1. Ses we harplar. 2. Çekimli sesler. 3. Ýogyn we inçe çekimli sesler. 4. Çekimsiz sesler. 5. Açyk we dymyk çekimsizler. 6. Dymyk k, p, t, ç  sesleriň açyga öwrülişi.

7. Bogun. 8. Söz. 9. Baş harp. 10. Zatlaryň hilini aňladýan sözler. 11. Hereketi aňladýan sözler. 12. Sözlem. 13. Ýyl boýunça geçilenleri gaýtalamak. 14. Labyzly okaýyş üçin goşgular.

15. Düşündirişli sözlük..

§ 12. Sözlem.    

227-nji gönükme. Sözlemleri okaň we göçüriň. Olaryň

her biriniň okalyşynyň äheňine  üns beriň.


1.Biz mekdebe geldik.

2.Sen näçenji klasda okaýarsyň?

3.Toýuňyz gutly bolsun!

* * *

228-nji gönükme. Suratlar hakyndaky gürrüňi okaň

we soraglara jogap beriň.

Oglanlar meýdanda top oýnaýarlar.


— Balam, awtobus duralgasy nirede?

Ýaşasyn parahatçylyk!


1.   Sözlemler okalanda,  olaryň okalyş äheňi — intonasiýasy birmeňzeşmi ýa-da dürli-dürlumi?

2. Sözlemleriň her birinde näme hakynda gürrüň gidýär?

3.Sözlemleriň soňunda goýlan dyngy belgiler
birmeňzeşmi?

* * *

229-njy gönükme.     Aşakdaky sözlemleri okaň we göçüriň. Her sözlemiň    okalyşyna we olardan soň goýlan belgilereüins beriň.


1.Merediň jigisi birinji klasda okaýar.

2.Sen şu gün bize geljekmi?

3.Baýramyňyz gutly bolsun!

Sözlem sözlerden düzülip, gutaran

bir pikiri aňladýar. Sözlem üç hili bolýar:

1. Habar sözlemi. 2. Sorag sözlemi. 3. Ýüzlenme sözlemi. Her sözlemiň öz aýdylyş äheňi bolýar.

230-njy goniikme. Suratlaryn aşagyndakylary okaň.

Kim ýa-da näme hakda gürrüň berilýändigini aýdyň.

Nurgözel gülleri suwarýar.

Sygyr otlaýar.

Suratlar hakdaky sözlemleri göçürin.

suwarmak
gutlamak

Habar sözlemi bir zady habar bermegi aňladýar we onuň yzyndan nokat (.) goýulýar. Nokatdan soňky sözlem baş harp bílen başlanýar.

231-nji gönükme. Okaň, näçe sany habar sözleminiň

bardygyny aýdyň.

Abadan her gün ir turyar. Düşegini ýygnaýar, yuwunyar. Ol ertirlik edinyär.

Okuwa gidýär. Abadan haty arassa ýazýar. Men Abadan bilen bir partada oturýaryn.


Habar sözleminden soň nähili belgi goýulýar? Nokatdan soňky sözlem nähili harp bilen başlanýar?

* * *

232-nji gönükme. Göçüriň. Habar sözleminiň niresinde nokat goýandygyňyzy aýdyň.

Çopanlar.

Durdy aga baş çopan. Onuň kömekçileri Oraz bilen Mergen. Olar daýhan birleşiginiň goýunlaryny bakýarlar. Gün ýaşdy. Çopanlar goşa ýygnandylar. Olar nahar edindiler. Çay içdiler. Soňra radio diňlediler.

baş çopan     goş

233-nji gönükme. Okaň. Nirede nokat goýulmalydygyny

aýdyň.

Muhammet bilen Hally.

Muhammet bilen ikisi dost Muhammet Hallynyň ýanyna geldi Hallу oýnaýardy Ol Muhammediň öňünden çykdy Olar bile oýnadylar

Gerekli ýerinde nokat goýup göçüriň.

* * *

234-nji gönükme. Sözlemleri okaň we olaryň kim hakda habar berýändigini aýdyň.

Annasoltan.

Annasoltan edepli gyz. Ol birinji klasda okaýar. Annasoltan gowy okaýar.

Ol ejesine komek edýär. Annasoltan jigisine kitap okap berýär.


Annasoltan hakdaky sözlemleri göçüriň.

Annasoltan hakynda näçe sany habar sözlemi bar?

Habar sözleminden soň nähili belgi goýulýar we soňky sözlem nähili harp bilen başlanýar?

* * *

235-nji gönükme. Okaň. Sözlemler näme hakda Berýändigini aýdyň.

Uçar

Uçar uçdy. uçar ýolagçylary äkitdi. Uçara köp adam sygýar.

Menem uçara mündüm. Uçaryň içi orän oňat. Uçar Maryda gondy.


Uçar hakynda näçe sany habar sözlemi bar?

Habar sözleminden soň nähili belgi goýulýar we şol belgiden soňky sözlem

nähili harp bílen başlanýar?

* * *

236-njy gönükme. Hekaýajygy okaň we her bir habar sözleminiň degişli ýerinde nokat goýup göçüriň.

Obamyzda.

Obamyzda çagalar bagy bar Obamyzyň kop çagasy şoňa gatnaýar Terbiýeçi çagalara erteki aýdyp berýär

Çagalar diňleýärler Ol ýerde çagalaryň wagty gyzykly geçýär Bizde çagalar hakda köp alada edilýär

* * *

237-nji gönükme. Okaň. Habar sözleminden beýleki

sözlemleri depderiňize göçüriň.


Meniň doganym ikinji klasda okaýar. Seniň doganyň näçenji klasda okaýar?

Men kitap okadym. Meniň okan kitabym gyzykly eken.

Sen kitap okadyňmy? Çagalar otluk meýdanda oýnaýar. Çagalar nirede oýnaýar?

Göçüren sözlemleriňiziň yzynda nähili belgi goýlandygyna üns beriň.

* * *

238-nji gönükme. Okanyňyzda, her sözlemde aýratyn

Bir zat soralýandygyna üns beriň.

Kakaň nirede işleýär? Sen haýsy mekdepde okaýarsyň?

Sen kitaplaryňy, depderleriňi arassa saklaýarmyň? Düýn size kim geldi?

Sen meniň bilen oýnajakmy? Sen haýsy oýunlary gowy gorýärsiň?

Sorag sözlemi bir zady soramagy aňladýar we onuň yzynda sorag belgisi (?) goýulýar. Sorag sözleminden soňky başlanýan sözlem baş harp bilen başlanýar.

239-njy gönükme.   Okaň. Haýsy sözlemleriň habar,haýsylarynyň sorag sözlemidigini aýdyp beriň. Olaryň okalyşynyň äheňine üns beriň.


Men ejem bilen haýwanat bagyna gitdim. Sen ol ýerde bolduňmy? Ak aýyny gördüňmi?

Haýwanat bagy bize ýarady. Siz haçan gitjek? Kim bilen gitjek? Jigiňi hem äkitjekmi?


Sorag sözlemlerini göçüriň.

Sorag sözleminiň yzynda nähili belgi goýulýar?

Şol belgiden soňky sözlem nähili harp bilen başlanýar?

haýwanat bagy

240-njy gönükme.   Okaň. Her bir sözlemiň okalyş, äheňine üns beriň.


Biz oýnamaga gitjek. Sen gitjekmi? Meniň bilen jigim hem gider.

Biz köp oýnarys. Seniň jigiň barmy? Ol näçe ýaşynda?

Men galam aldym. Sen galam aldyňmy?


Habar sözlemlerini biraýry, sorag sözlemlerini biraýry göçüriň.

Habar sözleminiň yzynda nähili belgi goýulýar?

Sorag sözleminiň yzynda nähili belgi goýulýar?

Bu belgilerden soňky sözlem nähili harp bilen ýazylyp başlanýar?

* * *

241-n ji gönükme. Sorag we habar sözlemleriniň yzynda degişli belgilerini goýup göçüriň.


Kim işleýär Durdy işleýär Kim geldi Meret geldi Näme uçýar Guş uçýar Nirä gitdiň Mekdebe gitdim

Nusga: Kim işleýär? Durdy işleýär.

* * *

242-nji gönükme.    Gerekli dyngy belgileri goýup, sözlemlerí depderiňize göçüriň.


Kakam işden geldi.Seniň kakaň nirede işleýär

Meniň kakam goýun bakýar Siziň obaňyz gumdamy

Gutaran bir pikiri aňladýan bu sözlemleriň haýsylary habar,

haýsylary sorag sözlemleri?

* * *

243-nji gönükme. Suratlara üns bílen serediň. Çopanyň

we okuwçylaryň edýän işlerini habar berip ýazyň.

244-nji gönükme. Her sözlemden soň degişli dyngy belgileri goýup göçüriň. Täze sözlemi nähili harp bílen ýazyp başlamalydygy ýadyňyzda bolsun.


Sen nireden geldiň men mekdepden geldim siz näçe

sagat okadyňyz biz dört sagat okadyk ýol ýodaşyň ady kim ýoldasymyň ady Şöhrat.

Nusga: Sen nireden geldiň? Měn mekdepden geldim.


245-nji gönükme. Sözlemleri öz heňi-intonasiýasy bilen okaň. Habar we sorag sorag sözlemlerinden  beýleki sözlemleri göçüriň.


Ýaz aýlary gutaryp gelýär. Ýaz päsly haýsy aýlardyr? Ýaşasyn biziň Watanymyz!

Biz parahatçylygy söýýäris! Biz zähmeti söýýäris! Azat zähmete şöhrat!

Göçüren sözlemleriniziň yzyndan nähili belgi goýlandygyna  üns beriň.

Ýüzlenme sözlemi ýüzlenmegi, begenjj gynanjy aňladýar. Ýüzlenme sözleminiň yzyndan ýüzlenme belgisi (!) goýulýar

Ýüzlenme belgisinden soňky sözlem baş harp bílen başlanýar.

246-njy gönükme. Okaň we ýüzlenme aýdyp beriň.


Sen kitaby gowy görýärmiň? Men kitaby gowy görýärin. Çagalar, kitaby oňat saklaň! Kitaplaryňyzy, depderleriňizi hapalamaň, ýyrtmaň! Biz serhet ýakasynda ýaşaýrys. Döwletimizi goraýjylara söhrat!


Ýüzlenme sözleminiň yzyndan nähili belgi goýulýar?

belgiden soňky sözlem nähili harp bílen baş1апуаr?

* * *

247-nji gönükme. Gepleşigi okaň. Her sözlemiň okalyş

äheňine üns beriň we olaryň nähili sözlemdigini aýdyň.

Gepleşik.

— Myrat, biziň döwletimiziň ady näme?

— Aman, biziň döwletimiziň ady Türkmenistan.

— Türkmenistan nähili döwlet?

— Türkmenistan Garaşsyz, Özbaşdak, baky Bitarap dowlet.

Ýaşasyn Garaşsyz Watanymyz! .

Ýaşasyn  onuň  hemişelik  Prezidenti  Saparmyrat Türkmenbaşy!

— Myrat, eziz Watanymyzyň nähili baýlyklary bar?

— Amau, mähriban diýarymyzyň nebit, gaz, pagta, duz, Kükürt ýaly baýlyklary bar.

— Mähriban Watanymyza baky şöhrat!

— Mertebelei Serdarymyz Saparmyrat Turkmenbaşa  Söhrat!

Mertebeli sözüniň manysyny sözlükden öwreniň.

* * *

248-nji gönükme. Ýüzlenme sözlemlerini degişli äheňi intonasiýasy bílen okaň, soňra göçüríň.

Ýok bolsun uruş.! Biz parahatgylygy soýýäris! Yaşasyn azatlyk!   Zähmete  şöhrat!    Ýaşasyn,   mähriban  Türkmenistanym!

Ýaşasyn, eziz Watanymyz! Ýaşasyn, beýik Serdarymyz!

* * *

249-njy gönükme.Aşakdakylardan ýüzlenme sözlemlerini tapyp, depderinize göçüriň.

Tomus kakam bílen Hazar deňziniň kenaryna dynç almaga gitjek. Sen nirede bol jak? Çagalar, mugallymlara hormat goýuň! Özüňizden ululary sylaň!

Mekdebimiziň oňat jaýy bar. Baýramyňyz gutly bolsun!

Kenar sözüniň manysyny sözlükden öwreniň.

* * *

250-nji gönükme. Okaň. Her sözlemiň nähili sözlemdigini aýdyň.

Jereniň doglan güni.

Jeren sekiz ýaşady. Bu gün onuň doglan güni. Joralary, klasdaş ýoldaşlary Jereni gutlamaga geldiler.

 — Çary,  sen  Jereni  doglan  güni  bilen  gutlamag gitjekmi?

 — Elbetde, men giderin! Çagalar Jerenlere geldiler.
Çary seslendi:

— Jeren, sen öýdemi? Seni doglan günüň bilen gutlaýaryn!

Bu sözi hemme çagalar gaýtaladylar. Soňra çagalar telewizorda multfilme seretdiler.

* * *

251-nji gönükme.   Sözleri öz degişli ýerinde ulanyp,

sözlemler düzüň we depderiňize ýazyň.

1. Çagalar, ejem, bagyna, gitdi.

2. Agşam, oýun, mekdebimizde, görkeziljek.

3. Sagat, oýun, başlanýar, näçede?

4. Bolsun, gutly, toýuňyz!

Nusga: Ejem çagalar bagyna gitdi.

* * *

252-nji gönükme. Hekaýajygy okaň. Her sözlemiň

nähili sözlemdigini aýdyp beriň.

Hemmeden gowy.

Bir gün bir gyzjagaz ejesi bilen barýarka, ýolda azaşypdyr. Ol gygyryp eýläk-beýläk ylgap, ejesini gozläpdir Adamlar ol gyzjagazdan:

— Seniň ejeň nirede? — diýip sorapdyrlar. Gyzjagaz
aglap:

— Siz meniň ejemi tanaňzokmy? Meniň ejem  hemme ejeden gowudyr — diýip aýdypdyr.

L. Tolstoý.

*********

Ýazuwa geçiriň(print)