Ýazuwa geçiriň(print)

Ýalan hassa

 ( Erteki)

Derede bir güýçli güýçli ýolbars ýaşan.Ahyry ol ýolbars garrap, awdan galan. Ol köp pekirlenip, bir ýol tapan : “ Garry ýolbars syrkawlapdyr “ diýen habary ýaýradan.

Her hilli haýwanlar bu syrkawyň ýagdaýyny soramaga gelip başlan.

Tilki hem gelen :

- Ýolbars aga, ganymatmyzyňyz ? diýip soran.

Ýolbars :

- Tilki dost, sen näme daşda durýarsyň, ýanyma gel -  diýen.

- Ýolbars aga, seniň ýanyňa barýan yz bar-da, çykýan yz ýok.Şonuň üçinşu taýdan sorap hoşlaşaýjak – diýip, tilki Jogap beren.

--------------------

Duşmanyň gülenine ynanma.

Garlawaç

Guýrugy gaýçy ýaly,

Özi-de öýçi ýaly,

Hälisi ýok – şindisi,

Jaýymyzda jay ýasar.

Şar garaja ýylmanak,

Döşjagazy ak menek.

Hälisi ýok – şindisi,

Çagalarna jibirdäp,

Iýim daşaýar zybyrdap.

Kowsaňyz uçar gider,

Öýňüzden göçer gider.

Ýakymly onuň ady,

Söýýär ol adamzady.

                  Ilmyrat Pudakow

----------------------------

Göwün bir çüşe,

Döwülse, ýama tutmaz.

Tazy we tilki

         (Erteki)

Bir öwünjeň tilki : “ Meniň şu günler ylgasym gelýär “ diýen.

Tilkiniň bu sözlerini bir awçy eşidýär we ony tazysyna görkezýär. Tazy tilkä topulýär.

Tilki “ assa gaçan namart “ diýip gaçýar.

Şol wagt bir towşanjyk : Tilki aga, näme beýle  gaty gidýärsiň? Örän ylgasyň gelipdir öýdýän ? “ – diýýär.

Onuň soragyna tilki :

-- Wah, halym agyr-da, ylgaman nädeýin – diýip,

bir sürene özüni atýar.

-----------------------------------

Dek gezen dok gezer.

Kepderi

Kepderjigim sypanyp,

Darandan soň başyny,

Enaýyja garanýar

Töweregni, daşyny.

 Dostlugyny bildirip,

Mygyr – mygyr seslenýär.

Ganatlaryny gabardyp,

Oýnan bolupjyk çişýär.

              Aman Kekilow.

-------------------------------------

Altyn alma, alkyş al.

.

Gurbaga we içýän

         ( Erteki )

Bir gurbaganyň ýanyna bir

Içýän gelip :

-- Gurbaga, gel, ikimiz dost bolaly – diýipdir.

 Gurbaga :

-- Bolýar – diýipdir.

Soň bu ikisi barýarkalar, öňlerinden ýap çykypdyr.

Şonda içýän :

-- Gurbaga dost ! Men bu ýapdan geçip bilmen – diýipdir.

Onda gurbaga :

-- Dost, men seni arkama alar-da geçiräýärin – diýipdir.

Olar suwuň ortarasynda baranlarynda,

içýän gurbagany çakypdyr.

Gurbaga :

-- Ýeri, içýän dost, bu näme etdigiň ? – diýip sorapdyr.

Içýän :

-- Bu meniň kärim-dä – diýip, jogap beripdir.

Gurbaga :

-- Seniň käriň şu bolsa, biziň hem seniň ýaly „ dost „

üçin kärimiz şu – diýip, suwa çümüp gidipdir.

Içýän bolsa suwa gark bolupdyr.

--------------------------

Ýaman bilen ýoldaş bolsaň,

ýörän ýoluň ýitirer.