13. SÖZ TOPARLARYNY TAPAWUTLANDYRMAK

362-nji gönükme. Hekaýajygy okaň. Has gara ýazylan sözlere nähili sözler diýilýandigini we olara berilýän soraglary aýdyň.

OKUW OTAGYNDA

Okuwçylar mekdebe ýygnandylar. Okuwyň başlanmaly wagty boldy. Jaň kakyldy. Okuwçylar okuw otagyna girdiler. Mugallym geldi we okuwçylary okatmaga başlady.

Öňki sapakda geçilenleri okuwçylardan sorady. Täze sapagy düşündirdi. Okuwçylar üns berip diňlediler. Mugallym soňra öýe iş tabşyrdy.

Arakesme üçin jaň boldy. Okuwçylar daşaryk çykdylar.

* * *

363-nji gönükme. Okaň we kim?, näme?, nire? diýen soraglara jogap bolýan sözleri göçürip alyň (bir sözi iki gezek yazmaň).

1. Didar örän edepli oglan. Didar çagalar bilen tersleşmeýär. Okuwçylar Didary gowy görýärler.

2. Baku uly şäher. Ol ýerde deňiz duralgasy bar.

3. Goýunlar, geçiler agylda ýatyrlar.

4. Meret atasyna kitap okap berýär. Merediň atasy köp erteki bilýär.

Göçürip alan sözleriňize nähili sözler diýilýär.

* * *

364-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözleri göçürň, olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny we haýsy söz toparyna degişlidigini aýdyp beriň.


Ýol Köpetdaga tarap gidýärdi... Obadan uzakda bir oglanjyk aýak aldygyna ylgaýardy. Çagalar oňa Nazar diýip at berýärdiler.

Nazaryň bütin göwresi dynuwsyz hereket edýärdi. Elleri guşuň ganaty ýaly galgaýardy.

Nazar düýesiniň yzyndan ylgaýardy. Düýe egri boýnuny gaňryp, yzyna bakan seredýärdi. Düýe durdy. Nazar düýäniň duşagyny çözüp, onuň egri boýnuna iltedi. Ony öýe idip gaýtdy. Nazaryň gelmegine garaşyp duran kakasy Atahan ony görende, bir hili ýylgyrdy.

B. Kerbabaýew, «Nazar».

Elleri guşuň ganaty ýaly galgaýardy diýlen aňlatma nähili düşünýändigiňizi aýdyp beriň.

* * *

365-nji gönükme. Sözleri göçürň we atlaryň aşagyny çyzyň.

1. Myradyň kakasy ussa. Ol äpişge, gapy ýasaýar.

2. Çary Aşgabada gitdi.

3. Mergeniň dogany Maryda ýaşaýar.

4. Aman jigisine bäş depder getirip berdi.

5. Jomart surat çekilýän galam alypdyr.

Aşagyny çyzan at sözleriňiziň. her biriniň nähili soraga jogap bolýandygyny aýdyň.

* * *

366-nji gönükme.   Özüňizden kim?, näme?, nire? diýen soraglaryň hersine degişli iki sany at sözüni

tapyň we olary sözlem içinde getirip, depderiňize ýazyň.

Nusga: Kim? - Terbiýeçi.

Terbiýeçi çagalara kitap okap berýär.

* * *

367-nji gönükme. Şygry labyzly okaň. Has gara ýazylan sözlere nähili sözler diýilýändigini we olaryň jogap bolýan soraglaryny aýdyň.

GÜLÄLEK  

     
                         

Ýük ýazdyryp çal bulut

Gökde gülüp gürledi.

Ýazyň ýasyl halysy

Yerde kemsiz derledi.


Gyzyl köynek gülälek  

Ýel ugruna yrandy.

Ýaşyl öwsen çigildem

Elwan öýme orandy.


Gül getirip öýümize

Jigimizi güýmedik.

Açyp gökje gunçasyn,

"Ogulmy — gyz" oýnadyk.

A. Baýmyradow

* * *

368-nji gönükme. Sözlemleri göçürň we sypatlaryň aşagyny çyzyň. Olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.

1.  Ýapdan  dury  suw  akýar.  Ýabyň  boýunda  gök otlar gögerip otyr.

2.  Ak kagyzyň ýüzüne surat çekipdir.

3.   Akylly we edepli oglanlary gowy görýärler.

4.   Gara telpekli, uzyn donly adamlar uly awtobusa mündüler.

edepli

* * *

369-nji gönükme. Aşakdakylary okaň we bu sözleriň haýsylarynyň atdygyny, haýsylarynyň sypatdygyny aýdyň.

Uzyn agaç, gyzyl mata, gara galam, ýeňli köýnek, beýik tam, ýyndam at,

edepli oglan, çuň çukur, ak pagta, ajy burç, süýji gawun, duzly kelem,

ýagly nahar, akylly adam, bulanyk suw, gök ot, gury odun, ýogyn pürs.

* * *

370-nji gönükme. . Sözleri okaň we olary nusgada görkezilişi ýaly edip, depderiňize göçüriň.


Aman, agaç, gök, sary, ýowşan, çal, beýik, uzyn, awçy, keýik, mata, oba, gyzyl,

inli, galam, kitap, tam, ak, gara, mawy, goňur, öý, işçi, Etrek, Bäherden, ýaşyl

Nusga:  

Atlar:

Aman

agaç

...

Sypatlar.

Gök

sary

Göçüren atlaryňyzyň we sypatlaryňyzyň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.

* * *

371-nji gönükme. Sözlemleri göçürň we has gara ýazylan sözleriň aşagyny çyzyň.

1. Düýe peýdaly haýwandyr. Ol ýük daşaýar, et, süýt, ýüň berýär. Düýäniň süýdünden çal hem agaran alynýar. Düýäniň ýüňünden her hili matalar dokalýar, ondan dürli geýimler tikilýär.

2. Ýaz geldi. Howa maýlady. Meýdanda otlar gögerdi. Günler uzap başlady. Agaçlar ýapraklady we gülledi. 3. Tomus dynç alyş günlerinde men oba gitjek. On gün çemesi obada boljak. Soňra meniň kakam geler. Meni öýümize alyp gaýdar.

Aşagyny çyzan sözleriňiziň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.

ýapraklamak

* * *

372-nji gönükme. Sözlemleri okaň we bulardaki işlikleri, saýlap fdepderiňize göçüriň.

1. Mergen aga şähere gitdi. Ol şäherden agtygy Çepere  kitap  getirdi. Çeper kitaby  okady. 

2.  Çary ikinji klasda okaýar. Ol irden turýar. Bedenterbiýe maşklaryny edýär. Elini-ýüzüni ýuwýar. Ertirlik edinýär, soňra mekdebe gidýär.

3. Ertir kino görkeziljek. Biz hem kino görmäge bararys.

Göçüren işlikleriňiziň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.

* * *

373-nji gönükme. Sözleri okaň we olary nusgada  görkezilişi ýaly edip, depderiňize göçüriň.

Sadap, parta, okaýar, oýnaýar, gitdi, geldi, gök, inçe, turşy, stol, galam, ak, gara, görjek, geler, barar, mata, goýun, sygyr, ýeňil, çal, mämişi, ýorunja, barlajak.

Nusga:

Atlar:                    Sypatlar:             işlikler:

Sadap                          Gök                Okaýar

parta                            inçe               oýnaýar

Her söz toparyna degişli bir sözi sözlem içinde getirip, depderiňize ýazyň.

* * *

374-nji gönükme. Özüiňizden atlaryň, sypatlaryň, işlikleriň her birine degişli bäş sany söz tapyp, depderiňize ýazyň.

Nusga:

1. Atlar: köşek, bugdaý, ...

2.  Sy patlar: ýaşyl, gyzyl, ...

3.   işlikler: gördi, biler, ...

Atlar, sypatlar, işlikler — söz toparlarydyr. Ýene bir gezek ýatlaň:

Atlar bir zadyň adyny aňladyp,   kim?,  näme?,  nire?  diýen   soraglara jogap bolýarlar (Sapar, kitap, Balkanabat) .

Sypatlar bir zadyň sypatyny, reňkini, hilini, tagamyny,  şekilini  aňladyp,  nähili?,  neneňsi? diýen soraglara jogap bolýarlar (gyzyl mata, galyň ýorgan, ajy suw, síüýji gawun).       

işlikler gymyldyny, bereketi aňladyp, näme etdi?, näme etdiler?, näm eedýär.?, näme edýärler?, näme eder?,  näme ederler?, näme et jek?,  näme etjekler? diýen soraglara jogap bolýarlar (aldy, alaýlar,   alýar,   alýarlar,   alar,   alarlar,   aljak, aljaklar).

* * *

375-nji gönükme. Läleleri okaň we göçüriň. Her sözüň nähili soraga jogap bolýandygyny we haýsy söz toparyna degişlidigini aýdyň.

LÄLELER

Garaguma suw geldi,

Suw üstüne guw geldi.

Çaňap ýatan boz meýdan

Otly lälezar boldy.


Alma, narlar iýýäris,

Atlaz, ýüpek geýýäris.

Watanymyň halkyny

Janymyzdan söýýäris.

* * *

376-nji gönükme. Hekaýany okaň. Has gara ýazylan sözlerden atlary biraýry, sypatlary biraýry we işlikleri biraýry ýazyň hem-de olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyp beriň.

Gar ýagdy. Ol ertire çenli daş-töweregi ak yorgan ýaly etdi. Obanyň gündogar tarapyndaky gür üzümçilige çenli uzalýan ýer tep-tekiz gömüşe girdi.

Uly oba aýaga galdy. Gurban aga eýýäm öýme-öý aýlandy. Ol öz bölüminiň adamlaryny saman, ýandak, bede ýüklemäge iberdi. Bu gar guma-da ýagypdy. Daýhanlar üsti ýükli maşynlary guma Ugradýarlar. Dynç güni bolsa-da, meniň klasdaşlarym ýygnandylar. Olar kömege gitdiler.

B. Sähedow, «Sahra mekdebi».

1.  Hekaýanyň manysyny gürrüň edip beriň

2.   Aýaga   galmak   düşünleriniň   manysyny sözlükden görün we öwreniň.

* * *

377-nji gönükme. Okaň we kim?, näme?, nire?

diýen soraglara jogap bolyan sözleri tapyp, olaryň haýsy söz  toparyna degişlidigini aýdyp beriň

KÖPETDAG GORAG GULLUGY

1976-njy ýylda Köpetdagda haýwanlary we ösümlikleri gorag gullugy işläp başlady. Oňa Köpetdag gorag gullugy diýilýär. Ol Aşgabat, Gökdepe etraplarynyň daglyklaryny hem-de dag etegindäki ýerleri öz içine alýar. Muňa Aşgabat we Kaka etraplarynyň hem 75 müň gektar ýeri girýär.

Haýwanat we ösümlik dünýäsine baý bolan bu ýerlerde dag tekeleri, goçlar, bars, ýekegapan, gaplaň, aýy, käkilik ýaly haýwanlar we guşlar bar. Gorag gullugynyň işgärleri haýwanat hem ösümlik dünýäsini, dag tokaýlaryny gorap saklaýarlar.

A. Gylyjow, «Güneşli ülkäniň görki».

haywanat

Hekaýany mazmuny boýunça böleklere bölüň we her bölege degişli sözbaşy tapyň.

* * *

378-nji gönükme. Göçüriň we nähili?, neneňsi?

diýen soraglara jogap bolýan sözleriň aşagyny çyzyň, olaryň haýsy söz toparyna degişlidigini aýdyp beriň.


Mary şäheri Türkmenistan dowletiniň uly hem owadan säherleriniň biridir. Ol welaýat merkezi. Welaýatyň daýhan birleşiklerinde ak pagta, inçe süýümli pagta köp ekilýär.

Daýhan birleşikleriniň gök ekin meýdanlaryna mele suwly ýaplar akyp ýatyr. Mary şäherinden Aşgabada giň, uly, gowy ýol geçýär. ,

Mary  şäheri  hakynda  öz  bilýänleriňizi  gürrüň edip beriň.

* * *

379-nji gönükme. Göçüriň. işlik söz toparyna (zaman aňladýanlaryna) degişli sözleriň aşagyny cyzyň we olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyp beriň.

MEKDEBIMIZIŇ BEDENTERBIÝEÇILERI

Biziň mekdebimiziň Bedenterbiýeçileri Aşgabada gitdiler. Olar ýaryşa gatnaşýar. Geçen ýylky ýaly birinji orny eýelemek üçin göreşerler.

9-njy klasyň okuwçysy, ökde ýüzüji Gözel ýüzmek boýunça birinji ýeri eýelär diýen tamamyz bar. Mekdebimiz olaryň çykyşyna garaşýar. Bedenterbiýeçiler ýene on günden gelerler. Biz olary garşylajak.

bäsleşik

* * *

380-nji gönükme. Göçüreniňizde, ýaýyň öň ýanyndaky sözüň aşagyny cyzyň. Ýaýyň içinde bolsa, şol söze berilýän soragy ýazyň we onuň haýsy söz toparyndandygyny aýdyp beriň.


Akmyrat (...) Kiýewde okaýar (...). Ol Kiýewe öten ýyl gitdi (...). Dokuzynjy klasy Akýaýlada (...) gutardy. Akýaýla uly (...) oba. (...) Onda dokuz ýyllyk mekdep (...) bar. Ol mekdebi gowy (...) bahalar bilen gutardy (...). Akmyrat Kiýewdäki ýokary okuw jaýyny gutarandan Soň, obamyzdaky orta hünärmen okuw jaýynda işlejek   (...). Oňa çenli orta hünärmen okuw jaýyna täze    (...) jaý salnar   (...).

Nusga: Akmyrat (kim?) Kiýewde okaýar (näme edyär?).

* * *

381-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözleri depderiňize göçürip alyň we olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny, haýsy söz toparyna degişlidigini aýdyp beriň,

GUWANJYMYZ  SERDARYMYZ

Merhemetli Prezideniirniz Saparrnyrat Türkmenbaşy ýurdumyzyň gözelleşmegi, halkymyzyň durmuş ýagdaýynyň has-da gowulanmagy barada gije-gündiz aladalanýar.

Azyk bolçulygyny döretmek, obalary, şäherleri abadanlaşdyrmak, ilatyň saglygynyň goralyşyny düýpli gowulandyrmak Beýik Serdarymyzyň alyp barýan halk bähbitli işleriniň diňe bir bölegidir.

Mähriban Serdarymyz Hindiwar dagynyň üstünden Saglyk ýoluny gurdurdy. Muňa halk "Serdar ýoly" diýip, at berdi.

Bu ýoly görmäge, ondan ýöräp geçmäge gelýänler gün-günden köpelýär. Oňa ýurdumyzyň hemme ýerinden adamlar gelýärler.

Mugallymlar okuwçylary bilen gelip, ol ýoldan geçyärler. Bu ýoly görýänleriň, ondan ýöräp geçýänleriň hemmesi sarpaly Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşa alkyş aýdýarlar, oňa uzak ömür dileýärler.

Makalanyň mazmunyny dilden aýdyň.