14. SÖZLEM

382-nji gönükme. Okaň we göçüriň. Her bir sözlemiň yzyndan goýlan bellige üns beriň Soraglara dilden jogap beriň

1. Düýn ýagyş ýagdy. 2. Haçan ýagyş ýagdy?       3. Biz parahatlyk isleýäris!


1.  Ýokarda näçe sözlem ýazylypdyr?

2.  Sözlemleri okaňyňyzda, olaryň heňi-aýdylyşy deňmi?

3.  Her bir sözlemden Soň goýlan dyngy belgiler meňzeşmi?

* * *

383-nji gönükme.Okaň we nokat (.), sorag (?), ýüzlenme (!) belgileri goýlan ýerde pikiriň gutarýandygyna üns beriň. Şu dyngy belgilerinden soň, sözüňize dyngy berip geçiň.

Ýaz geldi Sowuk günler gutardy Sen haýsy pasly halaýarsyň Sen näçenji klasda okaýarsyň Ýaşasyn biziň mugallymlarymyz

1.  Näçe ýerde  sözüňize  dyngy  berip  geçdiňiz,
ýagny näçe sözlem bar?

2.  Her dyngy belgiden soňky täze sözlem nähili
harp bilen başlanýar?

* * *

384-nji gönükme.Okaň we göçüriň. Bu sözlemleriň haýsylarynda bir zadyň habar berilýändigini, haýsylarynda bir zadyň soralýandygyny we haýsylarynda bir zada begenilýändigini aýdyň.

Oýun görkezýänler geldi. Olar obanyň Medeniýet öýüne bardylar. Sen oýna gitjekmi? Aman nirä gider? Ýaşasyn zähmet! Ýaşasyn eneler!

Sözlem gutaran bir pikiri aňladýar. Türkmen dilinde üç hili sözlem bolýar:

1. Habar sözlemi. 2. Sorag sözlemi.

3. Ýüzlenme sözlemi.