1. Ses we harplar. 2. Çekimli sesler. 3. Ýogyn we inçe çekimli sesler. 4. Çekimsiz sesler. 5. Açyk we dymyk çekimsizler. 6. Dymyk k, p, t, ç sesleriň açyga öwrülişi.
7. Bogun. 8. Söz. 9. Baş harp. 10. Zatlaryň hilini aňladýan sözler. 11. Hereketi aňladýan sözler. 12. Sözlem. 13. Ýyl boýunça geçilenleri gaýtalamak. 14. Labyzly okaýyş üçin goşgular.
15. Düşündirişli sözlük..|
§ 8.Söz 136-njy gönükme. Hekaýajygy okaň we munda näçe söz bardygyny aýdyp beriň. Seýilgäh. Biz ejem bilen şähere gezelenje çykdyk. Eziz Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýolbaşçylygynda döredilen seýilgähe bardyk. Onuň hemme ýeri arassa. Suw çüwdürimleri işläp dur. Dynç alar ýaly oturgyçlar köp. Biz ol ýerde oňat dynç aldyk. Ol ýeriň howasy jana derman.
137-nji gönükme. Aşakdakylary okaň we göçüriň. Her bir sözüň nähili many aňladýandygyna üns beriň. Men bu gün sagat ýedide turdum. Gije ýagyş ýagypdyr. Arassa howa. Guşlaryň sesi eşidilýär. Olar orän şadyýan.
138-nji gönükme. Suratlaryň adyny aňladýan sözleri depderiňize ýazyň we soraglara dilden jogap beriň:
1.Her sözde näçe we haýsy sesler bar? 2.Sözler nämäni aňladýar? Manysyny düşündirjek boluň. köýnek * * * 139-njy gönükme. Okaň we göçüriň. Kim? we näme? diýen soraglara jogap bolýan sözleriň manysyna üns beriň. Kim? - Gözel. Aman. Ejem. Kakam. Daýzam. Mugallym. Okuwçy. Daýym. Näme? Galam. Depder. Bal. Bag. Suw. Depe. Dag. Köçe.
140-njy gönükme. Sözleri okaň. Kim? we näme? diýen soraglara jogap bolýan sözleri nusgadaky ýaly edip ýazyň: Daýzam, Nury, kagyz, kitap, Bahargül, maşyn, ellik, Ata, jogap, dostum, şahyr, dyrnak, käşir, terbiýeçi, telefon, Maral, guzy. Nusga: Kim? Daýzam, ... Name? Kagyz, ...
141-nji gönükme. Okaň, soňra kim? diýen soragy we oňa jogap bolýan sözleri göçürip alyň.
142-nji gönükme. Suratlara seredip, soraglara dilden jogap beriň, soňra göçüriň.
143-nji gönükme. Göçüriň. Has gara ýazylan sözleriň nähili soraga jogap bolýandygyny aýdyň. Atam gazet okaýar. Jigim surat çekýär. Meniň agam 10 ýaşynda. Ol her gün irden Bahary çagalar bagyna eltip gelýär.
144-nji gönükme. Okaň we kim? diýen soraga jogap bolýan sözleri depderiňize göçüriň. Bu kim? Bu Ata. Bu kim? Bu işçi. Bu näme? Bu depder. Bu kim? Bu okuwçy. Bu kim? Bu ussa. Bu näme? Bu mata. Bu näme? Bu agaç. Bu näme? Bu deňiz. Bu näme? Bu parohod. Bu näme? Bu balyk. Bu kim? Bu balykçy. Nusga. Bu kim? Ata, işçi, ... * * *
145-nji gönükme. Soraglary we jogaplary okaň. Kim? diýen soraga jogap bolýan sözleri aýdyp beriň. Kim gitdi? Aşyr gitdi. Kim okaýar? Dursun okaýar. Kim jorap örýär? Ejem jorap berýär. Kim geldi? Daýym geldi. Kim mal bakýar? çopan mal bakýar. Kim aw awlaýar? Awçy aw awlaýar. Kim balyk tutýar? Balykçy balyk tutýar. * * * 146-njy gönükme. Okaň w has gara ýazylan sözleri göçüriň. 1. Okuwcy mekdebe barýar. 2. Bagban baglara seredýar. 3. Ussa aýakgap bejerýär. 4. Oraz obada işleýär. 5. Sona hat ýazýar. 6. Anna maşyn surýär 7. Anna Iwanowna rus dilinden okadýar. Göçüren sözleriňiz nähili soraga jogap bolýar?
147-nji gönükme. Suratlara seredip, soraglara dilden jogap beriň.
148-nji gönükme. Okaň we näme? diýen soraga jogap
bolýan sözleri aýdyp beriň. Näme? ellik. Kim? Sapar. Kim? okuwgy. Näme? towuk. Näme? gapy. Näme? kelem. Näme? çäkmen. Näme? kitap. Näme? üzüm. Näme? mekdep. Näme? kanal. Kim? isçi. Kim? Gözel. * * *
149-njy gönükme. Suratlar bоýиnçа berlen soraglara jogap berip, depderiňize ýazyň.
Nusga: 1. Towuk suw içýär. 2. ... * * *
150-nji gönükme. Nakyllary we matallary okaň. Has gara ýazylan sözleriň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyp beriň. Nakyllar: 1. El eli ýuwar, iki el birigip, ýüzi ýuwar. 2. Adam eli hem abat, hem bibat. Matallar: 1.Asty bag, üsti dag 2.Garaňky öýde gaplaň gürlär (degirmen). 3.Gündiz ýatar, gije uçar (ýarganat). * * *
151-nji gönükme. Okaň, soňra kim? we näme? diýen soraglara jogap bolýan sözleri nusgadaky ýaly aýry-aýry göçüriň.
Amanmyrat, Nurgözel, aýak, el, isçi, sogan, käşir, Meret, balykçy, kartoçka, molla, käce, halyçy, telewizor, surat, Sapar, satyjy, ýegenim, agam, köýnek. Nusga: Kim? Amanmyrat, ... Näme? Aýak, ... * * *
152-nji gönükme. Okaň, has gara ýazylan sözleriň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.
Türkmenistan biziň döwletimizdir. Türkmenistanda nebit, gaz, pagta köp öndürilýär. Kakam pagta kärhanasynda işleýär. Ejem çagalar bagynda işleýär. Ol Terbiýeçi.
|
*********