|
11. İŞLİKLER 295-nji gönükme. Hekaýajygy okaň. GymyIdyny aňladýan sözlere üns beriň BIZIŇ GÖLÄMIZ Okuwdan soň doganym Ýeňiş ýanyma geldi. Biz ota gitdik. Biz ilerimizdäki ekinçilikden bir halta ot ýygdyk. Oty öýe getirdik. Gölämiz heniz kiçijik. Ol gökje ot iýýär. Ýygan otumyzy göläniň öňüne dökdük. Birnäçe wagtdan soň, oňa suw berdik. Göle suw içdi. Biz göläni gowy bakýarys. Şonuň üçin göle tiz ulalýar.
1. Hekaýajygyň mazmunyny gürrüň edip beriň 2. Hekaýajygy mazmuny boýunça böleklere bölüň * * * 296-nji gönükme. Sözlemleri okaň we has gara ýazylan sözleri depderiňize göçüriň. 1. Men kakam bilen guma gitdim. Gumda biz çopanlaryň ýanyna bardyk. Çopanlaryň goşunda iki gün ýatdyk. Soňra öýümize gaýtdyk. 2. Biz Garaşsyz Türkmenistan döwletinde ýaşaýandygymyza guwanýarys. Biziň ýurdumyz gün-günden ösýär. 3. Men Orazy görjek. Oraz bilen bile Kiýewde ýaşaýan dostumyza hat ýazjak. Oňa kitap iberjek.
Göçürip alan sözleriňiziň. gymyldyny, hereketi aňladýandygyna üns beriň we unutmaň.
297-nji gönükme. Hekaýajygy göçürň we işliklerin aşagyny çyzyň. TOWSANJYK
Towşanjyk ke t e kde ýaşaýar. Goňşy çagalar Çarylara geldiler. Olar towşanjygy sypalaýar. Towşanjyk ot iýýär. indi towşanjyk ýatar. Aşagyny çyzan işlikleriňiziň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyp beriň. Ketek sözüniň manysyny düşündiriň.
* * * 298-nji gönükme.Hekaýajygy okaň we olardaky işlikleri aýdyp beriň HALY KÄRHANASYNDA Biziň obamyzda haly kärhanasy üçin täze jaý gurdular. Soltanyň ejesi hem haly kärhanasynda işleýär. Bir gezek biz şol karhana bardyk. Biz ýagty jaýa girdik. Gelin-gyzlaryň bir topary haly dokaýar eken. Biz olaryň işini synladyk. iki sagatdan soňra öýümize gaýtdyk. Hekayajygyň mazmunyny dilden aýdyp beriň.
* * * 299-nji gönükme. Nokatlara derek çyzygyň sag tarapyndaky işliklerden degişlisini ulanyp sözlemleri depderiňize ýazyň.
Nusga: Gurban şäherden geldi. Göçüren sözlemleriňizdäki işlikleriň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyp beriň. * * * 300-nji gönükme. Ýaýyň içindäki nokatlara derek şol işlikleriň degişli soraglaryny ýazyp, hekaýajygy depderiňize göçüriň.
Nusga: Orazlaryň jaýynda garlawaçlar ýaşaýar (näme edýar?).
|