a) ÖTEN ZAMAN IŞLIGI

301-nji gönükme. Sözlemleri okaň we has gara ýazylan işlikleriň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň we olary nusgada görkezilişi ýaly edipf depderiňize göçüriň.

1.  Gyş çykdy. Ýaz geldi. Howa maýlady. Meýdanda otlar gögerdi. Guşlar uçdular. Guşlar gondular.

2.   Ata kino gitdi. Ol öýe sagat dörtde geldi, iş gutardy. işçiler işden geldiler.

Nusga:

Düýp işlikler:

çyk

Goşulmalar:

-dy

* * *

302-nji gönükme. Okaň, -dy, -di goşulmasy goşulan işlikleri, olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.

SERHETÇI TÜRKMEN

ESGERLERI


Bu gün kakam irden turdy.

Ol täzeje harby eşigini, ýaşyl papagyny geýdi. Kakam serbetçi.

Ejem maňa-da täzeje eşiklerimi geýdirdi.

Men heniz bäş yaşymda. Men hem öz şerbetçi papagymy geýdim. Biz daşaryk çykdyk.

Serbetçi türkmen esgerleri nyzama düzüldiler.

* * *

303-nji gönükme. Şygry labyzly okaň.

BUGDAÝ

Gök maýsa bolan mahaly,  

Bolar göýä ýasyl haly.        

Bişse misli deňiz ýaly.

Tolkunlar her ýana, bugdaý,


Yhlas bilen zähmet çekseň,   

Her dänän müň bolar ekseň.

Sümbül wagty synlap baksaň,

Baş eger daýhana, bygdaý.


Däne däldir, bagt barmany,

Öndüren çekmez armany,

Saglygyň yalňyz dermany,

Şypalydyr jana, bugdaý.


Akly bolan gadryň biler,

Köp öňdüren alkyş alar,  

Bar öňümler tagzym kylar,

Seniň dek pälwana, bugdaý.


Adam döräp, ýoldaşy sen,

Hemmäniň göwün hoşy sen,

Ähli nygmatyň basy sen,

Meňzärsiň soltana bugdaý.

Annadurdy şahyr. «Bugdaý».

Bu gosgynyn manysyny hem-de bugdaý hakynda öz bilýänleriňizi gürrüň edip beriň.

Sonuňa  -dy,  -di goşulmasy goşulan  işlige öten zaman işligi diýilýär.

Öten zaman işligi näme etdi? , näme etdiler? diýen soraglara jogap bolýar.

Meselem: bil-di, ýaz-dylar, git-di, çyk-dylar, başla-dy, gel-diler.

* * *

304-nji gönükme. Sanawaçlary okaň we göçüriň. Öten zaman işliginiň aşagyny çyzyň we onuň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyp beriň

SANAWAÇLAR

Gün çykdy, 

Gülälek çykdy.

Harman başyna  

Jäjek çykdy.

Ýörmeläp ýola çykdym.

Ýoldan bir dary tapdym.

Daryny towuga berdim,

Towuk ýumurtga berdi.

Ertir irden gitdiler,      

Agşam aryp geldiler.

Armak sözüniň manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň.

* * *

305-nji gönükme. Okaň we öten zaman işliklerini nusgada görkezilişi ýaly edip, depderiňize ýazyň.

1. Okuw gutardy. Okuwçylar klasdan çykdylar. Kiçijik Maýsa öz öýlerine gitdi.

2. Çary aga ata-eneleriň ýygnagyna geldi. Ol mekdebiň uly kömekçisi. Biziň rnugallymymyz Çary aga bilen salamlaşdy. Soňra olar ýygnagyň geçjek ýerine bardylar. Oturgyçlarda oturdylar. Ýygnak başlandy.

Nusga:

Öten zamany aňladýan işlikler, olaryň goşulmasy  we soraglary: gutar-dy (näme etdi?)

* * *

306-nji gönükme. Okaň we göçüriň. Öten zaman işlikleriniň aşagyny çyzyň.

BIKE BILEN SONA

Bike kitapdan bir hekaýany sesli okady. Sona hekaýany diňledi. Soňra Sona hekaýanyň mazmunyny ýatdan aýtdy. Gyzlar hekaýany haladylar.

Sona ýanjygyndan bir goşguly kitap çykardy. Ol gyzykly goşgulary okady.

Olar goşgulary depderlerine göçürdiler.

Aşagyny çyzan öten zaman işlikleriňiziň soraglaryny we goşulmasyny aýdyp beriň.

hekaýa

* * *

307-nji gönükme. Aşakdaky işlikleri okaň we olaryň içinden öten zaman işliklerini saýlap, depderiňize göçüriň.

Okaýar, okadylar, okajak, okar, barjak, bardy, barýar, barar, geldi, geldiler, gidýär, geljek,

gider, geler, oýnaýar, oýnady, diňlejek, diňleýär, diňledi, ylgaýar, ylgar, ylgajak, ylgady,

gözleýär, gözledi, gözlär, oturdy, oturýar, getirdiler.

* * *

308-nji gönükme. Aşakdaky işlikleri okaň we olary öten zaman işligine öwrüp, depderiňize göçüriň.

Oýna, oka, ylga, gör, diňle, elle, barla, çykar, otur, ýat, arassala, bejer, saýla, çerme,

suwar, bişir, getir, okla, ýöre, dara.

Nusga: oýna-dy, ylga-dy, gel-di, gör-di, ...

* * *

309-nji gönükme. Okaň we öten zaman işlikleriniň näme etdi?, näme eldiler? diýen soraglara jogap bolýandygyna üns beriň.

Okuwçy näme etdi?

Okuwçylar näme etdiler?

Sygyr näme etdi?

Sygyrlar näme etdiler?

Çaga näme etdi?

Çagalar näme etdiler?

Goýun näme etdi?

Goýunlar näme etdiler?

Okuwçy okady.

Okuwçylar okadylar.

Sygyr molady.

Sygyrlar moladylar.

Çaga oýnady.

Çagalar oýnadylar.

Goýun mäledi.

Goýunlar mälediler.

* * *

310-nji gönükme. Hekaýajygy okaň we öten zaman işliklerini hem-de olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.

GUMDA

Gün günorta ýerine bardy. Şamyrat aga bilen Durdy birneme ýadadylar. Bular bir ýerde saklanmadylar. Şamyrat aga Durdyny eşekden düşürdi.

Eşegi duşady, ony otluk meýdana goýberdi. Çaý gaýnatmaga başlady. Durdy çaý gaýnaýança, depeden-depä ylgady, hezil edinip oýnady.

Çay gaynady. Şamyrat aga Durdyny çagyrdy. Olar çaý içdiler. Dem-dynçlaryny aldylar, soňra ýene-de ýola düşdüler.


1.  Hekaýajygyň mazmunyny aýdyp beriň

2.  Duşak sözüniň manysyny sözlükden öwreniiň.

* * *

311-nji gönükme. Okaň. Öten zaman işligini tapyp, onuň soragyny we goşulmasyny aýdyp beriň:

Meleguş atbaşçylaryň arasyna daraşdy. Ol Halnazar baýyň hatarynyň ardyndan,

öňünden ýene bir gezek geçdi. Soň temegini ýokary tutup obadan çykdy...

Atbaşçylar çay içmÄge oturdylar. Mähnet gazandaky palawy aşpez kepgir bilen agdardy.

Gandym aga agzynyň gyllygyny akdyryp, oňa sabyrsyzlyk bilen garaşdy.

(B. Kerbabaýew, «Aýgytly ädim»).

Atbaşçy sözüniň manysyny düşündiriň we ony sözlük depderiňize ýazyň.

* * *

312-nji gönükme. Hüwdülerden we monjugatdylardan bölekleri okaň we göçüriň. Öten zaman işliklerini tapyp, aşagyny çyzyň. Olaryň soragyny we goşulmasyny aýdyp beriň

Işigimizden ýap akdy,

Çöllerimizi suwa ýakdy.

Jigim oňa guwanyp,

Kenaryna gül ekdi.

                                        (Hüwdülerden).

Nowruz geldi, ýaz geldi,

Garga gitdi, gaz geldi,

Oturan adamlara  

Bilbilden owaz geldi.

                                        (Monjugatdylardan).

* * *

313-nji gönükme. Aşakdaky işliklerden öten zaman işliklerini saýlaň we olary nusgada görkezilişi ýaly edip, depderiňize göçüriň.

Okadylar, okady, geldiler, geldi, gördi, gördüler, gitdi, gidýär,

gitdiler, giderler, okaýarlar, okajaklar, oýnady, oýnaýar, oýnajak,

oýnadylar, ylgaýar, ylgady, ylgar, ylgadylar.

Nusga:

«Näme etdi?» diýen soraga jogap bolýan öten zaman işlikleri:

Okady

geldi

«Näme etdiler?» diýen soraga jogap bolýan öten zaman işlikleri:

Okadylar

geldiler.

* * *

314-nji gönükme. Okaň we öten zaman işlikleriniň yzyndan ýaýyň içinde olaryň degişli soraglarynı ýazyp, sözlemleri göçüriň.

1. Okuwçylar gezelenje gitdiler.

2. Meret meni çagyrdy.

3. Maral hat ýazdy. Soňa surat çekdi. Juma kitap okady.

4. Çagalar ilki top oýnadylar, soňra salkyn kölegede dynç aldylar.

Nusga: Okuwçylar gezelenje gitdiler (näme etdiler?).

Kölege sözüniň manysyny düşündiriň.

kölege

* * *

315-nji gönükme. Hekaýajygy okaň we öten zaman işliklerini hem-de olaryň degişli soraglaryny aýdyp beriň.


GUMA GEZELENÇ

Çagalar guma gezelenje gitdiler. Olar guma baryp,

bir ýerde goşlaryny goýdular. Çagalar gumda alaka

gördüler. Çagalaryň biri alakany kowalady.

Alaka gaçdy, oglanjyk ony çyny bilen kowalady.

Alaka derrew hinine girdi. Oglanjyk yzyna gaýtdy. Beýleki çagalaryň ýanyna geldi. Çagalar gumda oýnadylar, dynç aldylar. Giç öýlänler oba gaýdyp geldiler.

1.  Hekaýadaky öten zaman işliklerini we olaryň soraglaryny   nusgada   görkezilişi   ýaly   edip,
depderiňize ýazyň.

2. Goş sözüniň manysyny sözlükden okap owreniň.

Nusga:

Öten  zaman işlikleri:

Gitdiler

kowalady

Bu işlikleriň soraglary:

näme etdiler?

näme etdi?

* * *

316-nji gönükme. Aşakdaky öten zaman işlikleriniň hersine degişli bir sözlem düzüp, depderiňize ýazyň.

Okady, diňledi, gaýtalady, gitdi.

Nusga: Bike goşgulary öz labzy bilen okady.