a) HABAR SÖZLEMİ

385-nji gönükme. Hekaýany okaň we munda näçe sany sözlem bardygyny aýdyp beriň.

Gün dogdy. Mallar ördi. Gözel eje sygryny sagdy. Bu wagt Myratjyk ýerinden turupdy. Ol ýuwundy. Myratjyk oýnamaga gitjek boldy. Ejesi ony goýbermedi.

Gözel eje ogluna ertirlik nahar berdi. Alty yaşly Myratjyk ene-atasy bilen ertirlik edindi. Ol gyzgynja süýt içdi.

Sözlemleriň sonuňda nähili dyngy belgisi goýlupdyr we ondan soňky sözlem nähili harp bilen başlanýar?

süýt


Habar   sözlemi   bir   zady   habar   bermegi aňladýar.  Habar sözleminiň soňunda nokat (.) goýulýar, Nokatdan soňky sözlem baş harp bilen başlanýar.

Meselem: Oraz okuwa gitdi. Ol ikinji klasda okaýar.

* * *

386-nji gönükme. Okaň. Näçe sany habar sözleminiň bardygyny we her bir habar sözleminiň nähili pikir aňladýandygyny aýdyp beriň.

ATALYK

Atalygyň ýaşaýan obasy bag-bakjalykdy. Obanyň ortasyndan uly ýap akýardy. Gezmäge ýer kändi.

Obanyň gaýrasy giden meýdandy. Ýaz aýlary ol ýerler gök ota bürenýärdi. Gülälekden ýaňa aýak basmaga ýer galnıaýardy.

Şol günler Atalyk çölden bäri gelmezdi. Ol çöle beletdi. Atalyk haýwanlary sesinden tanaýardy.

A. Gurbanow, «Çigildem güli».

1.  Birinji üç habar sözlemini depderiňize göçüriň.

2.   Habar  sözleminiň   soňunda    nähili   dyngy belgisiniň goýulýandygyny we ondan soňky sözlemiň
nähili harp bilen başlanýandygyny aýdyp beriň.

* * *

387-nji gönükme. Okaň. Diňe habar sözlemini göçürip alyň.

Sen nirede bolduň? Men mekdepde boldum. Mekdepde näme etdiň? Mekdepde aýdym-saz mugallymymyzyň ýanyna bardym. Biz saz çalmagy öwrenýäris.

Sen dutar çalyp bilýärmiň? Men dutar çalmagy indi öwrenýärin, Ýaşasyn mekdebimiz! Mekdepde bilim berýärler, saz çalmagy öwredýärler.

1.  Habar sözleminiň  soňunda nähili dyngy belgisi goýulýar?

2.   Nokatdan   soňky  sözlem   nähili  harp   bilen
başlanýar?

ýaşasyn

* * *

388-nji gönükme. Habar sözlemlerini göçüriň we degişli ýerinde nokat goyuň.

Howa bulutlaşdy Uzakly gün ýel öwüsdi Düýn bolsa gijesi bilen ýagyş ýagdy

Ýagyş daňa golaý diňdi Bu gün howa gowy Arassa howada gezmek peýdalydyr.

* * *

389-nji gönükme.Habar sözlemlerini göçüriň. Degişli ýerinde nokat goýmagy we ondan soňky sözlemi baş harp bilen başlamagy unutmaň.

AMANLY SAZ ÇALÝAR

Amanly sazy gowy görýär atasy Amanla dutar çalmagy öwretdi

Bir gün Amanlynyň ýoldaşlary üýşdi ýoldaşlary saz çalyp bermegi haýyş etdi ýaşajyk dutarçy saz çalyp berdi.

* * *

390-nji gönükme. Suratlara seredip, serhetçiler we olaryň kömekçileri hakynda gürrüň edip beriň Gürrüňi — hekaýajygy depderiňize ýazyň.

1. ýazan hekayaňyzda näçe habar sözlemi bar?

2. Habar sözleminden Soň nähili belgi goýulýar we bu belgiden soňky sözlem nähili harp bilen başlanýar?

* * *

391-nji gönükme. Okaň we göçüriň. Degişli habar sözlemlerini baş harp bilen ýazyp başlaň we onuň sebäbini aýdyp beriň.

Meniň agam bagban bölüp işleýär. Onuň işleýän ýerinde işçiler köp.

agamyň oňat ýoldaşlary bar. olar biri-birlerini sylaýarlar we hormatlaýarlar baýram günleri olar bize myhmançylyga gelýärler.

* * *

392-nji gönükme. Aşakdaky soraglaryň jogabyny depderiňize ýazyň. Habar gözlemleriniň yzyndan degişli dyngy belgisini goymagy we ondan soňky sözlemi baş harp bilen başlamagy unutmaň.

Sen nirä gitjek? Ol ýerde näme işlejek? Soňra nirä gitjek? Ertir mekdepden Soň bize geljekmi? Seniň kakan nirede işleýär? Siziň mekdebiňiz obadamy ýada şäherde?

Nusga: Men okalga gitjek. Okalgadan kitap aljak.

* * *

393-nji gönükme. Suratlara üns bilen syn ediň. ilki suratdaky adamlaryň we haýwanlaryň näme edýändigini dilden aýdyň, Soň olaryň hereketi barada sözlemler düzüp, depderiňize ýazyň.

Nusga: Göle ot iýýär. Çaryjyk agaç aýyrýar.

Habar sözlemleriniň soňunda nähili dyngy belgisi goýulýar we ondan soňky sözlem nähili

harp bilen başlanýar?

* * *

394-nji gönükme. Okaň. Habar sözleminden Soň nähili dyngy belgisiniň goýulýandygyny, ondan soňky sözlemiň nähili harp bilen başlanýandygyny aýdyň.

SERDARYMYZA MINNETDAR!

Biziň maşgalamyz alty adamdan ybarat. Kakam, ejem, üç doganym we men. Doganlarymyň iň ulusy Döwran on dokuz ýaşynda. iň kiçisi men, on iki ýaşymda.

Bäş ýyl mundan ozal kakam daýhan birleşiginden üç gektar ýeri kärendesine aldy. Geçen ýyllarda ol ýeriň iki gektaryna bugdaý, bir gektaryna gök öňümler ekdik. Hemmämiziň jan edip, zähmet çekmegimiz netijesinde her ýyl ol ýerden bol hasyl alýarys.

Sarpaly Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşy şu ýyl şol üç gektary bize mülk edip berdi. Biz munuň üçin hormatly Serdarymyza baky minnetdar.

1.  Hekaýajygyň mazmunyny aýdyp beriň.

2.  Serdar sözüniň manysyny sözlükden görün we sözlük depderiňize ýazyň.

* * *

395-nji gönükme. Özüiňizden dört sany habar sözlemini düzüp, depderiňize ýazyň.

* * *

396-nji gönükme.Okaň. Habar sozlemleriniň nirede başlap, nirede gutarýandygyny aýdyp beriň. Soňra degişli dyngy belgisini goýup, olary göçüriň.

Gün yaşdy mallar oba geldi kakam goýunlary suwa ýakdy biz oýna gitdik obanyň medeniýet öýünde oňat oýun görkezdiler oýundan Soň öýümize pyýada gaytdyk ýolda gören oýnumyz hakynda gürrüň etdik.

Nokatdan soňky täze sözlemi bäş harp bilen başlamagy unutmaň.

* * *

397-nji gönükme. Sözleri öz ýerinde ulanyp, habar sözlemlerini düzün. Habar sözlemlerini biri-biriniň yzyndan ýazyň. Degişli dyngy belgisini göýmagy unutmaň.

1.  Biz, klasda, okaýarys, ikinji

2.  Men, bäşlik, sapaklarymdan, alýaryn

3.   Enem, gyzykly, aldy, kitap, maňa

4.   Mekdebimiziň, men, ýaryşyna, küşt, gatnaşjak.

Nusga: Biz ikinji klasda okaýarys.

* * *

398-nji gönükme. Okaň we diňe habar sözlemlerini göçürip alyň.

Şäherlerimiz gözel bolsun! Sen haýsy şäherde ýaşaýarsyň? Men Balkanabat şäherinde ýaşaýarsyň.

Biz zähmeti  soýýaris. Balkanabadyň töwereginde näme köp?

Balkanabadyň töwereginde nebit köp. işçiler nebit çykarylýan ýerlerde işleýärler. Sen öz şäheriňizi soýýarmiň? Men öz şäherimizi soýýärin.

Siziň şäheriňiz owadanmy? Biziň şäheriňiz owadan.

Habar sözleminiň soňunda  nähili dyngy belgisi goýulýar we ondan soňky sözlem nähili

harp bilen başlanýar?

* * *

399-nji gönükme.Aşakdaky habar sözlemlerini degişli ýerinde dyngy belgisini goýup, depderiňize göçüriň.

Biz duralgada awtobusa garaşýardyk awtobus gelip durdy biz mündük ejem ikimiz

daýymlara barýardyk awtobus daýymlaryň obasynda durdy biz düşdük daýymlaryň öýi uzak däldi

biz öýe geldik.

awtobus

* * *

400-nji gönükme.Surata üns bilen syn ediň. Soňra suratdaky çagalaryň näme edýändigi barada gürrüň edip beriň we depderiňize ýazyň.

Nusga: 

Dynç günleriniň biridi.

Mekdep   okuwçylary ýowara çykdylar.

401-nji gönükme. Soraglaryň jogabyny depderiňize ýazyň. Ýazan jogabyňyzyň nähili sözlemdigini we onuň soňunda  haýsy dyngy belgisiniň goýulýandygyny aýdyp beriň.

Siz Aşgabatda bolduňyzmy? Siziň öz obaňyz (şäheriňiz) Aşgabatdan uzakdamy? #

Sen nähili okaýarsyň? Seniň adyň kim? Siziň daýhan birleşigiňizde näme ekilýär?

Sen haýsy döredijilik birleşigine gatnaşýarsyň?