1. Ses we harplar. 2. Çekimli sesler. 3. Ýogyn we inçe çekimli sesler. 4. Çekimsiz sesler. 5. Açyk we dymyk çekimsizler. 6. Dymyk k, p, t, ç sesleriň açyga öwrülişi.
7. Bogun. 8. Söz. 9. Baş harp. 10. Zatlaryň hilini aňladýan sözler. 11. Hereketi aňladýan sözler. 12. Sözlem. 13. Ýyl boýunça geçilenleri gaýtalamak. 14. Labyzly okaýyş üçin goşgular.
15. Düşündirişli sözlük..|
§ 3. Ýogyn we inçe çekimli sesler. 21-nji gönükme. Sözlemleri okaň. Her sözdäki çekimlileri aýdyp beriň. Okuw başlandy. Çagalar klaslara girdiler. Mugallym olaryň salamyny aldy. Soňra çagalaryň ünsüni özüne çekip, sapaga başlady. Soraglara dilden jogap beriň. 1. Üçünji sözlemde näçe söz bar? 2. Ol sözleriň her birinde nаçе bogun bar? 22-nji gönükme. Öý goşlarynyň adyny okaň we olary bogunlara bölüp göçürüň. Çekimli harplaryň aşagyny ýyzyň. Haly, keçe, palas, düşekçe, kilim, torba, ýorgan, ýassyk, çuwal, diwan, oturgyç, stol, krowat. Nusga. Ha-ly... Kilim, palaš sözleriniň manysyny sözlükden öwreniň. 23-nji gönükme. Suratlara seredip, olaryň atlaryny depderiňize ýazyň.
Ýazan sözleriňizdäki çekimli harplaryň aşagyny çyzyň.
24-nji gönükme. şygry labyzly okaň. Uçuň, durnalar.
G. Ezizow. 1. Şygryň her sözündäki çekimlileri depderiňize göçüriň. 2. Gorkana sözüniň manysyny sözlükden öwreniň. Nusga. U, a...
25-nji gönükme. Hekaýajygy uns berip okaň. Saglykbaýlyk
Içinde ýogyn çekimlisi bolan sözleri aýdyp beriň.
26-njy gönükme. Okaň we içinde inçe çekimlisi bolan sözleri bogunlara bölüp depderiňize göçüriň. Gül. Gül näzik we owadan zat. Ol ysy bilenem, reňki bilenem adamlara ýaraýar. Biz gül çemenleri bilen bir-birimizi gutlaýarys. Gyzyl güller söýgüni bildirýär. Ak güller mähirliligi alamatlandyrýar. Çagalar, gülleri soýüň we olary ösdürip ýetişdiriň. Dostlaryňyza, joralaryňyza sowgat ediň!
Ýaz peýzažy
Ý. Agageldiýew. Gyzykly uns bilen
27-nji gönükme. Okaň. Ýogyn çekimlili sözleri biraýry, inçe çekimlili sözleri biraýry göçüriň. Aman. Aman her gün ir turýar. Yorgan-düşegini ýygnaýar. Bedenterbiýe maşklaryny edýär. Soňra sabyn bilen ýuwunýar. Ertirlik naharyny iýip, mekdebe gidýär.
Nusga. Sabyn, ýuwunýar... her gün... Maşk sözüniň manysyny sözlükden öwreniň. ![]()
28-nji gönükme. Mätaly okan we ýogyn qekimlili sözleri aýdyň.
Mataly ýoruň. mätaly ýormak 29-njy gönükme. Bedenterbiýe baradaky hekaýajygy okaň we inçe çekimlili sözleri aýdyň. Bedenterbiýe saglykdyr.
30-njy gönükme. Aşakdaky öwut-nesihat häsiýetli sözlemleri okaň we göçuriň. Özüňden ulyny sylamaly, olara salam bermeli. Özüňden kiçini öýkeletmeli däl. Mugallymyň aýdanlaryny uns berip diňlemeli we ýerine ýetirmeli. Bularyň hemmesi edeplilikdir. Ýogyn çekimlili sözleriň aşagyny çyzyň.
31-nji gönükme. Hekaýajygy okaň. Soraglara dilden jogap beriň.
Haýwanat bagynda. Aşgabadyň haýwanat bagy uly. Biz oňa baryp gördük. Ol ýerde dürli haýwanlar bar. Haýwanlara oňat seredýärler. Wagtly-wagtyna iýmit, suw berýärler. Ýataklaryny arassa saklaýarlar. Mugallymymyz bize şol haýwanlar hakda gürrüň berdi.
Soraglar:
Ikinji, üçünji soraglaryň jogabyny depderiňize ýazyň we olardaky inçe çekimlileri aýdyp beriň.
32-nji gönükme. Okaň we birinji, ikinji sözlemleri göçüriň. Serdarymyza şohrat
Göçüren sözlemlerimzdaki ýogyn çekmlileriň aşagyny çyzyň.
33-nji gönükme. şygry labyzly okaň. Ata watan.
M. Garryýew. Içinde ýogyn çekimlisi bolan sözlerden sekiz sanysyny göçüriň we olardaky çekimlileri aýdyň.
34-nji gönükme.Hekaýajygy okaň.
Iki dogan. Mergeniň özünden uly doganynyň ady Jeren. Ol dördünji klasda okaýar. Mergen çagalar bagyna gatnayar. Ol çagalar bagynda öwrenen zatlary barada doganyna gürrüň berýär. Jeren jigisiniň gürrüňlerini höwes bilen diňleýär. Soraglaryň jogabyny depderiňize ýazyň.
Ýazan sözlemleriňizdäki inçe çekimlili sözleriň aşagyny çyzyň.
35-nji gönükme. Nahar atlaryny okaň we dine ýogyn çekimlisi bolan sözleri göçüriň.
Dograma, börek, çогbа, çekdirme, palaw, şüle, unaş, belke, bulamak, mäşewe, ýarma, çişlik, dolama, gutap, gowurma, şorsuw, akýüwrük, gaýnatma. Nusga. Dograma, ... 1. Göçüren sözleriňizdäki çekimlileri aýdyň. 2.Akýüwrük sözüniň manysyny sözlükden öwreniň.
36-njy gönükme. Guşlaryň atlaryny okaň we dine inçe çekimlisi bolan sözleri göçüriň.
Göçüren sözleriňizdäki çekimlileri aýdyň.
37-nji gönükme. Hekaýajygy üns berip okaň.
Lukmanyň gyzy. Bibi bäş ýaşynda. Onuň ejesi lukman. Bibiniň oýnawaçlary köp. Ol bir gurjagyny alyp, onuň kellesini ak ýaglyk bilen daňdy. Ony ýorganjyga dolady. Onuň gyzgynyny barlady. Oňa derman içirdi. Okan hekaýajygyňyzdaky inçe we ýogyn cekimli sesleri aýdyň.
38-nji gönükme. Aşakdaky sözlemleri okaň. 1. Biz oz ýurdumyzy soýýäris. 2. Biziň ýurdumyzda gözel ýerler köp. 3. Enäni-atany hormatlamak biziň borjumyzdyr. 4. Ýolbars, gaplaň, mojek ýyrtyjy haýwanlardyr. Ýogyn çekimlili sözleri biraýry, inçe çekimlili sözleri biraýry göçüriň.
Nusga. şat, ... Biz, ...
39-njy gönükme. Sözlemleri okaň, soňra göçüriň. 1. Men atamlara gezmäge gidip geldim. 2. Okuwçynyň eşigi, eli, ýüzi hemişe arassa bolmalydyr. 3. Okuw esbaplaryny aýawly saklamalydyr,
1. Inçe çekimlileriň aşagyna bir gyzyk, ýogyn çekimlileriň aşagyna iki çyzyk çyzyň.
2. Aýawly saklamak aňlatmasynyň manysyny sözlükden öwreniň.
40-njy gönükme. şygry labyzly okaň.
A. Gurbanow. Has gara ýazylan sözlerdäki çekimlileriň nähili çekimlilerdigini aýdyp beriň.
41-nji gönükme. Aşakdaky sözleri göçüriň. Bularyň soňky bogunlaryndaky çgekimlileriň inçe ýa-da ýogyn bolmagynyň sebäbini düşündiriň. o-rak-ly e-rik çö-rek ga-myş el-lik tä-ze-je ýa-gyş na-gyş ga-lam o-kuw-çy ä-dik-çi dep-der
42-nji gönükme. Nokatlaryň ýerine degişli çekimlini ýazyp, sözlemleri goçüriň. Biz...ň obamyzd... haly fabrigi bar. Ol ýerd... haly dokalý...r. Göz...liň ejesi hem şol ýerde işleý...r. Ol fabrigiň ökd... hal.„çysy.
43-nji gönükme.Okaň. Nokatlaryň ýerine haýsy çekimliniň bolmalydygyny aýdyň. Sonajyk. Sonalar Jerenler bilen goňş... Sona düýn Jerenlere bard... Onuň bilen gurjak oýnad... Jeren...ň Enes... olara gyzykly ertek... aýdyp berd... Sona Jerenlerde bir sagada golaý oturd... Soňra öýlerine gaýtd...
44-nji gönükme. Nokatlaryň ýerine y, içgekimlileriniň degişlisini ýazyp, sözleri göçüriň.
Er..k, bal...k, garp.„z, bilb.„l, äd„.k, ýyld„.z, ýetm„ç, ýal..n, sab„.n, ek„.n, M„.rat, Aş.„r, çaý...r, gulakj...n, ýass...k, bäşl...k. Nusga: erik, bälyk... 45-nji gönükme. Nokatlaryňi ýerine ýaýyň içindäki bogunlardan degişlisini ýazyp göçüriň.
Ba..., ba..., pal..., mä..., goş..., kä..., alt..., el.., ýet.., Ba..., er..., ga..., kem..., (şir, lýk, gy, sim, syn, miş, tir, py, pir, çyk, tyr, mys, li). Nusga. Batyr, palgyk, ...
46-njy gönükme. Soraglara ýazmaça jogap beriň. Ýazan sözleriňizde y, i çekimlili sözlerde y, i harplarynyň ýazylmagynyň sebäbini düşündiriň. 1. Sen näçenji klasda okaýarsyň? 2. Sen nähili okaýarsyň? 3. Sen sagat näçede turýarsyň? 4. Irki bedenterbiýe maşklaryny edýärmiň? * * * 47-nji gönükme. Hekaýajygy okaň. Awçy. Meniň kakam awcy. Ol bir gün awa gitdi. Öýlänler dolanyp geldi. Kakam iki säny tilki tutupdyr. Tilkileriň derisini soýup aldy. Olary deri kabul edilýän ýere tabşyrdy.
Has gara ýazylan sözlerde y, i çekimlileriniň ýazylmagynyň sebäbini aýdyp beriň.
48-nji gönükme. Özüňizden içinde y çekimlisi bolan sözlerden alty sanysyny, i çekimlisi bolan sözlerden alty sanysyny tapyp, depderiňize ýazyň. Nusga. Artyk, erik...
49-njy gönükme. Aşakdaky sözlemleri üns berip okaň. 1. Meretdurda kakasy täzeje portfel alyp berdi. 2. Aýgözel radio diňleýär. 3. Jahan fabrikde işleýär. 4.Mekdebiň direktory çagalar bílen gürrüň etdi. 5. Aşyrgeldi gazet okaýar. 6. Türkmenistanda birnäçe derýa bar. Içinde ýogyn we inçe çekimliler gatyşyp gelen sözleri aýdyp beriň.
50-nji gönükme. Içinde inçe we ýogynçgekimliler gatyşyp gelen sözleri göçüriň.
Adamlar, üzüm, nar, oglan, kärhana, pişik, meýdan, Aman, kitap, direktor, başlyk, kino, çagalar, gazet, mekdep.
51-nji gönükme. Sözlemleri okaň we has gara ýazylan sözleri göçüriň, içinde inçe we ýogyn çgekimliler gatyşyp gelen sözleri aýdyň. 1. Mäňa doganym gyzykly kitap getirip berdi. 2. Biz haty ruçka bilen ýazýarys. 3. Men ruçkany, galamy, bozgujy penala salýaryn. 4. Orazyň gowy portfeli bar. Göçüren sözleriňiziň okuw esbaplarynyň adyny aňladýandygyny ýadyňyzda saklaň.
52-nji gönükme. Sözlemleri okaň we göçüriň. 1. Serdaryň kakasy telefonda gürlesýär. 2. Men kitaplarymy arassa saklayaryn. 3. Türkmenistanda üziimiň dürli görnüşi ýetişdirilýär.
Içinde ýogyn we inçe çekimliler gatyşyp gelen sözleriň aşagyny Çyzyň. |
*********