Ýazuwa geçiriň(print)

Bir legen suw


Amanyň ejesi :

-- Elyüwaryň aşagyndaky legen suwdan dolupdyr. Bar, şony dasaryk döküp gel !  diýip, Amana yümüş buýurdy.Ýöne zagraraga dökeweri kösek !

Aman göwünli _ göwünsiz legeni alyp daş çykdy.

Gözedürtme garaňkylyk. Howa örän sowuk. Aman işikden ätledi-de : “ Ejem nirä dökenimi garaňkyda görmez “ diýip, suwy döküp göýberdi....

Hemişeki ýaly, ol irden portfelini alyp, mektebe ugrady. Şol wagt hem aýagy typyp, diň arkan gaýtdy.Görse öten agşam suw döken ýeri eken.

                                                           Kasym Nurbadowdan.


--------------- -----------------

Ýakma – bişersiň,

Gazma  –  düşersiň.

Gar adam


Gar ýagday-la, gar ýagday

Ýöne gar däl, nr ýagdy.

Akga Öwez hem Çary,

Gurtdur Durdymyradam,

Tokgalap akja gary,

Ýasadylar gar adam.


Soňra ony göterip,

Gül düýbünde goýdular.

Eljagazyna pil berip,

„ Bägül suwar „ diýidiler.


Gelsin, görsün bar adam,

Suw tutýar bu gar adam.

Elinde piljagazy,

Suwarýar piljagazy.


Ertir tutrup görseler,

Güljagaz suw içipdir.

Ýöne gar adam welin,

Gör, nirädir „ göçüpdir „ .

                Ilmyrat Pudakow.

------------------ ------------------

Köp bileýin diýseň – az ýat.

Pasyllar we günler


Bir ýylda dört pasyl bar : gyş, ýaz, tomus, güýz.

Bir ýylda on iki aý bar : Ýanwar, Februal, mart, aprel, maý, iýün, Iýül, awgust, septembr, nowembr, dekabr.

Bir hepde-de ýedui gün bar : düşenbe, seşenbe, çarşenbe, anna, şenbe, ýekşenbe.

On iki dogan


On iki dogan -         üc – üçden bolar             Üçüsy gyş aý,

Dört sany üçem      Meňseşdir gaty               Üçi ýaz aýdyr.

Göi tutuşyp ýör,     Üç – üçdan olaň             Üç tomus aýy,

Aýrylman hiçem,    Deň häsiýeti.                  Üçi güýz aýdyr.


                Bol jigim olaň                         Güldürme ili,

                    Adyny sana,                           Ýalňyşyp ýöne.

                                                                       Myratgeldi Söýegow

------------------------------

Ýaz ýatan – gyş aglar.

Ýol hereketi

-- Maksat şu gün kino bileje gideli-le !

-- Bolýar, jigim ! ....

Iki dogan köçeden barýar.

-- Jygym, Myrat jan, ynha biz köçede,Hanha, seret, ýolçyrasy bar.. Onuň gözlerini görýärsiňmi?

Eger gyzyl ýansa, ýoldan geçmek bolanok. Sary çyra ýananda säginmeli .

Ine, ýaşyl çyra hem ýandy.Ýöne öňürtiçep tarapa ser edeli. Ä- hä, hiç hilli maşin ýok.ynha, ýoluň ortasy.Indi saga ser edeli. Sagda-da hiç hili ulag ýok. Onda biz arkaýyn geçinereli.

Düşündiňmi jigim ?

-- hawa.

-- Berekella ! .. Hanhada kinoteatrymyz.

-----------------------

Ýedi ölçe,  bir kes.