|
b) HÄZIRKI ZAMAN IŞLIGI 317-nji gönükme. Hekaýany okaň, has gara ýazylan işlikleri nusgada görkezilişi ýaly edip, depderiňize göçürň we olaryň goşulmasyny aýdyp beriň
pagta has gowy ýetişýär. Sowuk urandan Soň, ýygnalan pagtanyň hili pes bolýar.
Hekaýanyň mazmunyny aýdyp beriň. Nusga: Düýp işlikler: Goşulmalar: Ek -yär açyl -ýar
* * * 318-nji gönükme. Ýazgyny okaň we soňuna -ýar, -yär goşulmasy goşulan işlikleri saýlapf depderiňize göçüriň. ÇOMUÇ Mähriban Watanymyzyň daglarynda, düzlerinde dermanlyk ösümlikler köp ösýär. Çomuç hem dermanlyk ösümlikleriň hataryna girýär. Çomuç, esasan, gumda bitýär. Çomujyň dik ösýän ýogyn palajy bolýar. Onuň palajy çigligine-de iýilýar. Ony oda gömüp bişirip hem iýip bolýar. Çomuçdan toşap hem gaýnadylýar. Çomuç iç kesellerini bejermek üçin ulanylýär. Göçüren işlikleriňiziň häzirki zaman işlikleridigini bilip goýuň.
* * * 319-nji gönükme. Sözlemleri üns berip okaň, häzirki zaman işliklerini aýdyň we depderiňize göçüriň. KÖRPE SAZANDA Geldi ikinji klasda okaýar. Ol hemme sapaklardan bäşlik baha almaga çalyşýar. Geldi mekdebimizdäki saz öwrenýänler toparyna-da gatnaşýar. Ol eýýäm käbir sazlary özbaşdak çalyp bilýär. Geldiniň özünden uly dogany Atamyrat altynjy klasda okaýar. Ol dutar çalýar. * * * 320-nji gönükme. Hekaýany okaň we häzirki zaman işliklerini nusgada görkezilişi ýaly edip, depderiňize ýazyň. GARAGUM Garagum uly çöl hasaplanýar. Garagumda tomsuna toprak gaty gyzýar. Şol wagtlar çägede ýumurtga bişirmek hem bolyar. Garagumda çerkez, gandym, selin ýaly ösümlikler bitýär. Keýik, zemzen, hažžyk, suwulgan ýaly haýwanlar ýaşaýar. Garagumda ýagyş, gar az ýagýar. Takyra ýagyş ýagsa, ol erbet batga öwrülýär. Garagumdaky çäge ondan-oňa süyşýär. Ýaz pasly Garagum gök öwüsýär. Çagalar oýnaýarlar, owlak-guzular bökjekleşýärler. Tomsuna otlar guraýar. Hekaýanyň mazmuny boýunça soraglar düzüp, depderiňize ýazyň. Nusga:
* * * 321-nji gönükme. Hekaýajygy okaň, soňra göçüriň Häzirki zaman işliklerini dilden aýdyň.
* * * Ýazdy, ýazýar, ýazjak, ýazar, biler, bildi, bilýärler, biljek, aýdýar, aýtdy, aýdar, ýatýar, ýatar, ýatjak, ýatdy, çykdy, çykýar, çykjak, çykar, işledi, işlar, işleýärler, işlejek, süpürdi, süpürjek, süpürer, dokaýarlar, dokady, dokajak, dokar. * * * 323-nji gönükme. Okaň. Bulardan öten we häzirki zaman işliklerini saýlap, nusgadaky ýaly edip, depderiňize ýazyň. Arassalady, arassalaýar, göterýärler, göterdi, göterjek, ýöremek, ýöreýar, ýörejek, ýöredi, göterer, ýörär, daşamak, daşaýar, barlamak, barladylar, daşady, daşar, barlaýar, barlar, barlajak, daşajak, seretmek, seretdiler, seredýär, sereder, seretjek, gaýdýär, gaýtdy, geldiler, barýarlar. Nusga:
* * *
324-nji gönükme. Aşakdaky işlikleri häzirki zaman işligine öwrüp, depderiňize göçüriň. Diňle, otur, çyk, bar, gözle, oka, ýaz, ýat, getir, döw, bejer, suwar, bişir. Nusga: dinle-yär, otur-ýar, ... * * * 325-nji gönükme. Matallary okaň we göçüriň. Häzirki zaman işlikleriniň aşagyny çyzyň, olaryň soraglaryny we goşulmasyny aýdyp beriň. MATALLAR Garaja goluň içinde Garaja güjük gygyrýar (Gazaw).
Gury ýap içinde gulan gygyrýar (Tüydük). Ýogyn agaç ýondugyňça ýognaýar (Ýap). Kiçijik oglan dagdan odun düşürýär (Päki). Men gaçýaryn ol kowýar (Kötege). Men gidýärin ol galýar (Yz).
Haý-haý atym, haý atym, Ala jully taý atym, Arpa bersem iýmeýär, Suwsuz ýerde gezmeýär (Gurbaga). Matallaryň many syny, olardaky meňzetmeleri özüňizçe düşündirip beriň. * * * 326-nji gönükme. Okaň we häzirki zaman işlikleriniň näme edýär.?, näme edýärler? diýen soraglara jogap bolýandygyna üns beriň
Ýokardaky sözlemlerden näme edýär.?, näme edýärler? diýen soraglary we olara jogap bolýan işlikleri depderiňize göçüriň. Nusga: näme edýär.? kişňeýär, näme edýärler? kişňeýärler... * * * 327-nji gönükme. Sözlemleri okaň we häzirki zaman işliklerini hem-de olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.
KÄRHANADA Ýeri suwarýarlar, ony ekişe taýýarlaýarlar. Gowaça ekýarler. Gowaça ýetisýar. Goza acylýar. Ony ýygýarlar, pagta harmanyna tabşyrýarlar. Soňra kärhana eltýärler. Kärhanada pagtany arassalaýarlar. Arassalanan pagtany egirýärler we dokaýarlar. Ondan mata emele gelýär. Bu matalary dükanlarda satýarlar. Pagtanyň ähmiýeti hakynda gürrüň edip beriň.
* * * 328-nji gönükme. Göçüriň. Häzirki zaman işlikleriniň aşagyny çyzyň, yz ýanynda ýaýyň içinde onuň soragyny ýazyň. 1. Selbi kitaphanadan köp kitap alýar. Ol alýan kitaplarynyň hemmesini doly okaýar. Okaýan kitaplarynyň mazmunyny bize-de aýdýar. 2. Daýhanlar ekin ekýärler. Ony suwarýarlar, içiniň otuny otaýarlar. Olar ekinlere gowy seredýärler. Ekinler hasyla durýar. Onuň hasylyny ýygýarlar we peýdalanýarlar. Otamak işliginiň manysyny sözlükden görün we öwreniň. Nusga: Selbi kitaphanadan köp kitap alýar (näme edýär?). * * * 329-nji gönükme. Okaň we bularyň içindäki häzirki zaman işliklerini nusgada görkezilişi ýaly edip, depderiňize göçüriň. Darady, daraýar, bilýar, biler, daraýarlar, bilýärler, biljek, darajak, barlaýar, barlady, barlaýarlar, bildi, bejerýär, bejerdi, bejerer, bejerýärler, seretdi, seredýär, sereder, seredýärler. Nusga:
* * *
330-nji gönükme. Okaň we häzirki zaman işlikleriniň yzyndan ýaýyň içinde olaryň degişli soraglaryny ýazyp, sözlemleri göçüriň. 1. Bagşy aýdym aýdýar. Adamlar diňleýärler. Olar aýdymdan lezzet alýarlar. 2. Gözeljik gurjak oýnaýar. 3. Sähetier Aşgabada göçýärler. 4. Merediň dogany uniwersitetde okaýar. 5. Kakam işden gelýär. Nusga: Bagşy aýdym aýdýar. (näme edýar?). * * * 331-nji gönükme. Okaň we häzirki zaman işliklerini hem-de olara degişli soraglary aýdyp beriň
KIT Kit daşky görnüşi we suwda ýaşaýsy boýunça balyga meňzeýär. Şonuň üçin hem oňa halk arasynda kit balyk diýýärler. Hakykatda bolsa kit süýdemdiriji haýwanlar toparyna girýär. Kit çagasyny süýt bilen iýmitlendirýar. Kit oran úly haýwan bolýar. Olaryň kähirinin uzynlygy 22-23 metre ýetýär. Kitler 90-100 ýyla çenli ýasaýarlar. Kitler suwda ýasaýarlar. Olar ummanlaryň hemmesinde-de duşýarlar. Kitiň ýagyny, hamyny, etini, murtuny senagatda peýdalanýarlar. 1. Yokarky sözlemlerdäki häzirki zaman işliklerini 2. Hekaýajygyň mazmuny boýunça meýilnama Nusga:
* * *
332-nji gönükme.Okaň. Aşakdaky işlikleri öten we häzirki zaman işliklerine öwrüp, nusgadaky ýaly görnüş de depderiňize ýazyň. Oýlan, pikirlen, daran, ýuwun, gözle, diňle, oka, bejer, getir. Nusga: Öten zaman Häzirki zaman Oýlandy Oýlanýar pikirlendi pikirlenýär
* * *
333-nji gönükme. Aşakdaky häzirki zaman işlikleriniň hersine degişli bir sözlem düzüp, depderiňize ýazyň. Ýazýar, gelýär, oýnaýar, gidýärler. Nusga: Jeren şäherde okaýan doganyna hat ýazýar. Şygry labyzly okaň we ýat tutuň. 8-nji MART GELDI Ak garlary eredýän 8-nji mart geldi. Dünýäde gül döredýän Sekizinji mart geldi.
Meňzäp enäň keşbine, Meňzäp şatlyk köşgüne, Joşgun goşup joşguna, Sekizinji mart geldi.
Uzat, ene, elleriň, Kabul et ter gülleriň. Waspyň edýär dillerim, Sekizinji mart geldi.
Gutly bolsun, jan eje, Saňa söýgim kän, eje, Heýjan elek, jana jan, Sekizinji mart geldi. A. Muhadow, |