1. Ses we harplar. 2. Çekimli sesler. 3. Ýogyn we inçe çekimli sesler. 4. Çekimsiz sesler. 5. Açyk we dymyk çekimsizler. 6. Dymyk k, p, t, ç sesleriň açyga öwrülişi.
7. Bogun. 8. Söz. 9. Baş harp. 10. Zatlaryň hilini aňladýan sözler. 11. Hereketi aňladýan sözler. 12. Sözlem. 13. Ýyl boýunça geçilenleri gaýtalamak. 14. Labyzly okaýyş üçin goşgular.
15. Düşündirişli sözlük..|
§ 2. Çekimli sesler.
9-njy gönükme. «Gyş» diýen hekaýajygy okaň.
Gyş Dekabr, ýanwar, fewral aýlary gyş paslydyr. Gyşyna howa sowuk bolýar. Gar ýagýar. Suw doňýar. Çagalar gar togalap oýnaýarlar. Gardan adam ýasaýarlar.
Soraglara dilden jogap beriň. 1.Haýsy aýlar gyş pasly? 2.Gyşyna howa nähili bolýar? 3.Çagalar näme işleýärler? Ikinji soragyň jogabyny depderiňize ýazyň we a, o, u, y harplarynyň aşagyny çyzyň.
10-njy gönükme. Şygry okaň we düzüminde i, e, ö, u, ä harplary bolan sözleri aýdyp beriň. Gar.
A. Atabaýew. Arkaýyn sözüniň manysyny sözlükden öwreniň.
11-nji gönükme. Okaň we içinde o, u, a, y harplary bolan sözleri göçüriň.
Nusga. Yolka, ýalyn...
12-nji gönükme. Aşakdakylary okaň. Her sözdäki çekimli sesleri aýdyň.
Biziň klasymyz. Biz birinji klasda okaýarys. Biziň klasymyzda otuz okuwcy bar. Biz klasymyzy arassa saklaýarys. Partalary hapalamaýarys. Arakesme wagtynda nobatçylyk edýäris. Biz mugallymymyzyň aýdýanlaryny doly ýerine ýetirýäris. Soraglara dilden jogap beriň. 1. Siz näçenji klasda okaýarsyňyz? 2. Siziň klasyňyzda näçe okuwçy bar? 3. Siz klasyňyzy arassa saklaýarsyňyzmy?
13-nji gönukme. Okaň we her sözdäki çekimli sesleri aýdyň.
Mekdep. Ol iki gat owadan jaý biziň mekdebimiz. Ol obanyň ortarasynda ýerleşýär. Biz mekdebiň daş-töweregini arassa saklaýarys. Mekdebimiziň oňat sport meýdançasy bar.
14-nji gönukme. Okaň we has gara ýazylan sözlerdäki çekimlileri aýdyp beriň.
Soraglaryň jogabyny depderiňize ýazyň we olardaky çekimlileriň aşagyny çyzyň. 1.Seniň adyh näme? 2 .Sen ndgenji klasda okaýarsyň? 3. Sen sapaklaryňa nähili ýetiŞýärsiň?
15-nji gönükme. Atalar sözlerini okaň, manylaryny aýdyň we çekimli harplary göçüriň. Bir çekimlini iki gezek ýazmaň.
Çekseň zähmet, ýagar rähnet. şu günki işiňi ertä goýma. Nusga. A, e, y...
16-njy gönükme. Matallary okaň we her sözdäki çekimlileri aýdyp beriň.
17-nji gönükme. şygry okaň. Her sözde haýsy çekimlileriň bardygyny aýdyň. Üç söz
Ý. Durdyýew. Dessan sözuni Dessan manysyny sözlükden öwreniň.
18-nji gönükme. Hekaýajygy okaň we has gara ýazylan sözleri göçüriň. Olardaky çekimlileri aýdyň. Maksat.
Soraglaryň jogabyny depderiňize ýazyň. 1. Maksat nähili okuwçy? 2. Ol sapaklaryna nähili ýetitşýar?
19-njy gönükme. Matallary okaň we manysyny depderiňize ýazyň. şol sözlerdäki çekimlileri aýdyň.
20-nji gönükme. Hekaýajygy ims berip okan. Has gara ýazylan sözlerdäki çekimlileri aýdyň. Çagalar bagy.
Soraglara dilden jogap beriň:
|
*********