1. Ses we harplar. 2. Çekimli sesler. 3. Ýogyn we inçe çekimli sesler. 4. Çekimsiz sesler. 5. Açyk we dymyk çekimsizler. 6. Dymyk k, p, t, ç sesleriň açyga öwrülişi.
7. Bogun. 8. Söz. 9. Baş harp. 10. Zatlaryň hilini aňladýan sözler. 11. Hereketi aňladýan sözler. 12. Sözlem. 13. Ýyl boýunça geçilenleri gaýtalamak. 14. Labyzly okaýyş üçin goşgular.
15. Düşündirişli sözlük..|
§ 5. Açyk we dymyk çekimsizler.
69-njy gönükme. Suratlaryň adyny okaň we olaryň ilkinji harpyny aýdyň.
70-nji gönükme. Suratlaryň adyny tapyp, depderiňize ýazyň.
Ýazan sözleriňiziň birinji harpyny aýdyň. 71-nji gönükme. Läleleri okaň. Has gara ýazylan sözleri göçüriň. Läleler. Gül-gülüstan Watanym, Bagy-bossan Watanym, Ýüz-müň ýyllar ýaşasyn, Arzuw eýläp ýetenim.
Göçüren sözleriňizdäki çekimsizleri aýdyň.
G, b, d, j açyk çekimsiz seslerdir. | 72-nji gönükme. Hekaýajygy okaň. Obamyz. Biziň obamyz uly. Ol dagyň eteginde ýerleşýär. Men ýaz aýlary Juma bilen obamyzyň ilersindäki baýyrlyga gezelenje gidýärin. Has gara ýazylan sözlerden açyk çekimsizleri depderiňize göçüriň.
73-nji gönükme. Eşikleriň, gap-gaçlaryň atlaryny göçüriň we açyk g, b, d, j çekimsizleriň aşagyny çyzyň. Jam, don, jalbar, gyňaç, tabak, köýnek, telpek, legen, tahýa, kürte, gyrpy, içmek. Çary jalbar
74-nji gönükme. Okaň we olardaky açyk çekimsizleri aýdyp beriň.
1. Merediň kitaby arassa. 2. Seniň adyň kim? Gurjagyň köpmi? 3. Guwanjyň kakasy ussa. Onuň uly çekiji bar. Oragy kim ýasady? G, b, d, j sesleri nähili çekimsizler?
75-nji gönükme. Suratlaryň adyny aýdyň we depderiňize ýazyň. Açyk çekimsizleriň aşagyny çyzyň.
76-njy gönükme. Suratlaryň adyny okaň we olaryň ilkinji harpyny aýdyň.
77-nji gönükme. Özüňüzden iki sany sözlem düzüp, depderiňize ýazyň. Olaryň birinjisinde kitap, ikinjisinde portfel sözüni ulanyň.
78-nji gönükme. Suratlaryň adyny depderiňize ýazyň we olaryň birinji harpyny aýdyň.
Çarşak sözüniň manysyny sözlükden öwreniň. 79-njy gönükme. Soragyň jogabyny depderiňize ýazyň we k, p, t, p harplarynyň aşagyny çyzyň. Tilki, keýik, pil öý haýwanlarymy ýa-da ýabany haýwanlarmy ?
K, p, t, ç dymyk çekimsiz seslerdir. 80-nji gönükme. Okaň we içinde dymyk k, p, t, f sesler bolan sözleri aýdyp beriň. Tokaý. Gür tokaýyň içinden geçip gitdik. Tokaýda ülje, armyt, derek, arga agaçlaryny gördük. Biz her agaja üns berip seretdik. Miweli agaçlary belläp aldyk. Mugallymymyz olar barada bize gürrüň berdi. tokay miweli agaçlar 81-nji gönükme. Sözleri göçüriň we dymyk k, p, t, ç çekimsizleriniň aşagyny çyzyň. Çörek, kitap, sagat, oturgyç, palta, kädi, çelek, päki, Cekiç, darak, agaç, jorap, söwüt.
82-nji gönükme. Suratlaryň atlaryny göçüriň. Nokatlaryň ýerine degişli dymyk çekimsizleri ýazyň.
K, p, t, ç sesleri nähili çekimsizlerdir? |
*********