Ýazuwa geçiriň(print)

Salam sözi

Salam sözi, balalar,

Iň ilki dile geler.

Sözleriň iň gowsudyr,

Ol edep bile geler.

Nirde duşsa ulular,

Salam berseň hoş bolar.

                    Kaýum Taňryguly.

----------------

Agzybirlik hemme zatdan güýçlüdir.

.

HAÝWANAT DÜÝNÝÄSI

Haýwanat düýnýäsine gezelenç

Meniň adym Maksat. Biz Böwrideşik obasynda ýaşaýarys.

Meniň kakam çopan, ejem – sagymçy.

Men birinji klasda okaýaryn. Häzir men ähli harplary

tanaýaryn we dürli hekaýalary, ertikeleri, goşgulary

okap bilýärin.

Men ejeme, kakama kömek etmeli.Ýöne nädip ?

Ejemem, kakamam : “ Jigiňe seretseň bolýar. Şol biziň

üçin uly kömek “ diýýärler.

Meniň jigim Azatjyk ertekidir goşgulary gowy görýär.

Men ony kitaplaryň kömegi bilen haýwanat düýnýäsine

gezelenje äkitýärin.

Ýärüň, hemmämiz bileje gideliň.

-----------------

Okasaň, ylym alarsyň,

hemme        zady bilersiň.

Bir gün bir garynja suw içjek bolup,

ýabyň başyna barypdyr.

Şonda ol suwa gaçypdyr.

Asmanda uçup ýören kepderi

Bir uzyn çöp alyp, ony Garynjanyň ýanyna oklapdyr.

Garynja-da ol çöpe dyrmaşyp,

suwdan çykypdyr we kepderä

köp alkyş okapdyr.

Soň  kepderi çöplük meýdanda

otyrka, bir mergen tüpeňlemäge

çemeleşip duran eken.

Hälki garynja muny görüp,

mergeniň aýagyndan dişläpdir.

Mergen tisginip tüpeňini gysyp

Göýberipdir.

Kepderi bolsa pasyrdap,

uçup gidipdir.

--------------------------------------

 Ýekäniň çaňy çykmaz.