Abraý (a:braý), hemmeler tarapyndan bildirilýán
hormat, sylag, ynam.
Akýüwrük (a.-kýüwrük), tüwini suwda bişrip
gatyklanyp iýilýán nahar.
Alçak, göwnaçyk, mylaýym, gadyrly, içgin gürleşýän
adam.
Arkaýyn, ynjalykly, rahat, howatyrsyz, aladasyz,
gaýgysyz.
Aýawly saklamak, zaýa etmän saklamak, gorap
saklamak.
Aýlaw, at capyşygy geçirilýän ýörite meýdan, ýer.
Bagtyýar (bagtyýa:r), bagta ýar bolan, bagta eýe
bolan, bagtly.
Baky (ba:ky), mydamalyk, hemişelik, müdimi.
Baýlyk (ba:ýlyk), 1) mal-mülklülik, gurplulyk, köp zatlylyk, 2) gazylyp alynýan we öndürilýán gymmatly zatlar.
Baýrak, ýaryşda we başga zatda üstün çykanlygy
üçin berilýán sylag.
Baýyr, dag etegindäki belentli-pesli depe, pes, ýapgyt
dagjagaz.
Belke, ýuka ýaýylyp kesilen hamyr böleklerinden
taýýarlanylýan nahar.
Bereket, bol hasyl, köp önüm, bolluk, dokluk, bolçulyk.
Bina (bina:), Uly jaý, ymarat.
Bitarap (bitarap), hiç bir tarapa goşulmaýan.
Borç (bo:rç), bergi, edilen wada, karz.
Boz, calymtyl reňk.
Çarşak, dort-bäs. dişli agaçdan, demirden ýasalan,
harman atmakda, ýandak, bede toplamakda ylanylýan gural.
Çarşenbe (ga:rşenbe), hepdäniň üçünji gününiň ady.
Çaryk, düýe, sygyr hamyndan, gaýyşdan tikilýän okjesiz
aýakgap.
Çágesöw (Çä:gesöw), çäge gatyşykly, çäge gatyşygy
bolan.
Çákmen (çä:kmen), düýe ýüňünden dokalyp tikilýän
erkek adamlaryň daşky geýimi.
Çuwal, 1) un, bugdaý guýmak üçin elde dokalyp
tikilýán gap, 2) Öý goşlaryny salmak üçin tärimden asylýan çitme gap.
Çoluk, çopanyň komekçisi.
Çyrpy, ýeňlenilip geýilmän, kellä atylýan, hemme
ýeri keşdelenen aýal geýimi.
Dessan (dessa:n), Şygyr we kyssa gatyşykly ýazylan
edebi eser.
Diýar (diýa:r), ýaşalýan ýer, ýurt, watan.
Düsenbe (dü:şenbe), hepdäniň birinji gününiň ady.
Dynjalys, (dy:njalyş), mekdeplerde, okuw jaýlarynda
dynç almak üçin berilýán rugsat (kanikul).
Edep, gowy terbiýe, tertip-düzgün, sypaýylyk.
Gaçy, suw agmaz ýaly derýanyň, uly ýaplaryň,
ýakasyna, kenaryna gum üýşürilip edilýán berkitme.
Garaşsyz, özbaşdak, özygtyýarly, garaşly däl.
Gende, ýaman, erbet, ýaramaz.
Goreç, gözüň ortarasyndaky garaja bölegi.
Görkana (görka:na), owadan, görmegeý, görkli.
Halyçy (ha:lyçy), haly dokaýan, dokmaçy, haly dokamagyň ussasy.
Harlamak (ha:rlamak), ýaramaz, bigadyr, har saklamak, gymmatyny gaçyrmak, aýak astyna almak.
Hemişelik (hemi:şelik), mydamalyk, wagtlaýyn däl.
Howandar (howanda:r), ýakyn garyndaş, hossar, ýakyn dost, ýoldaş, arkadaýanç.
ILiK, geýime, başga zatlara dakylýan sadap.
Jülge, iki dagyň arasyndan uzap gidýán dere.
Jürdek, bokurdagy inçeräk bir gulply tomsuna suw sowatmak üçin ulanylýan gap.
Kenar (kena:r), ýabyň, derýanyň gyrasy, ýer bilen çäkleşýán ýeri.
Käkilik (ká:kilik), köplenç dagda bolýan owadan aw.
Kärendeçi (ka:rendeçi), kireýine, kärendesine ýer alyp ekýán adam.
Kilim, haly ýaly ýüwürdilip dokalýan kiçiräk düşek.
Legen, kir ýuwmak ýa-da hojalykda başga zatlar üçin ulanylýan ýuka demir gap, taňňyr.
Lukman (lukma:n), kesel bejermek baýunça ýokary bilimli hünärmen.
Mask, bedenterbiýe boýunça ýerine ýetirilýán oýunlar, hereketler.
Merhemetli, rehimli, mähirli, şepagatly, ýakymly,mylaýym.
Máhriban (mahriba:n), mylakatly, mähirli, rehimli,mährem.
Minnetdar (minnetda:r), edilen ýagşylyk üçin birinden hoşal.
Nur saçmak (nu:r), ýagty bermek, şöhle ýaýratmak, ýagtylandyrmak.
Özbaşdak (o:zbaşdak), hiç kime bagly bolmadyk, garaşsyz.
Pagtaçy, gowaça ösdürip ýetişdirmek bilen meşgul bolýan adam, pagta ugrundan
hünärmen.
Palas (pala: s), haly ýaly ýüwürdilip dokalýan kilimden uly düşek.
Paýtagt (pa:ýtagt), döwletiň merkezi şäheri.
Pellehana (pelleha:na), ýaryşda iň soňky barylmaly, barlyp gaýdylmaly ýer.
Penşenbe, hepdäniň dördünji gününiň ady.
Petir (peti:r), hamyrmaýa goşulman hem-de aldyrylman, ýüzi dürtülip bişirilýän çörek.
Päki (pä:ki), saç, sakgal syrmak üçin ulanýlýan gural.
Rysk, nesibe, paý, alla tarapyn berilýán paý.
Sazak (sa:zak), gumluk ýerlerde bitýän pür ýaprakly agaç, odun.
Saz işlemek (sa:z i:şlemek), gurat, gowy işlemek. Seýis, aty çapyşyga taýýarlaýan, aty seýislemegiň ugruny bilýán adam.
Siňmek, iýmitiň aşgazan arkaly özleşmegi, bir zadyň içine kem-kemden siňip gitmek.
Sişenbe (si:şenbe), hepdäniň ikinji gününiň ady.
Sower dost (do:st), gowy görülýän, sylanylýan, söýülýän dost.
Süzgüç, suwuklygyň içindäki zady süzüp almak üçin gözenek-gözenek deşikli enjam.
Syn etmek (sy:n), birini ýa-da bir zady gözden geçirmek.
Şadyýan (şa:dyýa:n), keýpi kök, şat, şähdaçyk.
Şan-şöhrat (şa:n-şöhra:t), hatyra, dabara, şohrat.
Şenbe, hepdäniň altynjy gününiň ady.
Tazy (ta:zy), uzyn inçe tumşukly, inçe uzyn aýakly aw iti.
Täsin (äá:si:n), örän geň, geň-enaýy.
Togdary, Uly aw guşy.
Tokaý, her hili gyrymsy we uly agaçlar gögerip oturan giň meýdan, ýer.
Torba (to:rba), içine zat salmak üçin ýörite dokalýan gap.
Uýmak, birine ynanmak, tabyn bolmak, biriniň yzyna eýermek.
Ynsan (ynsa:n), adam nesli, adam.
Ynsap (ynsa:p), utanç, haýa, wyždan, özüňi dogry alyp barmak duýgusy.
Ýadygárlik (ýa:dygä:rlik), 1) ýatdan çykarmazlyk, unutmazlyk maksady bilen birine berlen zat,
2) hormatlamak maksady bilen birinií ýa-da bir zadyň hatyrasyna gurlan, oturdylan heýkel.
Ýahna, gaýnadylan etden sowadylyp taýýarlanylýan nahar.
Ýekşenbe, hepdäniň dynç, ýedinji gününiň ady.
Ýilik, süňkiň içindäki ýumşak ýag ýaly zat.
Ýoda (ýo:da), kiçiräk, insizje ýoljagaz.
Ýumuş, birine tabşyrylan, ýerine ýetirilmeli iş.
Ýygra, utanjaň, çekinjeň.
Ýyrtyjy, (ýabany haýwanlara degişli). |