1. Ses we harplar. 2. Çekimli sesler. 3. Ýogyn we inçe çekimli sesler. 4. Çekimsiz sesler. 5. Açyk we dymyk çekimsizler. 6. Dymyk k, p, t, ç  sesleriň açyga öwrülişi.

7. Bogun. 8. Söz. 9. Baş harp. 10. Zatlaryň hilini aňladýan sözler. 11. Hereketi aňladýan sözler. 12. Sözlem. 13. Ýyl boýunça geçilenleri gaýtalamak. 14. Labyzly okaýyş üçin goşgular.

15. Düşündirişli sözlük..

§ 11. Hereketi aňladýan sözler.

202-nji gönükme. Sözlemleri okaň we olardaky

näme etdi?,   näme edýär?, näme etjek?, näme eder?

diýen    soraglara   jogap bolýan sözleri aýdyp beriň.


Yaz geldi. Ýagyş ýagdy. Bahar okaýar. Gözel gelýär. Ata okajak. Oraz ýazar.

203-nji gönükme.        Okaň  we  göçüriň.  Has gara

ýazylan sözleriň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyp beriň.

Kepderi uçdy. Guş gondy. Çagalar oýnaýar.

Kakam okaýar. Gurban geler. Men gitjek.

* * *

204-nji gönükme.    Suratlara seredip, olaryň aşagynda ýazylan soraglaryň jogabyny depderiňize ýazyň.                                                                              


Kepderi uçdy.

Guş gondy.

Çagalar oýnaýarlar.

Kakam okaýar.

Gurban geler.

Men gitjek.

Oglan näme edýär?

Gyz näme edýär?

Awtobus näme etdi?

Ýolagçylar näme edýärler?


Gymyldy-hereketi aňladýan sözler näme etdi?, näme edýär?, näme etjek?, näme eder? diýen soraglara jogap bolýarlar. Meselem:

Näme etdi? Okady, ýazdy, gitdi.              

Näme edýär? Okaýar, ýazýar, gidýär. Näme etjek? Okajak, ýazjak, gitjek.

Näme eder? Okar, ýazar, gider.

205-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözleriň

nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.

1. Kakam oba gitdi. Ol şu gün geldi.

2. Horaz gygyrýar.

3. Adamlar işleýär.

4. Jerenjik ertir geler. Ejesiniň ýanynda oturar. Durdy basym geljek. Ol okajak. 5. Maşyn tiz wagtdan ugrajak. Maşyn ugrady.

Has gara ýazylan sözleriň gymyldy-hereketi aňladýandygyny ýadyňyzda saklaň.

* * *

206-njy gönükme.   Göçüriň we näme etdi?, näme edýär?, näme eder?, näme etjek? diýen soraglara jogap bolýan sözleriň aşagyny çyzyň.


1. Oraz şähere gitdi. Ol sagat bäşde geler. 2. Jeren okaýar. Kakam diňleýär.

3. Kakam ýazýar. Ol okar. 4. Men gitjek. 5. Meret işden geldi.

* * *

207-nji gönükme.Okaň. Näme etdi? diýen soraga jogap bolýan sözleri we olaryň kimiň, nämäniň hereketini aňladýandygyny aýdyň.


Gök gürledi. Ýagyş ýagdy. Yagyş diňdi. Gün çykdy. Otlar gögerdi.

Kakam işden geldi. Ol gazet okady. Enem diňledi.

* * *

208-nji gönükme. Göçüriň. Nokatlaryň ýerine dik çzygyň sag tarapyndaky sözlerden şol zada, degişl  hereketi aňladýan sözi tapyp ýazyň.


Sygyr...
Howa...
Ýagyş...
Jigim mekdebe...
Ejem haly...
Meýdanda otlar...
ýagdy
bulutlaşdy
dokady
gögerdi
gitdi
molady

* * *

209-njy gönükme. Aşakdaky gymyldy-hereketi aňladýan

sözleri ulanyp, özüňizden dort sany sözlem ýazyň.

Yazdy, okady, işledi, geldi.

Nusga: Aşyr hat ýazdy.

* * *

210-njy gönükme. Okaň. Näme etdi? diýen soraga jogap bolýan sözleri aýdyň.


Ejem ir turdy. Ol ertirligini iýdi. Iş eşiklerini geýdi. Ejem işe gitdi.

Ol awtobus duralgasyna bardy. Awtobus geldi. Ejem awtobusa mündi.

Awtobus ugrady. Dördünji duralgada ejem awtobusdan düşdi.

* * *

211-nji gönükme. Ýazmak sözünden näme etdi?, näme edýar?, näme etjek?, näme eder? diýen soraglara jogap bolar ýaly edip, sözlemler düzüň we onuň aşagyny çyzyň.

Nusga:   Myrat dostuna hat ýazdy.

* * *

212-nji gönükme.   Okaň. Has gara ýazylan sözleriň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.

Uçýan güljagaz.

Bahar geldi. Baýyrlar gül-pürçüge bezendi. Ýekşenbe güni Batyrjyk kakasy bilen dag etegindäki baýyrlara gezelenje gitdi.

Al-elwan güller, gök-parç otlar şäheriň çygyna ýuwnupdyr. Ol otlaryň üstünde bir kebelejik perwanady. Kebelejik gülden-güle uçýar, gonýar.

Batyrjyk kowalaýar.

- Kaka, seretsene, gülälek uçup ýör!

- Oglum, ol gülälek däl, kebelek.

(A. Yslamow, «Ýazlagda»).

saheriň çygy
kebelek

 213-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözleriň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.

Meret mergen.

Meret mergen awa çykdy,

Meret mergen daga çykdy,

Ýoldaşyndan saýlandy ol,

Derelere aýlandy ol.


Düry suwlar şarlap akýar,

Dumly-duşa mergen bakýar.

Jülgeler ýaşyl öwüsýär,

Gezdigiçe göwni towusyar.

B. Kerbabaýew.

Näme edýär? diýen soraga jogap bolýan sözleri göçüriň.

* * *

214-nji gönükme.Göçüreniňizde, dik çyzygyň sag tarapyndaky hereket aňladýan sözleriň degişlisini nokatlaryň ýerine ýazyň we olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.

Yagyş...

Gün...

Çagalar kölegede...

Mallar...

Agam 4-nji klasda...

Enem sygyr...

okaýar

otlaýar

çykdy

sagýar

ýagýar

oýnaýar

* * *

215-nji gönükme. Suratdakylaryň hereketini ýazyň we näme etdi?, name edýär? diýen soraglara jogap bolýan sözleriň aşagyny çyzyň.



Nusga: Otly ugrady

* * *

216-njy gönükme. Aşakdaky gymyldy-hereketi aňladýan

sözleri ulanyp, özünizden dört sany sözlem ýazyň.


Aldy, okady, ýaşaýar, bejerýär.

Nusga: Gözel depder aldy.

* * *

217-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözleriň nähili soraga jogap bolýandygyny we olaryň kimiň, nämäniň hereketini ařiladýandygyny aýdyhň


1. Bibi ejesine kömeklesýär. Ol suw getirýär, gap-çanaklary ýuwyar. Jeren sapaklaryna taýýarlanýar.

2. Işçiler medeniýetli ýaşaýarlar. 3. Mugallym öwredýär. Çagalar öwrenýär.

4. Bulutlaryň aňyrsyndan Gün görünýär.

5. Otly şu ýerde durýar. Otly ugraýar.

* * *

218-nji gönükme. Okaň we näme edýär diýen soraga jogap bolýan sözleri göçüriň.

Keýijek.

Keýijek ýedi ýaşynda. Ol birinji klasda okaýar.

Keýijegiň daýysy Aýböwür diýen obada ýaşaýar.

Ol ejesi bilen her iki aýdan bir gezek Aýböwre gidýär.

Keýijek obada öz joralary bilen oýnaýar.

* * *

219-njy gönükme. Okan. Ilki näme etdi?, soňra näme

edýär? diýen soraga jogap bolýan sözleri depderiňize ýazyň.


Alýar, gülýär, geldi, gidýär, oturdy, ýazýar, ýazdy, gördi,

öwrenýär, ýatdy, begenýär, ekýär, oýnaýar, turdy.

Nusga: 1. Geldi, ... 2. Alýar, ...

* * *

220-nji gönükme. Okan. Näme eder?, näme etjek?

diýen soraglara jogap bolýan sözleri aýdyň.


1. Okuwçylar geler. Olar klasa girer. Mugallym öwreder. Okuwçylar öwrener.

2. Men oba gitjek. Dostuma sowgat äkitjek. Men dostum bilen oýnajak.

* * *

221-nji gönükme.Göçüriň.  Nokatlaryň ýerine şol zadyn etjek hereketini aňladýan sözi tapyp ýazyň.

Howa...

Ejem işe...

Ol haly...

Guş..

Men Watanymyz

hakdaky goşgulary...

Kakam bilen Mara...

gonar.

dokar.

gider.


maýlar.

gitjek.

oka jak.

* * *

222-nji gönükme. Göçüriň. Nokatlara derek ýaýyň

içindäki soraga jogap bolýan sözleri tapyp ýazyň.


1. Jigim çagalar bagyna ... (näme eder?). Işden soň kakam onuň yzyndan ... (näme eder?). Olar öýe ... (näme eder?).

2. Men kitap ... (näme etjek?). Sen nirä ... (näme etjek?). Wertolýot Garrygala tarap ... (näme eder?). Ýel ... (näme eder?).

Näme eder?, näme etjek? diýen soraglara jogap bolýan sözleriň aşagyny çyzyň we olaryň kimiň, nämäniň hereketini aňladýandygyny aýdyň.

Nusga: Jigim çagalar bagyna gider.

* * *

223-nji gönükme. Aşakdaky gymyldy-hereketi aňladýan sözlerden  saýlap,   näme eder? diýen soraga jogap bolýanlary biraýry,   näme   etjek?  diýen soraga jogap bolýanlary biraýry göçüriň.


Alýar, alar, aldy, aljak, getirdi, getirjek, oturar, oturjak, oturdy,

geldi, gelýär, geler, geljek, berer, berjek, okaýar,

okajak,  işleýär,  kakar,  ýasar,  ýasajak,     bilýär,  biler, sürjek.

Nusga: 1. Alar, oturar, ... 2. Aljak, getirjek, ...

* * *

224-nji gönükme. Göçüriň. Hereket aňladýan sözleriň aşagyny çyzyň we olaryň nahili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.


Bahar geldi. Bu gün ýagyş ýagar. Otlar gögerer. Howa maýlar we çagalar oýnar. Men Maýsa bilen oýnajak. Men depa çykjak.

* * *

225-nji gönükme. Aşakdaky hereket aňladýan sözleri näme eder?, närne etjek? diýen soraglara jogap bolar ýaly edip,   depderiňize ýazyň.


AI, gel, git, ýaz, oka, bar, ber, otur, gör, bejer.

Nusga: name eder? — alar, geler, ...

näme etjek? — aljak, geljek, ...

* * *

226-njy gönükme. Ýaýyň içindäki soraglara öý haýwanlarynyň edýän hereketini jogap edip ýazyň.

Sygyr (näme etdi?).

Sygyr (näme edýär?).

Sygyr (näme eder?).

Sygyr (näme etjek?).


Goýun (näme etdi?).

Goýun (näme edýär?).

Goýun (näme eder?).

Goýun (näme etjek?).

Nusga: Sygyr molaýar.

*********

Ýazuwa geçiriň(print)