12. GEÇILENLERI GAÝTALAMAK

349-njy gönükme. Hekaýajygy okaň, has gara ýazylan sözleriň haýsy düşümdedigini we olaryň jogap bolýan soraglaryny aýdyp beriň

SEÝIL BAGYNDA

Myrat dynç güni kakasy bilen seýil bagyna gezelenje gitdi. Olar bagda Atany gördüler. Atanyň

ýanynda kakasy hem bar eken.

Myrat, Ata dagy bagda iki sagada golaý gezdiler, dynç aldylar. Ata bilen Myrat küşt oýnady. Soňra olar bagdan çykyp, öýlerine gaýtdylar.

* * *

350-njy gönükme.

Aşakdaky sözleri düşümler bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň.


1.  Baş düşüm - sabyn, ekin, kitap, käse.

2.   Eýelik düşüm -

3.    Yöňeliş düşüm -

4.    Yeniş düşüm -

5.    Wagt-orun düşüm -

6.    Çykyş düşüm –

* * *

351-njy gönükme. Aşakdaky atlary okaň we olary nusgada görkezilişi ýaly edip, depderiňize göçüriň.

Düýe, horaz, sürüji, terbiýeçi, pazyl, towuk, ýowşan, ysmanak,

daýhan, mugallym, dutarçy, bagşy, ýorunja, selme, okuwçy,

jüýje, taý, kürre, köşek, çyrmaşyk.

Nusga:

Adamlary aňladýanatlar:

Sürüji

Haýwanlary aňladýan atlar:

düýe

Ösümlikleri aňladýan atlar:

pazyl


daýhan

* * *

352-njy gönükme. Ozüňizden adamlary aňladýan bäş sany, haýwanlary aňladýan bäş sany, ösümlikleri aňladýan bäş sany söz tapyp, depderiňize ýazyň.

* * *

353-njy gönükme. Sözlemleri okaň we bu sözlemlerdäki sypatlary, olaryň soraglaryny aýdyp beriň.

1. Gün çykdy. Beýik daglaryň depesindäki ak garlar eredi.

2. Çary äpişgeden gök asmanyň ýüzüne seredip otyr.

3. Kakam mana ak, sary, gyzyl, goňur reňkli galamlardan birnäçesini getirip berdi.

4. Biziň mekdebimiziň okalgasynda gyzykly kitaplar köp.

5. Merediň gök köýnegi, gara balagy, goňur köwşi bar.

* * *

354-njy gönükme. Aşakdakylary göçüriň. Sypatlaryň aşagyny cyzyň we olaryň aňladýan manysyny aýdyp beriň.

Dury suw,  

Turşy çal,

Gyzgyn çörek,

Goňur koýnek, 

Tegelek nan,   

Süýji gawun

Gyzyl mata

Ullakan telpek

Mürrük terne

Ýuwan nahar,

Ala mata

Mele çäkmen.

* * *

355-njy gönükme. Şygry labyzly okaň we sypatlary depderiňize göçüriň.

ÝAZ ÝAGSY

Üwräp uzyn şahalary, Ýazyň mymyk ýeljagazy, Pyşyrdapjyk hüwdüledi Gyzyl köýnek güljagazy.

Az salymdan çalja bulut, Çalja murtun towlap gitdi. Sahalara monjuk düzüp, Töweregi suwlap gitdi.

A. Baýmyradow.

Göçürip alan sypatlaryňyzyň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.

* * *

356-njy gönükme. Nokatlaryň ýerine şol zatlaryň reňkini, hilini aňladýan degişli sypatlary ýazyp, aşakdakylary depderiňize göçüriň.

...kömür     ...mata             ...dag               ...ýüp

...agaç        ...suw              ...gawun          ...hyýar

...kagyz      ...haly              ...keçe             ...galam


Nusga: gara kömür, ak mata, ...

Nokatlaryň ýerine ýazan sypatlaryňyzyň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.

kagyz

* * *

357-njy gönükme. Hekaýajygy okaň we häzirki zaman işliklerini, olaryň jogap bolýan soraglaryny aýdyp beriň.

OBA HEM SÄHER

Biziň Watanymyz Türkmenistanda oba bilen şäher adamlary arkalaşykly işleýärler. Bular biri-birine mydama kömekleşýär. Oba şäher ilatyny dürli azyk önümleri bilen üpjün edýär.. Şäher bolsa oba zähmetkeşleri üçin oba hojalyk gurallaryny taýýarlaýar. Gurluşyk enjamlaryny öňdürýär.

1.  Hekaýajygyň manysyny gürrüň edip beriň

2.  Çig mal aňlatmasynyň manysyny sözlükden görüň we öwreniiň.

* * *

358-njy gönükme. Göçüriň. Öten zaman işlikleriniň aşagyna bir çyzyk, geljek zaman işlikleriniň aşagyna iki çyzyk çyzyň.

1. Mergen aga işden geldi, iş eşiklerini çykardy. Oňat ýuwundy.

2. Men işe gitjek. Meniň bilen Durdy hem gider. Men şu gün ejeme pagta ýygyşjak. Olar agşam işden gelerler.

Aşagyny çyzan öten  we geljek zaman işlikleriňiziň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyp beriň.

* * *

359-njy gönükme. Okaň. Dilden zaman aňladýanişlikleri w e olaryň soraglaryny aýdyň.

NOWRUZ BAYRAMY

Her ýylyň 21-nji martynda köp halklar Nowruz baýramyny — Täze ýyl baýramyny belleýärler. Biziň Watanymyzda bu baýramy bellemek Türkmenistan Garaşsyz döwlet bolandan Soň başlandy. Biz indi öz däp-dessurlarymyza eýe bolduk.

Nowruz baýramynda hemmeler oňat geýnip, köçelere cykýarlar, ýörite meýdançalarda üyşüp, aýdym aýdýarlar, tans edýärler. Aýlawlarda at çapyşygy hem geçirilýär.

Hemme ýerde toý, şatlyk, baýramçylyk dabarasy adamlaryň ruhuny göterýär. Adamlar bir-birlerini Nowruz baýramy bilen gutlaýarlar.

Nowruz baýramy hemişe ajaýyp bahar günlerine gabat gelýär.

Däp-dessur sözüniň manysyny sözlükden görün we öwreniiň.

* * *

360-njy gönükme. Okaň. Has gara ýazylan işliklerin haýsy zamandadygyny, goşulmasyny we soraglaryny aýdyp beriň

Sygyr çopany uly ýol bilen gitdi. Öňünden atbakan çykdy. Atbakandan kör garganyň öýüni sorady.

Atbakan:

.

Şu ýol bilen gidiberseň, öňüňden düýe çopany çykar,
Soňdan   sorasaň   aýdar   — diýýär.    Öňünden   düýe
çopany çykýar.

Bu düýeler kiminki? — diýip, ýaňky adam çopandan
soraýar.

—Bu   düýeler   kör   gar- ganyňky.

—     Kör garganyň öýi nirede? Men ony nädip taparyn? Soňra   düýe   çopan   ol   adama   kör   garganyň   öýüňi görkezýär.  

Ol   adam   kör  garganyň   öýüne   barýar, onuň bilen salamlaşyar, oturýar, çaý-çörek iýýär, gürrüňleşýär.   Kör  garga  ýaňky  adamyň  eline  bir boş saçak berýär we:

—     Şu saçaga: "Açyl, saçagym, açyl, lezzetli naharlar seçil!" diýseň, sacagyň içi her hili naharlardan dolar
— diýýar.

(«Kör garga» ertekisinden).

Ertekiden   alnan   şu   bölegin   manysy   boýunça soraglar düzüp, depderiňize ýazyň. Meselem:     

1. Sygyr çopany nirä gitdi?

2. Sygyr çopanynyn öňünden kim çykdy? 

3.

* * *

361-njy gönükme. Aşakdaky işlikleri öten, häzirki we gel jek zamanlara öwrüp, depderiňize ýazyň.

Ýaz, gel, gir, otur, dur, bil.

Nusga:

Öten zaman işligi:

Ýazdy

geldi

...

Häzirki zaman işligi:

Ýazýar

gelýär

...

Geljek zaman işligi:

Ýazjak, ýazar

geljek, geler

...

Depderiňize ýazan öten, häzirki we geljek zaman işlikleriňiziň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyp beriň.