|
C) GELJEK ZAMAN IŞLIGI 334-nji gönükme. Sözlemleri okaň we has gara ýazylan işlikleri nusgada görkezilişi ýaly edip, depderiňize göçüriň. Men ýazky dynjalyş günlerinde oba atamlara gezmäge gitjek. Atamlarda bäş gün boljak. Soňra öýümize gaýdyp geljek. Meniň bilen atam bize geler. Ol bizde myhmançylykda bolar. Atam şäheriň gözel ýerlerine barar. Täze gurlan jaýlary, seýilgähleri görer. Nusga: Düýp işlikler: Goşulmalar: Git -jek gel -er ... ... Göçüren işlikleriňiziň soňuna goşulan goşulmalary aýdyp beriň. * * * 335-nji gönükme. Sözlemleri okaň we soňuna -jak, -jek, -ar, -er goşulmalary goşulan işlikleri saýlap, depderiňize göçüriň. 1. Mekdebimizde şahyrlar bilen duşuşyk boljak. 2. Men Ata hat ýazjak. Ol bize gezmäge geljek. 3. Men dynç güni kino gitjek. 4. Meret ertir geler. 5. Gözel okuw esbaplaryny alar. 6. Oraz maňa hat ýazar. Göçüren işlikleriňiziň geljek zaman işligidine üns beriň.
* * * 336-nji gönükme. Sözlemleri üns berip okaň we geljek zaman işliklerini aýdyp beriň 1. Doganym tomus Arçmana gider. Ol Arçmanda bir aý bolar. 2. Men mekdebimiziň kitaphanasyndan gyzykly kitap aljak. Ony arassa we gowy saklajak. Ony başdan-aýak okajak. 3. Ertir oglanlar ýaryşa giderler. Olar Aşgabatda bolarlar.
1. Ýokarky sözlemlerden geljek zaman işliklerini 2. Ýaryş sözüniň manysyny özüňizçe düşündiriň. * * * 337-nji gönükme. Nakyllary okaň, -ar, -er goşulmasy goşulyp ýasalan geljek zaman işligini, olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň. NAKYLLAR Aý dogsa, älem görer. Ody gozgasaň, öçer, Goňşyny gozgasaň, göçer. Hakykat polady ýarar. Çopanyň aýagy ýetmese, taýagy ýeter. Ulynyň diýenini etmedik uwlar. işleýäne "Arma!" diýip aýdarlar. El eli ýuwar, iki el birigip, ýüzi ýuwar. Ýalançy töre bir geçer. * * * 338-nji gönükme. Okaň we göçürň, -jak, -jek goşulmasy goşulyp ýasalan geljek zaman işliginiň aşagyny Çyzyň, olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyp beriň Indiki hepdede biziň obamyza ýaş howesjeň sazandalar we bagşylar geljek. Olar aýdym aýdyp, saz çalyp berjekler. Mekdebimiziň okuwçylary şol ýere barjaklar. Biz ýaşajyk sungatçylar bilen duşuşjak we olara ýokary sylaglar gowşurjak. Siz aýdym-saz çalynjak güni nirede boljak? Olar günortana çenli ýowarda boljak. Agşam aýdym-saz diňlemäge geljekler.
* * * 339-nji gönükme. Okaň. Geljek zaman işliklerini tapyň we olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyp beriň 8-nji MART 8-nji Mart aýal-gyzlaryň baýramçylyk günüdir. Merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň Permanyna laýyklykda 8-nji Mart Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň aýal-gyzlarynyň milli baýramçylygy hökmünde bellenilýär.
Biziň ýurdumyzda aýal-gyzlar dürli kärhanalarda, edaralarda mekdeplerde, çagalar baglarynda zähmet cekýärler. Bu gün her bir çaga öz mähriban ejesini baýramçylyk bilen gutlap, enelere gül dessesini gowşurarlar. Kakam işden geler, gyz jigime, ejeme sowgat getirer. Agşam biz aýal-gyzlaryň baýramçylygyna bagyşlanylan dabara gideris. Bayramçylyk bilen gutlamak aňlatmasynyň manysyny dilden aýdyp beriň Sözlükden peýdalanyň.
* * * 340-nji gönükme.Sözlemleri okaň we geljek zaman işliklerini nusgada görkezilişi ýaly edip, depderiňize göçüriň. MASLAHAT
Nusga:
* * *
341-nji gönükme. Aşakdaky işlikleri okaň we olaryň içinden geljek zaman işliklerini saýlap, depderiňize göçüriň. Oýnajak, oýnaýar, oýnady, oýnar, ýazar, ýazýar, ýazdy, ýazjak, görer, gördi, görýär, görjek, geldi, gelýär, geler, geljek, ýatýar, ýatarlar, ýatdy, ýatjak, gitjekler, gider, gidýär. * * * 342-nji gönükme. Aşakdaky işlikleri okaň, soňra olary geljek zaman işligine öwrüp, depderiňize göçüriň. Ýaz, bar, gel, gör, otur, çyk, aç, ýap, gel. Nusga: ýaz-ar, ýaz-j ak , gel-er, gel-jek, ... * * * 343-nji gönükme. Okaň we geljek zaman işlikleriniň näme etjek?, näme etjekler?, näme eder?, näme ederler? diýen soraglara jogap bolýandygyna üns beriň
Ýokarky sözlemleri depderiňize göçüriň.
* * *
344-nji gönükme. Sözlemleri okarı we geljek zaman işliklerim hem-de olaryň soraglaryny aýdyň. 1. Sadap gölä ot berer, ony suwa ýakar. 2. Çagalar gelerler, şu ýerde oturarlar, suratlary görerler. 3. Men surat çekilýän depder aljak. Oňa dürli suratlar çekjek. 4. Sona, Oraz, Jeren dagy öýlän mekdebe gitjekler. Olar oýun goýjaklar. 5. Dynç güni men kakam bilen köle gitjek. Kölde suwa düşjek.
* * * 345-nji gönükme.. Sözlemleri okaň we geljek zaman işliklerini saýlap, depderiňize göçüriň. 1. Men Çary bilen top oýnajak. 2. Aman ertir geler. 3. Biz ertir şähere gitjek. 4. Myhmanlar dokma kärhanasyna bararlar. Ol ýerdäki dokalýan halylary görerler. Olar bize geljekler. Garry atam bilen gürleşjekler. Göçüren geljek zaman işlikleriňiziň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyp beriň. * * * 346-nji gönükme. Matallary okaň we göçüriň. Geljek zaman işliginiň aşagyny çyzyň, onuň goşulmasyny we soraglaryny aýdyp beriň MATALLAR Ýere girer, güm atar (pil).
Ýeri ak, Tohumy gara, El bilen ekerler, Dil bilen orarlar (hat).
Bir dostum bar, Daglara geler, gider (umur).
Pessejik tamdan gar ýagar (elek). Matallaryň manysyny, olardaky meňzetmeler hakynda dilden aýdyp beriň. * * * 347-nji gönükme. Okaň we geljek zaman işliklerini nusgada görkezilişi ýaly edip, depderiňize göçüriň. Oýnarlar, oýnady, oýnajaklar, diňlejek, görjek, görýär, bilýär, biler, biljekler, bararlar, bardylar, gitjek, oturar, ýazarlar, ýazjaklar, barlajak, barjaklar, oturdy, oturjak.
* * *
348-nji gönükme. Hekaýajygy üns berip okaň we aşakdaky taslama esasynda onuň mazmunyny depderiňize ýazyň. ÝAZ Aýazly gyş gutardy. Indi ýaz geldi. Häzir ýylyň ýaz pasly. Ýazyňa günler uzaýar. Howa maýyl bolýar. Meýdanlarda otlar gögeryär. Dumly-duş ýaşyl öwüsýär. Daýhanlar ekin ekýärler. Ýazyň gutarmagy bilen tomus düşýär. Ýazda ekilen ekinler tomsuna hasyla durýarlar. Daýhanlar ekinleriň hasylyny ýygnarlar. Özlerinden artan gök we beýleki öňümleri şäher ilatyna berýärler. Meýilnama: 1. Häzir ýylyň haýsy pásly? 2. ýazyňa günler näme edýär., howa nähili bolýar? 3. Daýhanlar ýazyna näme edýärler? 4. Ekinler haçan hasyla durýar? 5. Daýhanlar ekinleriň hasylyny näme ederler? 6. Olar özlerinden artýan öňümleri kime berýärler? |