Nätdi?! Bir salym gezelenç etdikmi?
Meniň jigim-ä hezil etdi.
Indi bolsa, men size öz hossarlarym, olaryň hünärleri,
dost ýarlarym hakynda gürrüň bereýin.
|
|
„ Jykyr jykyr“ güle-güle,
Okaýarys jigim bile.
„ Kikir kikir“ güle güle,
Oýnaýarys jigim bile.
„ Pykyr pykyr“ güle güle,
Kino görýäris jigim bile.
Alýarys biz güle güle,
Gülek adyn jigim bile.
Myratdurdo söýegow
|
---------------
-------------------
Hat okan hat biler, hat bilen soň hak biler.

 |
Salam haty
Salam, dost Farhat!
Tüweleme, seniň uly maşgalaň bar eken.
Edil özbeklerde bolşy ýaly, bizde türkmenlerde-de uly maşgalalar köp.
Men hem seni öz maşgalam bilen tanys edeýin.
Meniň atam 87, enem 80 ýaşynda.
Olaryň ikisi hem pensioner.
Meniň kakam traktorçy, ejem sagymçy.
Meniň iki oglan we iki gyz doganym bar.Bir pgöan doganym bilen bir gyz doganym talyp. Beýleki gyz doganym mekdepde okaýar.
Jigim Azatjyk çagalar bagynda gatňaýarlar.
Biz agzybir ýaşaýarys.
Hoş sag bol, Farhat !
Salam
bilen Yklym. |
---------------
----------------
Özüňi süýt bilen,
dostuňy gaýmak.
 |
Ene
Iň ýakymly söz
Enäniň sözi.
Iň mähriban söz,
Enäniň sözi.
Iň mähriban el
Enäniň eli.
Iň mylaýym dil
Enäniň dili.
Iň hormatly iş
Enäniň ýümşy.
Gaty kän bolsun
Eneleň ýaşy.
Nury Baýramow
|
-----------
img src="http://www.turkmenkultur.com//bilder/t-dil/144.jpg" alt="" height="115" width="159" align="middle" border="0">
--------------
Atasy bolmadyk bir gün aglar,
Enesi bolmadyk müň gün aglar.

Rahim birinji klasda okaýar.Bu gün ol öýlerine
ýüzüni sallap geldi.
-- Näme boldy, aýt ahyry ! diýip, enesi sorady.
Rahym sesini çykarmady.
-- Ikilik alandyr-da! diýip atasy seslendi. Onsoň ol nämesini
geplesin ?
-- ikilig ä däl, bäşlik aldym... Tagan saklady.
Ýanynda hol juma-da bardy.
-- Weý, näme beýdýärler ? dost ahyry siz ?
-- Dostam bolsak, şeýtdi. “ Mydama başda eliňi
galdyrýaň “ diýidi.
“ Onsoň, bäşligi de başda alyp, maňa
bäşlik ýetireňok “ diyidi diýip, Rahym sojady
|
----------
-----------
Dostsuz başym duzsz aşym.
|
|
Bäslik kime goýulýar ?
-- Onsoň sen Tagandan gorkup aglajak bolýarmyň ? diýip, atasy sorady.
-- Ýok, Indi ikinji bolup golumy götermesem maňa bäşlik goýmaz-da ? !
-- Ýok, kösek, sen beýle düşünme. Mydama tertipli bolup, sapaga taýýarlanyp barsaň, mugallam mydama-da bäşlik goýar. Mugallamyň bäşligi hemmä de ýeter ....
Ertesi sapakda ilkinji bolup, Tagan goluny galdyrdy. Ol zordan üçlük baha aldy.
Gep goluňy ilkinji ýa-da ikinji bolup götermekde däl eken.Indi muňa Tagan oňat düşündi. Ol, düýn dostunyň göwnüne nähak degen eken.
Tagan dostundan ötünç sorady.
Kerim Nurbadowdan.
|
------------- ------------
Okadym diýme, bildim diý.

Ýaz çykanda her kimiň Dolup durar gamşydan
Geler bir zat ekesi, Ene ýabyň ýakasy,
Böz ýere gawun eker Sygyrlara ot ýygar
Daýy ýegen ikisi. Daýy ýegen ikisi.
Suw çykarýan nasosyň Özbaşyna işlemez
Üzülipdir çekesi Olaň biri yekesi,
Söker, düzer bejerer zähmet çeker birleşip,
Daýy ýegen ikisi. Daýy ýegen ikisi.
Suw akanok pellere Geler ýaly her kimiň
Gümülipdir sakasy, Höwes bilen bakasy,
Derrew baryp arçarlar işlerinde kem goýmaz,
Daýy ýegen ikisi. Daýy ýegen ikisi.
|
----------------- --------------------
Abraý aljak bolsaň, artyk işle.
|