1. Ses we harplar. 2. Çekimli sesler. 3. Ýogyn we inçe çekimli sesler. 4. Çekimsiz sesler. 5. Açyk we dymyk çekimsizler. 6. Dymyk k, p, t, ç  sesleriň açyga öwrülişi.

7. Bogun. 8. Söz. 9. Baş harp. 10. Zatlaryň hilini aňladýan sözler. 11. Hereketi aňladýan sözler. 12. Sözlem. 13. Ýyl boýunça geçilenleri gaýtalamak. 14. Labyzly okaýyş üçin goşgular.

15. Düşündirişli sözlük..

§ 7. Bogun.

104-nji gönükme. Sözleri uns berip okaň.

Gel, gok, at, Me-le, tow-şan, ho-raz, bol-dy, mek-dep, bä-şin-ji, dor-dün-ji, söz-le-di.

Hal-ly, o-kuw-çy, Ma-ma, Bi-bi, Ba-ba-ly, An-na-ly.

Her sözuň näçe bölekden düzülendigini aýdyň.

Sözüň birbada aýdylýan bölegi bogun  bolýar. Meselem: O-raz, dep-der.

105-nji gönükme. Şygry okaň we bogunlara bölünip

ýazylan sözleri göçüriň.

Nazar janyň piljagazy.

Gapymyzyň agzyndaky

Çägesöwje ýoljagazy,

Pe-tir ýaly bezäp çyk-ýar

Nazar janyň pil-ja-ga-zy.

.

Jür-dek bilen suw getirip,

Akdyranda siljagazy,

Gaçy ýasap, bö-wet basýar

Nazar janyň piljagazy.

.

Ýer de-pen-de pes bolsa-da,

Depiminiň hiljagazy,

Aýna ýaly ýal-dy-rap dur

Nazar janyň piljagazy.

K. Gurbannepesow.

Göqürip ýazan sözleriňizi bogna bölup, birnäge gezek okan we olardaky agyk,

dymyk gekimsizleri aýdyp beriň.

Petir                   jürdek

106-njy gönükme. Sözleri  okaň  we  bogna  bölüp göçüriň.

Juma, Myrat, Abadan, Durdy, Baýram, Ata, Gurban, serçe, käsir, kelem,

selme, gury, sary, ala, gara, ýagdy, ýazýar, okaýar, oturýar, gözleýär, diňleýär.

Bu sözleriň her birinde näçe bogun bardygyny aýdyň.

* * *

107-nji gönükme. Bogunlardan söz düzuň we ol sözleriň hersini bir sözlemde ulanyp, depderiňize ýazyň.

tyr Gel....
Bu... ba Ber.... di
ky Dön....


Nusga. Batyr meniň bílen okaýar.

Soraglara dilden jogap beriň.

1. Ýazan birinji sözlemiňizde näçe söz bar?

2. Ol sözleriň her biri näçe bogunly?

* * *

108-nji gönükme. Suratlaryň aşagyndaky sözleri bogna bölüp göçüriň.

Göçüren sözleriňiziň ilkinji harpynyn nähili sesdigini aýdyň.

tagan
ojak

109-njy gönükme. Hekaýajygy okah we göçüriň. Has

gara ýazylan sözleri bogunlara bölup ýazň.

Klasda.

Okuwçylar mekdebe geldiler. Jaň kakyldy. Çagalar klaslara girdiler. Mugallym klasa geldi. Ol sapaga baslady.

Ilki okuwçylaryň öý işlerini ýerine ýetirişlerini barlady. Soňra täze temany düşündirdi.

Soraglara dilden jogap beriň.

1. Okuwçylar nirä geldiler?

2.Kimler klaslara girdiler?

3.Kim täze temany düşündirdi?

* * *

110-njy gönükme. Sözleri okňi we her sözde näçe çekimli bardygyny aýdyň.

Mergen, Dursun, Nury, at, gul, pil, mekdep, okuwçy, haly,

mojek, sygyr, depder, garga, oýnawaç, çöl, gowaça.


Sözde näçe çekimli bar bolsa, hem bogun bolýar.

111-nji gönükme. Şygry labyzly okaň.

Çal dutarym.

.

(Gysgaldylyp alyndy)

Guwanýaryn zähmetime,

Zähmetim bagtym meniň.

Bagty tapýan zähmetimden,

hoş geçýar wagtym meniň.

Sen diregi dünýamiziň,

Saňa bakýar bar ynsan.

Parahatlyk esgeridir,

Oglanyň-gyzyň seniň.

.
.

Çal, dutarym, çal, dutarym,

Şal, dutarym, saýra sen.

Hoş owazyň, şirin sazyň

Dumly-duşa ýaýrasyn.

Y- Durdyýew.

Has gam ýazylan sözleri bogunlara bölüp göçüriň we olaryň her birinde näçe

bogun bardygyny aýdyh.


kerwn
mekan
harman

112-nji gönükme. Sözleri nusgada görkezilişi ýaly

edip, depderiňize ýazyň.


Okuwçy, geýim, oýnaýar, gör, gel, ýolbars, düýeler,

diňle, ýaz, okady, goýun, towşan, bardylar, dur, galam,

depder, çaga, gir, çyk, bildirip, ylgady.

Nusga:

Bir bogunly sözler: gel, ...

Iki bogunly sözler: depder, ...

Üç bogunly sözler: okuwçy, ...

1. Has gara ýazylan sözleriň çekimlilerini aýdyp beriň.

2. Bu sözlerdaki açyk çekimsizleri aýdyň.

* * *

113-nji gönükme. Okaň, üç we dort bogunly sözleri

Göçüriň.

Top oýnadylar.

Bu gün dynç güni. Howa bolsa orän maýyl. Çagalar meýdança ýygnandylar. Olar bu ýerde top oýnadylar.

Çagalar oýna gyzykdylar. Ulular olaryň oýnuna syn edýärler. Çagalaryň oýnuna tomaşa etmäge Janmyrat aga hem gelipdir.

1.Göçüren sözleriňizdäki açyk we dymyk çekimsizleri aýdyp beriň.

2.Syn  etmek aňlatmasynyň manysyny sözlükden öwreniň.

114-nji gönükme. Sözleri nusgada görkezilişi ýaly

Göçüriň.

Bardy, ýöredi, seret, diňledi, okaýar, ylga, ýöre,

diňle, gözle, oýna, ylgady, gözleýär, oýnaýar,

çeýnе, çeýneýär, sözleýär, aýdýar, arassa, tämiz.

Nusga:

Ýogyn çekimlili sözler  Inçе çekimlili sözler
Bardy

Ylga

Ýöredi

Diňledi

* * *

115-nji gönükme. Hekaýajygyň sözlerini bogunlara bölüp okaň we olaryň her birinde näçe bogun bardygyny aýdyň.

Çopan.

Me-niň ka-kam go-ýun çо-рап bo-lup iş-le-ýär. Ol öz bak-ýan do-war-la-ry-na o-ňat se-red-ýär. O-la-ry o-ňat


gyş-lat-ma-gy ba-şar-ýar. Gе-çen ýyl ka-kam her ýüz

e-ne go-ýun-dan bir ýüz ýig-ri-mi gu-zy al-dy. Şonuň ü-çin ka-ka-ma sy-lag ber-di-ler.

Hekaýajygyň mazmunyny öz sözleriňiz bílen gürrüň  edip beriň.


gyşlatmak         dowar

116-njy gönükme. Hekaýajygy okaň we has gara

ýazylan sözleri bogunlara bölüp göçüriň.

Fabrik.

Aşgabatda köýnek, balak, jiltge ýaly geýimler tikilýän fabrik bar. Meniň ejem şol fabrikde işleýär.

Geçen hepdede mugallymymyz bizi şol fabrige gezelenje alyp gitdi. Bize fabrikde geýimleriň tikilişi barada gürrüň berdiler.

Göçüren sözleriňiziň bogunlaryndaky çekimlileriň nähili çekimlilerdigini aýdyň.

fabrik

Ýogyn cekimlili bogna ýogyn bogun,

inçe çekimlili bogna inçe bogun diýilýär.

117-nji gönükme. Şygry okaň we diňe ýogyn bogundan duzulen sözleri aýdyp beriň.

Derýa.

Derýa, derýa, derýa sen,

Nirä akyp barýarsyň?

Gül-gülälek kenaryň,

Nagyş ýalak kenaryň.


Uzaklardan gelýärsiň,

Uzaklara barýarsyň.

Tolkunlaryň bat bíle

Kenaryňa urýarsyň.


Derýa, derýa, birsalym

Aýak çek sen, al demiň.

Hany, getir, ber eli,

Yör, öýümize gideli.

G. Ezizow.

1.Has gara ýazylan sözleri bogunlara bölüp we olaryň her biriniň nähili bogundygyny aýdyň.

2.Tolkun sözüniň manysyny öwreniň.

                   Kenara           gül - gülälek


118-nji gonükme. Suratlary synlaň we olaryh atlaryny depderiňize ýazyň.

Gar - . .
Tor - . .

Gögüren sözleriňiziň nähili bogunlardan düzülendigini aýdyp beriň.

* * *

119-njy gönükme. Şygry okaň. Has gara ýazylan

sözlerde nähili bogunlaryň bardygyny aýdyň.

Bagt lälesi.

Çölde suwlar tolkunýar,

Göwünlermiz galkynýar.

Guba gazlar oýnaşyp,

Suwdan çykyp silkinýär.


Aşgabadyň köli bar,

Zähmetsöýer ili bar,

Dünýä belli derýanyň,

Kaspa tarap ýoly bar.


Derýamyz çöller sokýär,

Arkajy suwa ýakýar.

Boz ýerleriň göwsünden

Altyn önýär, bal akýar.

M. Garryýew.

zähmetsöýer
boz ýerler

120-nji gönükme. Sözleri okaň we her bognuň çekimli ýa-da çekimsiz sese gutarýandygyny aýdyň.

A-ra-ba, çal-şyr-mak, oý-na-mak, bar-la-mak, der-ňe-mek,

ýö-re-mek, o-ka-mak, dur-mak, ýaz-mak, diň-le-mek,

o-tur-mak, se-ret-mek.

Çekimli bilen utarýan bogunlar açyk,

Çekimsiz bilen gutarýan bogunlar ýapyk bogun bolýar.

121-nji gönukme. Okaň we göçüriň. Açyk bogunlaryň aşagyna bir çyzyk, ýapyk bogunlaryň aşagyna iki çyzyk çyzyň.

Sona.

So-na me-niň bi-len o-ka-ýar. Ol go-wy o-kuw-çy-la-ryň bi-ri ha-sap-lan-ýar.

So-na sa-pak-la-ry-na go-wy ýe-tiş-ýär. Y-za gal-ýan o-kuw-çy-la-ra hem kö-mek ber-ýär.

Soraglaryň jogabyny depderiňize ýazyň.

1.Sen sapaklaryňa nähili ýetişýärsiň?

2.Ýoldaşlaryňa kömek berýärmiň?

* * *

122-nji gönukme. Aşakdaky sözleri üns berip okaň.

Münmek, barmak, okady, ýazýar, ylgady, gitdi, diňleýär, myhman, çäýnek, käse, oglan, awçy, galam, depder, ekmek, gitmek, oýnamak.

Sap ýapyk bogunly sözleri bogunlara bölüp göçüriň.

Nusga. Mün-mek, bar-mak, ...

* * *

123-nji gönükme. Bogunlardan söz duzup, depderiňize    ýazyň.

Ýazan sözleriňizdäki ýapyk bogunlaryň aşagyna bir çyzyk, açyk bogunlaryň aşagyna iki çyzyk çyzyň.

 Nusga. Sa-par, ke_-lem, ...

* * *

124-nji gönükme. Sap açyk bogundan düzülen baş sany söz, ýapyk bogundan

düzülen bäş sany söz tapyp, depderiňize ýazyň.

Sözler täze setire bogna bölünip geçirilýär. Meselem: ça-galar, çaga-lar, çagalar-dan. Sözüň setirde galýan boleginiň yzyndan defís (-) goýulýar.

125-nji gönükme. Sözleri täze setire geçirer ýaly edip, bogunlara bölüp göçüriň.


Pokgi, oglanlar, oýnawaç, ekdiler, görýärler, durmalydyr,

oýnaýarlar, işçi, kärendeçi, garlawaç, käse, kelem.

Nusga. Pök-gi, og-lanlar, oglan-lar, ...

Kärendeçi sözüniň manysyny sözlükden öwreniň.

* * *

126-njy gönükme. Şygry okaň we onuň ikinji bendini bogunlara bölüp göçüriň.

Ene toprak.

Al-asmandan seni küýsäp,

Seredýärin, Ýerim, saňa.

Siňdi göbek ganym saňa,

Siňdi maňlaý derim saňa.


Görkim aýry, ene toprak,

Ryskym mydam sende bolsun.

Gerek bolsa seniň üçin,

Baş goýmadyk gende bolsun.


Üçsam diýdim, üçdum, ine,

Ýetýär oňa meniň erkim.

Ýöne welin, aýlap-ýyllap,

Üzülmesin senden örküm.

B. Hudaýnazarow.

Göçürenleriňiziň ýogyn bogunlarynyň aşagyna bir çyzyk, inçe bogunlarynyň aşagyna iki çyzyk çyzyň.

Nusga. Gör-kuň, aý-ry, ...

Göçüren bendiňiziň manysyny öz sözleriňiz bílen düşündiriň.

rysk, rysgal
gende

127-nji gönükme. Suratlaryň aşagyndaky sözleri täze

setire geçirer ýaly edip, bogunlara bölüp göçüriň.

Uçar

Parahod

Awtobus

Telewizor

Nusga. Te-lewizor, tele-wizor, telewi-zor, ...

Göçüren sözleriňiziň her bognunyň inçe ýa ýogyn bogundygyny aýdyň.

* * *

128-nji gönükme. Sözleri okaň we bogunlara bölüp göçüriň.

Agaçlar, degirmen, okuwçy, göleler, gapan, mugallym, şeker, Aşyr,

Aman, Bäşim, Nazar, okaýar, düşündirýär, çykarýar, işçi, daýhan, üşemek.

Göçüren sözleriňizdäki açyk bogunlaryň aşagyna bir çyzyk, ýapyk bogunlaryň aşagyna iki çyzyk gyzyň.

degirmen
üwemek


Bir harpdan bolan bogun setir ahyrynda galdyrylmaýar we täze setire geçirilmeýär.

129-njy gönükme. Okaň we has gara ýazylan sözleri

bogunlara bölüp göçüriň.

1. Jeren  orän  akyllyja gyz.  Ol  sapaklaryna gowy ýetişýär.  

2. Ata, Aşyr dagymyz bir klasda okaýarys.

3. Aga surat çekýär. Aman hat ýazýar. 4. Meniň kakam düýe bakýar.

5. Maýa ikinji klasda okaýar.

Göçüren sözleriňizi bogna bölüp, täze setire geçirip bolýandygyny ýa-da bolmaýandygyny aýdyň we sebäbini düşündiriň.

* * *

130-njy gönükme. Bogna bölüp, täze setire geçirip bolmaýan iki bogunly alty söz tapyň we olary bogna böüup, depderiňize ýazyň.

* * *

131-nji gönükme. Soraglary okaň we olaryň jogabyny depderiňize ýazyň.


1.Seniň adyň we familiýaň kim?

2. Sen näçenji klasda okaýarsyň?

3. Sen sapaklaryňa nähili ýetisýärsiň?

4.Okuwdan boş wagtlaryň ejeňe kömek berýärmiň?


Ýazan birinji we ikinji sözleriňiziň her sözünde näçe bogun bardygyny, olaryň nähili bogunlardygyny aýdyň.

* * *

132-nji gönükme. Hekaýajygy okaň. Birinji, ikinji sözlemleri göçüriň. Ýogyn bogunlaryň aşagyna birçgyzyk, inçе bogunlaryň aşagyna ikiçgyzyk çyzyň.

Howa maýlady.

Gyş öňräk çykdy. Howa eýýäm mazaly maýlady. Ýazyň ilkinji aýy mart gutaryp barýar.

Meýdanlarda otlar gögerip başlady. Ýene-de sanlyja günden biz ýaz dynjalşyna çykarys.

Mazaly
gyş çykdy

133-nji gönükme. Hekaýajygy okaň we has gara ýazylan sözleri bogunlara bölüp göçüriň.

Meniň ýoldaşlarym.

Ýolly meniň ýoldasym. Biziň Ýunus, Ýagşy atly ýoldaslarymyz hem bar.

Biz boş wagtlarymyz bile oýnaýarys. Bize Ýusup, Ýazly dagy hem goşulýarlar.

Biz wagtymyzy şadyýan geçirmäge çalyşýarys.


Göçüren sözleriňizdäki bogunlaryň haýsynyň açyk, haýsynyň ýapyk bogundygyny aýdyň.

şadyýan geçirmek

134-nji gönükme. Sözleri okaň we diňe açgyk bogundan düzülen sözleri bogna bölüp göcuriň.

Gowy, oňat, ýagşy, oka, öwren, Baba, Ata, kädi, garpyz, gawun,

käse, çäýnek, galam, depder, alma, üzüm, Aga, düýe, köşek.

Nusga. Go-wy, ...

* * *

135-nji gönükme.   Okaň we diňe ýapyk bogundan düzülen sözleri bogna bölüp göçüriň.

Gurjak, kitap, mekdep, galam, barýar, ylgaýar, aljak, oýnajak, oturdy, ýazýar, ýazjak, gitjek, almak, bilmek, satmak, gitdi, gözlemek, seretmek, oturmak, çykmak.

*********

Ýazuwa geçiriň(print)