C) ÝÜZLENME SÖZLEMI

418-nji gönükmeOkaň. Sözlemleri göçüriň. Olaryň soňunda  göýlan dyngy belgisini aýdyň.


Dünýäniň zahmetkeşleri urşa garşydyrlar. Olar urşa garşy gol ýygnadylar. Eneler çykyp geplediler:

— Biz parahatçylyk isleýäris! Ýok bolsun uruş! Yaşasyn parahatçylyk! Yaşasyn azat zähmet! Adamlar, urşa ýol bermaň!

Göçüren sözlemleriňiz nähili heňde aýdylýar?

Ýüzlenme   sözlemi   bir   zada   ýüzlenmegi, begenmegi, şatlygy aňladýar.

Ýüzlenme sözlemi belent heň bilen aýdylýar we onuň soňunda  ýüzlenme   belgisi   (!)   goýulýar.  

Ýüzlenme belgisinden   soňky   sözlem   baş   harp   bilen başlanýar.  

Meselem:   Ýaşasyn   parahatçylyk! Okuwçylar, sapaklarymyzdan bäşlık alalyň!

* * *

419-nji gönükme Okaň. Her sözlemiň nähili sözlemdigini, olaryň soňunda  nähili dyngy belgisiniň goylandygyny aýdyp beriň.

Joralar bile mekdebe barýarlar. Olar çagalar bagynda-da joradylar. Seniň kakan mugallymmy?

Gurbanyň dogany aýdymçymy? Men aýdymy diňlemegi halaýaryn. Biziň halkymyz parahatçylyk ugrunda göreşýär. Çagalar, zähmeti , kitaby soýüň! Watanymyza mynasyp adamlar bölüp ýetişiň!

Täze üstünliklere eýe boluň!

1.  Ýüzlenme sözlemlerini göçürip alyň.

2.  Ýüzlenme belgisinden soňky sözlem nähili harp bilen başlanýar?

aýdymçy

* * *

420-nji gönükme. Göçüriň. Ýüzlenme sözlemleriniň aşagyny çyzyň.

Biz dynç güni şähere gezelenje geldik. Siz haýwanat bagynda bolduňyzmy? Biz şerbetçileriň medeniýet öýünde bolduk. Watanymyzyň şerbetçilerine şöhrat! Çagalar, şerbetçilere kömek edeliň! Agam iýun aýynda goşuň gullugyndan gaýdyp gelýär.

Ýüzlenme sözleminiň soňunda  nähili dyngy belgisi goýulýar we ondan soňky sözlem nähili harp bilen başlanýar?

serhetçi

* * *

421-nji gönükme. Okaň, her sözlemiň nähili sözlemdigini, olaryň soňunda  goýlan dyngy belgisini aýdyp beriň .Diňe ýüzlenme sözlemlerini göçüriň.

Biz mekdebimiziň töweregini arassaladyk. Okuwçylar, özüňizden ululary hormatlaň!

Seniň Türkmenistanyň Milli Goşunynyň hatarynda güllük edýän agaň barmy?

Eneler dünýäde iň eziz adamlardyr! Gahryman enelere şöhrat! Seniň ejeň nirede işleýär?

* * *

422-nji gönükme. Degişli ýerinde ýüzlenme belgisini goýup, ýüzlenme sözlemlerini göçüriň.

Daýhanlar, ýokary hasyl ugrunda göreşeliň Zähmet adamlaryna şöhrat Ýaşasyn halklaryň dostlugy Ýaşasyn parahatçylyk Okuwda, zähmetde üstünlikler gazanalyň.

* * *

423-nji gönükme. Okaň. Soňra habar sözlemlerini biraýry, ýüzlenme sözlemlerini biraýry depderiňize ýazyň.

Kömek gazet okaýar. Şirin surat çekýär. Gurluşykçylara şöhrat! Türkmenistanyň pagtaçylaryna ýalkymly salam! Biz ýygnaga gitdik. Watandaşlar, ýoluňyz ak bolsun! Göý, biziň dostlugymyz pugtalansyn we össün! Ýygnakdan soň kino gördük.

1.  Ýüzlenme  sözleminiň  soňunda    nähili  dyngy
belgisi  goýulýar  we  ondan   soňky  sözlem   nähili harp bilen başlanýar?

2.  Watandaş sözüniň manysyny sözlükden okaň we depderiňize göçüriň.

* * *

424-nji gönükme. Okaň. Soňra sorag sözlemlerini biraýry, ýüzlenme sözlemlerini biraýry depderiňize ýazyň.

Sen pagtanyň suwarylyşyny görduňmi? Daýhanlar, pagtanyň ýokary hasylyny almak ugrunda çalşalyň!

Bu ýylky gyş has sowuk boldumy? Haýsy aýlar gyş aýlarydyr?

Okuwlarymyzda, işde üstünlikler gazanalyň!


Ýüzlenme sözleminiň soňunda  nähili dyngy belgisi goýulýar we ondan soňky sözlem nähili harp bilen başlanýar?

* * *

425-nji gönükme. Özüiňizden üç sany ýüzlenme, üç sany sorag sözlemini düzüp, depderiňize ýazyň.

* * *

426-nji gönükme. Sözleri öz ýerinde ulanyp, ýüzlenme sözlemlerini düzüň we depderiňize ýazyň, degişli dyngy belgisini goýmagy unutmaň.

1.  Ugrunda, parahatçylyk, yzygiderli, göreşeliň.

2.  Gününi, ýeňis, belläliň, üstünlikli

3.   Watanyň, hemişe, üçin, işi, taýýardyrys.

* * *

427-nji gönükme. Degişli dyngy belgisini goýup, ýüzlenme sözlemlerini göçüriň. Täze sözlemi baş harp bilen başlamagy unutmaň.

Gadyrly aýallar, sylaglaryňyz gutly bolsun ýaşasyn biziň Watanymyz Türkmenistan okuwçylar, mekdebiň işine aktiw gatnaşyň çagalar, kitaby köp okaň, kitap siziň dostuňyzdyr.

* * *

428-nji gönükme. Göçüriň. Degişli ýerinde nokat, sorag,ýüzlenme belgilerini goýuň. Täze sözlemleri baş harp bilen başlamagy unutmaň.

1. Daň atdy gün dogdy biz mekdebe gitdik.

2. Sen düýn oýunda bolduňmy olar ertir oba gidýärmi sen nirede boljak.

3. Ýaşasyn Zähmet gahrymanlary bol hasyl ugrunda çalşalyň ýasasyn agzybirlik.

hasyl

* * *

429-nji gönükme. Özüiňizden habar, sorag ýüzlenme sözlemleriniň hersine degişli iki sany mysal tapyp, depderiňize ýazyň.

* * *

430-nji gönükme. Hekaýajygy okaň we mazmunyny gürrüň edip beriň Soňra soraglara ýazuw üsti bilen jogap beriň.

JERENJIK ÇOPANLARYŇ GOŞUNDA

Ýaz günleriniň biridi. Jerenjik kakasy bilen kömelek gözlemäge gitdi. Howa örän durudy.

Jerenjik eýýäm alty kömelek tapyp, haltajygyna salypdy.

Birden howa garaldy. Ýagyş ýagyp başlady. Kakasy Jerenjigiň egnine öz penjegini atdy. Meýdan suw-sil boldy.

Golaýda bir küme bardy. Bular kümä tarap gitdiler. Küme çopanlarynky eken. Çopanlar olary oňat garşylady. Jerenjigiň kakasy penjegini serdi.

Jerenjik çopanlar bilen nahar bişirdi, çay gaýnatdy. Olar şol gün çopanlaryň goşunda ýatdylar.

Ertir öýe ugramaly bolanda, Jerenjik:

— Sag bolun! Hoş galyň! — diýip çopanlar bilen hoşlaşdy.

Soragla:

1.  Haysy günlerdi?

2.  Jerenjik kakasy bilen nirä gitdi?

3.  Jerenjik näçe kömelek tapdy?

4.  Birden howa nähili boldy?

5.  Kakasy näme etdi?

6.  Olar nirä bardylar?

7.  Küme kimiňki eken?

8. Olar şol gün nirede boldular?

9. Ertesi hoşlaşanlarynda, Jerenjik çopanlara näme diýdi?