Ýazuwa geçiriň(print)

Owlagym

Alny sakar owlugym,

Meniň tokar owlagym.

Emzikden süýt bereýin,

Terje gök ot bereýin.

Tiz ulul-da ös senem,

Çopan bolaýyn menem.

.


Serçejik

Gaçyp bir gün gyrgydan, Gorkup güýçli urgudan.

Öýe girdi bir serçe, baryp gysyldy burça.

Ony howpdan goradym, Gyrga ýaman daradym.

                    Aman Annamyradow

-------------------

Bir ýagşylyk unudulmaz,

       Bir-de – ýamanlyk.

Ýolbars

Bir gün kakam ýolbarsa meňzäp duran güjüjek getirdi.Ol gaty oňat Güjükdi.Ol meni gördi-de, guýrujagyny bulaýlady.

Gözlerini maňa dikip, bir zatlar diledi.

Men oňa düşündim. Kiçijik şüle güýup getirip berdim.Ol iýmäge durdy.Soňra beýleki jamdan suw içdi.

Şondan soň ol hemişe diýen ýaly meniň ýanymdan aýrylmady.

Biz bileje oýnaýarys.

Güjüjek ýolbarsa meňzeş bolansoň, adyna-da Ýolbars goýdum

                                        Goşjan seýitmädowdan.

----------------------

Haýyrly mal eýesini tapar.

Pyşdyl hakda

Arkadaky çanagyn

Heniz elläp görmänsoň,

Gaçarly däl – bekligin

Hiç kimaýdyp ýörmänsoň

Her ädimde säginip,

Çanagyna garaýar.

Gaçar öýdüp çanagy

Mydam haýal ýöreýär.

                    Ýusup Hydyrow

-------------------------

Azap soňy rahat.