10. SYPATLAR

278-nji gönükme. Soraglary we olaryň jogaplaryny göçüriň. Has gara ýazylan sözleriň nähili?, neneňsi? diýen soraglara jogap bolýandygyna üns beriň

Nähili kagyz?

Nabili erik?

Neneňsi gawun?

Neneňsi dag?

Nähili kömür?

Neneňsi ýap?

Ak kagyz.

Sary erik.

Süýji gawun

Beýik dag.

Gara kömür.

Giň ýap.

Sypatlar   atlara   baglanyp,   atlaryň   hilini, reňkini,   tagamyny,   uly-kiçiligini,   şekilini aňladýarlar we nähili?, neneňsi? diýen soraglara jogap bolýarlar.

Meselem: gök mata, dury suw, gyzykly kitap, süýji alma, kiçijik gürjak, süýri gawun.

279-nji gönükme. Aşakdaky sözlemleri okaň. Sypatlary tapyp, olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.

1. Aşyryň sary köwşi bar.

2. Biziň mekdebimiziň kitaphanasynda gyzykly kitaplar kän.

3. Mugallymymyz depderimizi gyzyl syýa bilen barlaýar.

4. Biziň golaýymyzdaky ýapdan bulanyk suw akýar.

5. Meniň ejem nagyşly jorap örüp bilýar.

6. Akylly çagalary biz gowy gorýäris.

7. Köpetdagda dury suwly çeşmeler kän.

* * *

280-nji gönükme. Matallary depderiňize göçüriň. Atlaryň reňkini aňladýan sypatlaryň aşagyny cyzyň hem-de olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyp beriň.

MATALLAR

Ala jully taý atym,

Suwsuz ýerde gezmez atym (gurbaga).


Aýaksyz towşan,

Gara ýeri böwser (ýylan).


Gök düwünçegi düwüp,

Göge salam iberdim (tüsse).


Garaja gol içinde

Sáry ýaglyk ýalpyldaýar (çelpek).


1.Aşagyny  çyzan  sypatlaryňyz   öz   baglanýan atlarynyň  niresinde   (öňündenmi ýa-da  yzyndan) ulanylýar?

2.Matallaryň   manysyny   öz   sözüňiz   bilen düşündiriň.

Sypatlar  hemişe  öz  baglanýan  atlarynyň öňünden gelýärler.

Meselem: Galyň mata. Ýaşyl tug. Turşy çal. Gysga taýak. Ýasy daş.

* * *

281-nji gönükme. Göçüriň. Sypatlaryň aşagyny cyzyň we olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyp beriň.

Mekdebimiziň uly kitaphanasy bar. Kitaphana hemişe adamly. Ondá okuwçylara gerekli kitaplar bar.

Men çagalar üçin ýazylan çeper eserleri okamagy halaýaryn. Kitaphananyň giň, ýagty otagy, owadan tekjeleri bar. Bularyň hemmesi ata-eneleriň, mugallymlaryň, okuwçylaryň bitiren işleri.

1. Aşagyny çyzan sypatlaryňyz  degişli  atlaryň niresinden gelip ulanylýar?

2. Ýokarky ýazgynyň mazmuny boýunça oňa nähili sözbaşy goýmak bolar?

* * *

282-nji gönükme. Göçüriň we soraglara jogap beriň.

Gara telpek. Ak telpek. Goňur telpek.

Bulanyk suw. Düry suw. Hapa suw.

Ajy suw. Suýji suw.

Tegelek halka. Giň halka.

Soraglar:

1. Sypatlary tapyp, olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.

2. Bu sypatlar degişli atlaryň, ýagny öz baglanýan atlarynyň niresinden gelip ulanylýarlar we şol atlaryň nämesini aňladýarlar?

kitaphana

* * *

283-nji gönükme. Hekaýany okaň we nähili?, neneňsi? diýen soraglara jogap bolýan sypatlary öz degişli atlary bilen depderiňize göçüriň.

BAÝYR

Biziň obamyzyň günortasynda beýik baýyrlyk bar.

Sol baýyrlyk gyşyna ak gara basyrylýar.Ýaz aýlary bolsa ak garlar ereýar, olaryň ýerini  gök otlar büreýär.

Obanyň ownuk we iri mallary şol baýyrlarda agyp-döňüp, hezil edýärler. Baýryň etegindäki gin ýapdan bolsa mydama dury suw akyp ýatyr. Mallar suwsan wagtlary şol ýapdaky süýji suwdan içýärler.

Nusga: beýik baýyrlyk.

* * *

284-nji gönükme. Sözlemleri göçürň we sypatlaryň aşagyny çyzyň.

1. Çopan aga Aşyra kiçijik güjük getirip berdi. Ol alaja  güjük eken. 

2.  Maýsanyň  gowy gurjagy bar. Maýsa oňa gyzyl matadan owadanja köýnek tikdi.

3. Goňurja göle ot iýýär.

1. Aşagyny çyzan sypatlaryňyz nähili soraglara jogap bolýarlar we olar degişli atlaryň niresinden gelip ulanylýarlar?

2. Olar atlaryň nämesini aňladýarlar?

* * *

285-nji gönükme. Nokatlaryň ýerine şol atlaryň reňkini we tagamyny aňladýan sözleri ýazyp, depderiňize göçüriň.

... gawun            ... üzüm                  ... hyýar

... nar                  ... garpyz                ... käşir

... alma               ... gant                    ... sogan

... ýaprak            ... kädi                    ... çörek

Nusga: Sáry gawun, süýji gawun, ...

Nokatlaryň ýerine ýazan sypatlaryňyz nähili soraglara jogap bolýarlar we olar atlaryň niresinden gelip ulanylýarlar?

* * *

286-nji gönükme. Soraglary okaň, soňra nusgada görkezilişi ýaly edip, olary jogaby bilen depderiňize ýazyň.

Nähili kagyz?                   Nähili burç?

Neneňsi dag?                    Neneňsi ýer?

Nähili suw?                     Neneňsi köçe?

Nähili käşir?                     Neneňsi ýap?

Nusga:  Nähili kagyz? Ak kagyz.

             Neneňsi dag? Beýik dag.


Ýazan jogabyňyzdan sypatlary we olaryň öz baglanýan atlarynyň nämesini aňladýandygyny aýdyp beriň.

Baýyr sözüniň manysyny aýdyň.

* * *

287-nji gönükme.Nokatlaryň ýerine nähili?, neneňsi? diýen soraglara jogap bolýan sözleri ýazyp, sözlemleri göçüriň.

1.   Goýunlar   ...suwy  içmeýärler.   Olar   ...   suwy icýärler.

2. Ejem ... mátaný ... reňke boýady.

3. Awgust, sentýabr aýlarynda ... gawun, ... üzüm, ... hyýar köp bolýar.

4. ... koýnekli gyzlar, ... telpekli, ...guşakly oglanlar öňe çykdylar.

Göçüren sözlemleriňizdäki sypatlaryň öz baglanýan atlary bilen birlikde aşagyny çyzyň.

Nusga: gök köýnek.

köynek

* * *

288-nji gönükme. Sözlemleri okaň we olaryň içinden sypatlary baglanýan atlary bilen bile depderiňize göçüriň.

1. Arçabilde uly çynar bar. Ol çynar tomsuna gök ýapraga basyrylýar. Güýzüne ol gök ýapraklar sary ýaprak bolup dökülýärler.

2. Ak pagta biziň Watanymyzyň baýlygydyr.

3. Biziň yaşaýan obamyzyň gin hem göňi köçeleri, gür baglary, oňat jaýlary bar.

Nusga: Uly çynar.

Göçürip alan sypatlaryňyz nähili soraglara jogap bolyarlar we özüne degişti atlaryň nämesini aňladýarlar?

* * *

289-nji gönükme. Hekaýajygy okaň we ondaky sypatlary tapyp, soraglara jogap beriň.

DUKANDA

Amanmyrat kakasy bilen giň ýanýoldan ýöräp gelýärdi. Olar uly dukana girdiler. Dukanda gyzyl, ýaşyl, sary, gök, ak şarlar kändi. Satyjy çişirilip, inçejik sapak bilen daňlan dürli reňkdaäi şarlary yokardan asyp goýupdyr.

Amanmyrat: — Kaka, ynha şuny alyp ber! — diýip, gyzyl şary görkezdi. Kakasy oňa ýaşyl, gyzyl, gök şarlaryň hersinden ikisini alyp berdi. Bu ýerde surat çekmek üçin reňkli galamlar hem satylýardy.

1.  Bu sypatlar nähili soraglara jogap bolýarlar?

2.  Bu  sypatlar baglanýan  atlarynyň  niresinde ulanylýarlar we olaryň nämesini aňladýarlar?

* * *

290-nji gönükme. Aşakdakylary göçürň we sypatlary aýdyp beriň.

Ak mata, gyzyl ädik, gara kömür, sary gawun,

ýogyn agaç, inçe sapak, akylly oglan, güýçli adam,

suwly ýap, ýeňil ýük, egri taýak, arassa jaý, giň köçe,

gür tokaý.

Sypatlar öz baglanýan atlarynyň niresinde gelip ulanylýarlar we olaryň nämesini aňladýar?

* * *

291-nji gönükme. Aşakdaky sypatlary okaň we nokatlara derek olaryň baglanyan atlaryny getirip, depderiňize ýazyň.


Ak ...., gök...., suwly ...., daýaw ...., uzyn ...., gaty ....,ýumşak ...., inçe ...., çuň ...., dury ...., arassa ...., uly ...., beýik ...., ýogyn ...., gara ...., pes ...., dar ...., goňur ....,ýumşak ....


Nusga: ak bugdaý, gök hyýar, suwly ýap,....

Göçüren sözleriňizdäki sypatlaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyp beriň.

* * *

292-nji gönükme. Nokatlara derek degişli soraglary ýazyp, sözlemleri göçürň we sypatlaryň aşagyny cyzyň.

1. Ikinji klasyň okuwçylary gara (...?) balak, akja (...?) koýnek geýipdirler.

2. Kiçijik (...?) awçy garry (...?) atasynyň gurruňini diňleýardi.

3. Ak (...?) pagta Watanymyzyň baýlygydyr.

4. Biziň klasymyzda ökde (...?) okuwçylar köp.

5. Ýaz aýlary miweli (...?) agaçlar gülleýärler.

Nusga: Ýaz aýlary miweli (nähili?) agaçlar gülleýärler.

* * *

293-nji gönükme. Özüňizden atlaryň hilini, reňkini we tagamyny aňladýan sypatlaryň her bir toparyndan üç sanysyny tapyp, depderiňize nusgadaky ýaly edip ýazyň. Olaryň nähili soraga jogap bolýandygyny dilden aýdyp beriň.

Nusga: galyň mata, ...

* * *

294-nji gönükme. Nakyllary okaň we göçüriň. Sypatlaryň aşagyny çyzyň hem-de olaryň baglanýan atlaryny, soragyny aýdyp beriň.

NAKYLLAR:

Adam eli — gyzyl gül.

Agsak keýik muň garsaga ýetdirmez.

Dogry gepiň ajysy bolmaz, egri gepiň süýjüsi.

Ýagşy söze daş ýarylar.

1.Nakyllaryň manysyny düşündiriň.

2. Sözlükden peýdalanyp, garsak sözüniň nämäni aňladýandygyny aýdyň we ony sözlük depderiňize ýazyň.