1. Ses we harplar. 2. Çekimli sesler. 3. Ýogyn we inçe çekimli sesler. 4. Çekimsiz sesler. 5. Açyk we dymyk çekimsizler. 6. Dymyk k, p, t, ç  sesleriň açyga öwrülişi.

7. Bogun. 8. Söz. 9. Baş harp. 10. Zatlaryň hilini aňladýan sözler. 11. Hereketi aňladýan sözler. 12. Sözlem. 13. Ýyl boýunça geçilenleri gaýtalamak. 14. Labyzly okaýyş üçin goşgular.

15. Düşündirişli sözlük..

§ 4. Çekimsiz sesler.

53-nji gönükme.   Okaň  we  her sözdäki harplardan  beýleki  harplary göçüriň. Bir harpy iki gezek ýazmaň.

Bag, kagyz, dag, tam, jam, žurnal, oba, ýüz, çeti, ýeň, saç, hoşa, foto, oglan, gyz,

owlak, kitap.

Nusga. B, w, g, d...

B, w, g, d, ž, j, z, ý, k, l, m, n, ň, p, r,

 s, t, f, h, ç, ş — çekimsiz seslerdir.


54-nji gönükme. şygry okaň we her sözdäki sesleri aýdyp beriň.


Eneler

Ene ýaşaýan öýde,

Bereket bar, tertip bar.

Bu Garaşsyz ülkämde,

Ähli ene bagtyýar.

.

Gurbansoltan eje-de,

Eneleriň beýigi.

Kän bolsun enelere

Ähli ýürekde söýgi.

.

Eneleriň sözünde

Tükenmejek many bar.

Saparmyrat Serdardan

Enelermiz minnetdar.


G. Çöliýew.

Bagtyýar, bereket sözleriniň manysyny sözlükden öwreniň.


55-nji gönükme. Suratlary synlaň we olaryň atlaryny depderiňize ýazyň. Ýazan sözlerimzdäki çekimsiz harplaryň aşagyny gçzyň.


56-njy gönukme. Okaň we çekimsiz harplary aýdyp beriň.

Meniň jigim.

Meniň jigimiň ady şirin. Ol birinji klasda okaýar. Olary Maral Geldiýewa okadýar.

Olar öz mugallymlaryny gowy görýärler.

Mugallymlar çagalara ýazmagy, okamagy öwredýärler. Tertipli, edepli bolmalydygyny aýdýarlar.


Birinji we ikinji sözlemleri göçüriň. çekimsiz harplaryň aşagyny cyzyň.

edep
edepli

57-nji gönükme.    Harplary  okaň  we çekimsizleri göçüriň,

A, b, ç, d, e, a, f, g, h, i, j, ž, k, l, m, n, ň, o, ö, p, r, s, ş, t, u, ü, w, y, ý, z.


58-nji gönükme. Haýwanlaryň atlaryny okaň we her sözdäki çekimsizleri göçüriň. Bir çekimsizi iki gezek ýazmaň.

Tilki, şagal, möjek, gaplaň, ýolbars, köşek, aýy, keýik, sygyr, düýe, pil, eşek, at, göle, geçi, goýun, ýaby.

Nusga. T, d, r...


59-njy gönükme.      Özüňizden tapyp, on sany sözi depderiňize ýazyň. Ol sözlerdäki çekimsizleriň aşagyny çyzyň.


60-njy gönükme. şygry okaň. Her sözdäki çekimli we çekimsiz sesleri aýdyp beriň.

Bary gözel.

Gözel Köpetdagymyzyň

Başyndaky gary gözel.

Jülgesinde bagymyzyň

Alma bílen nary gözel.


Gülüp bakýan Günümiziň

Güneşiniň nury gözel.

Biziň beýik döwrümiziň

Ynsanlarnyň bary gözel.

M. Garryýew.

Jülge sözüniň manysyny sözlükden öwreniň.

jülge
ynsan


61-nji gönükme. Surata degişli sözlemleri okaň.

Traktorçy.

Aman traktorçy bolup işleýär. Ol öz süryän traktoryna orän  gowy  seredýär. Traktoryny   hemişe   arassa  saklaýar.Yaglamaly ýerlerini wagtly-wagtynda   ýaglaýar. şonuň   üçin   hem,   onuň traktory mydama saz işleýär.

Birinji sözlemi göçüriň. Sözleri bogunlara bölüp ýazyň.

Her bogundaky çekimli we çekimsiz sesleri aýdyn.

Saz                  işlemek

62-nji gönükme. Okaň we ýatda saklaň.

Cekimliler—9 sanydyr: a, e, a, i, o, ö, u, ü, y. Cekimsizler—21 sanydyr: b, ç, d, f, g, h, j, ž, k, l, m, n, ň, p, r, s, ş, t, w, ý, z.

63-nji gönükme. Soraglary okaň we olaryň jogabyny depderiňize ýazyň.

1.Bir ýylda näçe pasyl bar?

2.Häzir ýylyň haýsy pasly?

3.Indiki pasyl haýsy?

Ýazan sözlemleriňizdäki çekimsiz harplaryň aşagyny cyzyň.


64-nji gonükme.    Şygry okaň we has gara ýazylan

sözlerdäki çekimsiz sesleri aýdyň.

Aýdere.

, Aýdere, Aýdere!

Tebigaty baý dere.

Ençe dereler gördüm,

Hiç tapmadym taý dere.

.

, Aýdere, Aýdere!

Tebigaty baý dere.

Ençe dereler gördüm,

Hiç tapmadym taý dere.

.

Eý, Aýdere, Aýdere,

Adyň göwne jaý, dere.

Gülleriňden tirmäge

Gelerin men maý, dere!

A. Kowusow.

tebigat
aýdere

65-nji gönükme. Nakyllary okaň we birinji nakyldaky çekimsiz harplary depderiňize göçüriň.

Ýoda yzlasaň, ýola barar.

Ýola çykaň, ýoldan gaýtmaz.

Akyldan artyk baýlyk ýok.

Gerekli daşyň agramy ýok.

Göwni açygyň ýoly açyk.

1. Nakyllaryň manysyny bilşihizçe düşündirjek boluň.

2.Ýoda sözüniň manysyny sözlükden öwreniň.

Ýoda                       baýlyk

66-njy gönükme. Hekaýajygy okaň we has gara ýazylan sözleri göçüriň. Olardaky çekimsiz harplary aýdyň.

Mergen aga.

Mergen aga köpi gören adam. Ol bize käwagtlar erteki aýdyp berýär.

Mergen aga köp erteki bilýär. Onuň aýdýan ertekileri orän gyzykly.

Biz olary höwes bilen diňleýaris.


67-nji gönukme.    Hekaýajygy okaň. Birinji sözlemi göçüriň.  Her sözdäki çekimli we çekimsiz sesleri aýdyň.

Okuw ýyly.

Okuw ýyly sentýabr aýynda başlanýar. May aýynda gutarýar. Bir okuw ýylynda dort çärýek bar.

Häzir okuw ýylynyň üçünji çärýegi. lýun, iýul, awgust aýlarynda çgalar dynç alýarlar.

Soraglara dilden jogap beriň.

1.Bir okuw ýylynda näçe çärýek bar?

2.çagalar haýsy aýlarda dynç alýarlar?


68-nji gönükme. Okaň. Soňky üç sözlemi göçüriň we

olardaky çekimli sesleri aýdyň.


Biziň Watanymyz Turkmenistan. Ol Garaşsyz, özbaşdak, baky Bitarap döwlet.

Watanymyzyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazow.

Halkymyz oňa Türkmenbaşy diýýär. Biz Watanymyzy söýýäris, Prezidentimizi hormatlaýarys.

Özbaşdak sözüniň manysyny sözlükden öwreniň.

*********

Ýazuwa geçiriň(print)