LABYZLY OKAÝYŞ ÜÇIN GOŞGULAR
BAHAR GELDI
Baglarmyza güller dakyp,
Bahar geldi, bahar geldi.
Dokuz aýlyk ýollar söküp,
Bahar geldi, bahar geldi.
|
| . |
Gok parçaly ýazy bílen,
Durnalary, gazy bilen.,
Garly gyşyň yzy bílém,
Bahar geldi, bahar geldi.
|
| . |
Daýhanlarmyz ekin ekýár,
Güneş gökden gülüp bakýar,
Baksaň göwnüň ganat kakýar,
Bahar geldi, bahar geldi.
|
| . |
Malym uçin gökje ýylak,
Özüm uçin ak kömelek,
Sowgat alyp, heýjanelek,
Bahar geldi, bahar geldi.
|
GELDI BU GÜN DÖWRI-DOWRAN
Kän asyrlap aňymda hem
Hyýalymda garaşsyzlyk.
Bu gün bolsa, bol güneşli
Diýarymda garaşyzlyk.
|
| |
Geldi bu gün döwri-dowran,
Gözel ýurdum, Türkmenistan!
|
| |
Türkmen adym dünýä ýaýrap,
Güller açar ülkäm indi.
Baý diýarda gülüp-oýnap,
Ýalkym saçarülkäm indi.
|
| |
Geldi bu gün döwri-dowran,
Gözel ýurdum, Türkmenistan!
|
|
Doganmyz kän, dostumyz kän,
Şatlyk geldi halkymyza.
Sen, goýnuňda gözel ulkám,
Guwanýarys bagtymyza.
|
|
Geldi bu gün döwri-dowran,
Gözel ýurdum, Türkmenistan!
|
GOWAÇAM
Ýeriň sürüp çykaýyn,
Döküm berip çykaýyn,
Aýny wagty ekeýin,
Ös, gowaçam, gowaçam.
|
| |
Adyň seniň dilimde,
Ot goýmaryn pelimde,
Gozüm seniň gülüňde,
Ös, gowaçam, gowaçam.
|
| |
Men ýadadym diýmäýin,
Gar astynda goýmaýyn,
Ak pagtaňy ýygnaýyn,
Ös, gowaçam, gowaçam.
|
GUL BILEN MIWE
Hoştap şemal öwüsýär
Hezil säher sergini.
Miwe irden suwarýar
Gapydaky ter güli.
|
| |
Irmän-arman idedip,
Ösdürdi ol gülüni.
Lowurdaýar şapak dek
Bägüllerm telimi.
|
| |
Nazar saldy ol ilki
Şol gülleriň gowsuna.
«Ilki sowgat kimiňki?»
Basdy ony howsala.
|
| |
Unutmady Miwejik
Ene süýdün emenni.
Diýdi: -Ejeme berjek
Ilki bogan çemenmi.
|
BÄŞ
Hem iki Towar,
Bäşimiz bolup,
Geçirdik ýowar.
|
| |
Baş sány tuduň
DüýbÜni debdik.
Bäsimiz bolup
Bäş alşa ekdik.
|
| |
Baş bedre suwy
Daşady Bäşi.
Şeýdip bäş bolup,
Etdik kop işi.
|
|