b) SORAG SÖZLEMI

402-nji gönükme. Okaň. Habar sözlemlerinden beýleki sözlemleri göçüriň. Olaryň soňunda  goýlan dyngy belgisine üns beriň.

Biz okaýarys, bilim alýarys. Sen ulalanyňda, kim bolmak isleýärsiň?

Sen nebitçi bolmaklygy halaýarmyň? Käriň hemmesi gowy. Mugallym bolmak hem gowy.

Sen mekdebe gitjekmi? Okuwyňyz haçan gutarýar? Biz ertirine okaýarys. Ýedinji awtobus ugradymy? Demirýolçulara şöhrat!

Göçüren sözlemleriňiz nämäni aňladýar?

Sorag sözlemi bir zady soramagy aňladýar. Sorag sozleminiň soňunda n sorag belgisi (?) goýulýar. Sorag belgisinden soňky sözlem baş harp   bilen   başlanýar.  

Meselem:   Sen  galam aldyňmy? Olar nirä barýar?


şöhrat

* * *

403-nji gönükme. Okaň. Diňe sorag sözlemlerini göçürip alyň.

GEZELENÇ

Kakasy oguljygy Sazagy, gyzy Gülälegi ýelsepidiňe mündürip, derýa tarap alyp gitdi. Sazak sorag berdi:

—     Kaka, bu derýany kim akdyrýar?

—     Derýany adamlar akdyrýar.

—    Adamlar ony nädip akdyrýar?

—    Adamlar öz zähmeti , işi bilen akdyrýar.

—    Bu kän suw nirä akýar?

—    Kän suw,  oglum, ekinlere akýar.  Indi gawun,
garpyz, erik, alma kän bolar.

—    Kaka, ol adamlar näme edýär.?

—    Balyk tutýandyr.

—    Gyzyl balyk barmyka? Gel, bizem tutalyň.

—    Oglum,   balygy  çeňňek  bilen  tutýarlar.   Biziň
bolsa çeňňegimiz yok.

A. Durdyýew, «Alaňlaryň arasynda».

Hekaýajygyň mazmunyny gürrüň edip beriň.

* * *

404-nji gönükme. Göçüriň, sorag sözlemleriniň aşagyny çyzyň.


1. Sen Durdyny gördünmi? Men Durdyny görmedim. Durdy heniz gelen däldir. Ol şähere gitdimi?

2. Ejeň haly dokaýarmy? Ejem haly dokaýar. Siz halyňyzy haçan kesýärsiňiz? Siz şäherde haly kärhanasyna baryp gördüňizmi?


Sorag sözleminiň yzyndan nähili dyngy belgisi goýulýar we ondán soňky sözlem nähili harp bilen b aş lanýar?

* * *

405-nji gönükme.   Hekaýajygy  okaň   we  sorag sözlemlerini aýdyň.


MELEJE

Melejaniň ejesi onuň keşbinde bir gamgynlyk syzdy:

—   Mele jan, saňa näme boldy? — diýip sorady.

—   Hiç zat.

—   Sen ajykdyňmy?

—   Ýok.

—   Saňa mugallymyň käýedimi?

—   Näme üçin käýesin?

—   Onda näme üçin seniň ýüzüň salyk?

Meleje   ejesine  jogap   gaýtarmady.   Ejesi  janygyp sorady:

—   Melejan, saňa bir zat bolupdyr. Sen biri bilen
uruşdyňmy?

—   Ýok,   men  hiç  kim  bilen  urşamok.   Eje,   ertir
baýram ahyry! Meniň deň-duşlarym, ýoldaşlarym täze
geýim  geýýärler.  Men  bolsam   ...  —  diýip,  Meleje
gözüniň ýaşyny süpürdi.

—   Wiý, Melejan, muny ertirden aýtsaň bolmadymy!
Men saňa hemme zady taýynlap goýdum ahyry! —
diýip, Melejäniň ejesi yşgapdan keşdeli tahýa, täzeje
köýnek, akja jalbar, akja jorap, çalymtyk köwüs çykardy.

B. Kerbabaýew, «Meleje».

1.  Hekaýajygyň mazmunyny gürrüň edip beriň

2.  Deň-duşlar sözüniň manysyny düşündiriň we ony sözlük depderiňize ýazyň.

* * *

406-nji gönükme. Okaň we sorag sözlemlerini göçürip alyň.


Okuw ýyly gutaryp barýar. Sen nähili okaýarsyň?

Men ikinji klasy bäşlik bilen gutararyn.

Sen tomus dynç almaga gitjekmi? Nirede dynç aljak?

Men öz jigim bilen Arçabilde boljak.

Öň Arçabili görüpmidiň?

Arçabili göremok, ýöňe Arçabil hakynda goşgular okadym.

Sen Arçabil hakynda näme bilýarsiň?


Sorag gözleminiň soňunda  nähili belgi goýulýar we ondan soňky sözlem nähili harp bilen başlanýar?

* * *

407-nji gönükme. Okaň. Habar sözlemlerini biraýry, sorag sözlemlerini biraýry göçüriň.


Men serhetçi bolmagy halaýaryn. Serhetçi bolmagyň nämesi gowy?

Olaryň aty, iti bar, eşikleri gowy.

Serhetçiler näme edýärler?

Serhetçiler Watanymyzy goraýarlar. Serhetden ogryn geçjek bolýan içalylary tutýarlar.

Serhetçiler hakynda ýazylan kitap barmy? Serhetçiler hakynda ýazylan kitap köp.

Serhetçiler çagalaryň dostumy? Serhetçiler çagalaryň dosty.


1. Habar sözleminiň soňunda  nähili dyngy belgisi goýulýar we ondan soňky sözlem nähili harp bilen
başlanýar?

2.  Sorag sözleminiň soňunda  nähili dyngy belgisi goýulýar we ondan soňky sözlem nähili harp bilen

başlanýar?

* * *

408-nji gönükme. Aşakdaky sorag sözlemlerini göçüriň. Degişli ýerinde sorag belgisini göýmagy unutmaň.

Siz ertir nirä gitjek Biz ertir Meretlere bararysmy Okuwyňyz haýsy aýda gutarýar Sen surat çekmegi halaýarsyňmy Kepderiniň suratyny çekip bilýarmiň Şähere haçan gitjek.

* * *

409-nji gönükme. Sorag sözlemlerini göçüriň. Degişli ýerinde sorag belgisini goýmagy we ondan soňky sözlemi baş harp bilen başlamagy unutmaň.


Gözel, sen haýsy köçede ýaşaýarsyň siziň köçäňiz baglykmy kakan kim bölüp işleýär siz gawun-garpyz ekdiňizmi çagalar haçan geler siz oýna barjakmy seniň doganyň küşt ýaryşyna gatnaşýarmy.

* * *

410-nji gönükme. Aşakdaky habar sözlemleriniň hersine degişli sorag sözlemini düzüň we depderiňize ýazyň.

1. Men kitap aldym.

2. Men Amany gördüm.

3. Olar Arçabile gitdi.

4. Biz şähere ertir gitjek.

5. Gurban ikinji klasda okaýar.

6. Obarnyzyň ýanyndan úly ýap akýar.


Nusga: Sen näme aldyň?

* * *

411-nji gönükme Okaň. Diňe sorag sözlemlerini göçürip alyň.

KAKAM WE ALTYN

Kakam gazet okaýardy. Ejem oy işleri bilen meşguldy. Kiçijik jigim Altyn kakamyň ýanyna geldi-de:

—    Kaka,   bizi   seýilgähe äkitjekmi? — diýdi.

—    Ertirlik   naharymyzy ediňeliň. Onsoň gideris.

—     Seýilgäh   bu   ýerden uzakdamy?

—     Uzakda däl. Ýakyn.

—     Biziň   bilen   Gözelem gidermi?

—      Biziň hemmämiz gideris.

—      Ejem gidermi?

—       Hawa, gyzym, hemmämiz gideris.

—     Seýilgähe awtobus bilen giderismi?

—     Biz awtobus bilen gideris. Awtobus seýilgähiň ýanynda durýar.

—     Kaka, häzir sagat näçe?

—     Dokuz bolmaga on minut bar.


Sorag sözlemleriniň soňunda  nähili dyngy belgisi goýulýar we ondan soňky

sözlem nähili harp bilen başlanýar?

* * *

412-nji gönükme Özüiňizden 5 sany sorag sözlemini düzüp, depderiňize ýazyň.

* * *

413-nji gönükme Okaň we göçüriň. Sorag sözlemleriniň aşagyny çyzyň.


Sülgün ejesine kömekleşýär. Sen öz hojalyk işleriňize kömek berýärmiň? Sen näçe ýaşyňda?

Durdy Bakuwa gitdi. Siziň agaňyz nirede okaýar?

Aşgabada daşary ýurtly myhmanlar geldi. Sen olara telewizorda syn etdiňmi?


Sorag sözlerniniň soňunda  nähili dyngy belgisi goýulýar we ondan soňky sözlem nähili harp bilen başlanýar?

* * *

414-nji gönükme Şonuňda degişli dyngy belgisini goýup, sorag sözlemlerini göçüriň. Täze sözlemleri baş harp bilen başlamagy unutmaň.


Sen haçan geldiň indi nirä gitjek mekdebiňiziň aýdym-saz toparyna gatnaşýarmyň

siziň klasyňyzda bäşlikçiler köpmi düýn ekin meýdanynda bolduňyzmy

sen gören kinolaryňy, okaýan kitaplaryňy aýratyn depderde belleýärmiň.

* * *

415-nji gönükme Okaň. Her sözlemiň nähili sözlemdigini, onuň soňunda  nähili dyngy belgisiniň goýlandygyny aýdyp beriň.


Bu gün mekdebimizde dabaraly ýygnanyşyk boljak, Siz şoňa bararsyňyzmy?

Biz hökman bararys. Oňa ejem bilen kakamy hem alyp barjak.Ýygnanyşyk sagat näçede başlanýar? Sen Nepeslere barjakmy? Nepes obada ýok. Ol nirä gidipdir?

Nepes şäherde geçirilýän bedenterbiýe ýaryşlaryna gatnaşýar.

Ol näçenji orny eýelär? Sen radiodan çagalar üçin berilýän "Nowça" atly aýdym-sazly habarlary diňleýärmiň?


Sorag sözlemlerini depderiňize göçüriň.

* * *

416-nji gönükme Okaň. Habar sözlemlerini biraýry, sorag sözlemlerini biraýry depderiňize ýazyň.


Guşlar nirede höwürtgeleýärler? Olar daglarda, baglarda, ekinçilik ýerlerinde höwürtgeleýärler.

Sen guşuň höwürtgesini gördünmi? Men göremok. Seniň dostuň obasy daglykmy?

Olar gumda ýaşaýar. Gumda nähili ösümlikleriň bitýändigini bilýärmiň?

Gumuň, dagyň öz ösümligi bolýar. Meselem, arça daglarda bitýär.


1. Habar sözleminiň soňunda  nähili dyngy belgisi goýulýar?

2. Sorag sözleminiň soňunda  nähili dyngy belgisi goýulýar?

3. Nokatdan ýa-da sorag belgisinden soňky sözlem nähili harp bilen başlanýar?

* * *

417-nji gönükme Özüiňizden üç sany habar sözlemini, üç sany sorag sözlemini düzüp, depderiňize ýazyň. Her sözlemde nähili pikiriň aňladylyandygyny aýdyp beriň.