Taňňylaryň goňşularynda köşeklije düýe bardy.
Köşejik diýseň mähirlijedi.
Ony gördügiňçe göresiň gelýärdi.
Tasňňy hem her gün goňşularynyňka baryp, köşejigi synlap gaýdardy.
Goňşulary bir gün düýelerini köşegi bilen satdylar.
Şundan soň Taňňy goňşularyna barmady.
Goňşy aýal :
-- Taňňy jan, bize barmaňy kesäýdiňle, oglum !
-- Men öňem size baramokdym. Köşegi görmäge barýardym diýip, Taňňy öýkeli aýtdy.
Agageldi Allanazarow.
|