arylar hüwwe ördi.

Olar Beghana tarap çozdular. Beghan pürli çybygy bilen goranyp gaçdy. Beghanda güýç galmady. Ol ary öýjükli tamdan göňi öýlerine eňdi. Beghan  kitap-depderi bilen işi bolman, uly ili bilen möňňürip barşyna öýlerine kürsäp urdy.

A. Orazmyradow.

1. Hekaýanyň mazmunyny aýdyp beriň

2. Hekaýanyň mazmuny boýunça meyilnama düzün, ony depderiňize ýazyň.

* * *

444-nji gönükmeAşakdaky atlary düşümler bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň. Ýaýyň içinde olaryň soraglaryny gorkeziň.

Üzüm, awçy, göle, depder.

Nusga:

1.  Baş düşüm (näme?) — üzüm, ...

2.  Eýelik düşüm (nämäniň?)  — üzümiň, ...

Üýtgeden sözleriňiziň. düşüm goşulmalaryňy aýdyp beriň.

* * *

445-nji gönükme Adamy, haýwany, ösümligi aňladýan atlaryň her birine alty sany söz tapyp depderiňize ýazyň.

Nusga:

1.  Adamy aňladýan sözler:  ussa, işçi, ...

2.  Haýwany aňladýan sözler: tilki, göýun, ...

3.  Ösümligi aňladýan sözler: ysmanak, ýorunja.

* * *

446-nji gönükme Göçüriň. Sypatlaryň aşagyny cyzyň we olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.

1.  Mawy asman diýseň arassa. Gaýra tarapda beýik daglar görünýär. Ol ýerde süýji suwly çeşmeler köp.

2.   Men   sary  galam  aldym.   Seniň  gök  galamyň
barmy? Okuwçylar ak köýnek, gara balak geýýarler.

* * *

447-nji gönükme Göçüriň. Gymyldy-hereket aňladýan sözleriň—işlikleriň aşagyny çyzyň we olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.

Tomus gelýär. Okuwçylar soňky sapaklaryny okaýarlar. Tiz wagtdan okuwlar gutarýar.

Men kakam bilen   Aşgabada   gitjek.   Sen   nirede   boljak?   Aman mekdepden gelýär.

Ata şähere gitdi. Ol küşt oýnar.

* * *

448-nji gönükme Göçüriň. Öten zaman işliginiň aşagyny çyzyň.onuň nähili soraga jogap bolýandygyny we goşulmasyny aýdyň.

Ejem işden geldi. Ol ýuwundy. Biziň agşamlyk naharymyzy atardy. Ol täze gazetleri okady. Kakam geldi. Biz nahar iýdik, çaý içdik, Soň telewizora seretdik.

* * *

449-nji gönükmeGöçüriň. Häzirki zaman işliginiň aşagyny çyzyň.onuň nähili soraga jogap bolýandygyny we goşulmasyny aýdyň.

1. Okuw gutarýar. Dynç günler golaýlaşýar.

2. Jigim eşiklerini geýýar. Ol häzir oýnamaga gitjek bolýar.

3. Mugallym klasa girýär. Sapak başlanýar.

4.  Aman size barýar. Onuň ýanynda jigisi bar.

5.   Gelnejem keçe basýar, gonşularymyz kömekleşýär.

* * *

450-nji gönükme Okaň. Her sözlemiň nähili sözlemdigini, olaryň soňunda  goýlan dyngy belgisini aýdyň.

Bu gün howa örän gyzdy. Biz agşama çenli işledik, işçiler işden çykdylar. Sen sagat näçä çenli işlejek? Gurban şu gün şähere gidýär. Ol haçan geler?

Çagalar, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza wepaly boluň! Ýaşasyn mähriban Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşy!