1. Ses we harplar. 2. Çekimli sesler. 3. Ýogyn we inçe çekimli sesler. 4. Çekimsiz sesler. 5. Açyk we dymyk çekimsizler. 6. Dymyk k, p, t, ç  sesleriň açyga öwrülişi.

7. Bogun. 8. Söz. 9. Baş harp. 10. Zatlaryň hilini aňladýan sözler. 11. Hereketi aňladýan sözler. 12. Sözlem. 13. Ýyl boýunça geçilenleri gaýtalamak. 14. Labyzly okaýyş üçin goşgular.

15. Düşündirişli sözlük..

§ 10. Zatlaryň hilini aňladýan sözler.

184-nji gönükme. Soraglary we olaryň jogabyny okaň.

Has gara ýazylan sözleriň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyp beriň.

Nähili kepderi? Ak kepderi.

Nähili gawun? Süýji gawun.

Neneňsi suw? Ajy suw.

.

Neneňsi çal? Turşy

Nähili kitap? Gyzykly kitap.

Nähili alma? Gyzyl alma.

Nähili ýer? Ýumşak ýer.

Has gara ýazylan sözleriň şol zadyň reňkini, hilini aňladýandygyna üns beriň.

* * *

185-nji gönükme. Suratlara seredip, olaryň aşagyndaky soraglaryň jogabyny depderiňize ýazyň.

Nähili galam?

Nähili galam?

Nähili galam?

Nähili galam?

Nusga: Gyzyl galam.

Galamlaryň reňkini bildirýán sözleriň aşagyny çyzyň.

Zatlaryň reňkini, hilini aňladýan sözler nähili? neneňsi? diýen soraglara jogap bolýar.

Meselem: gyzyl alma, gowy mata, ýiti pyçak.

* * *

186-njy gönükme.    Okaň. Has gara ýazylan sözleriň

nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.


1. Orazyň gara galamy bar. 2. Kakäm gyzykly kitaplary köp okaýar. 3. Ejem maňa ak öňlük aldy. 4. Obamyzyň uly kluby bar. 5. Kicijik çagalar aýdym aýdýarlar. 6. Uzyn köýnekli gyzjagazlar tans edýärler.

* * *

187-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözleri

göçüriň we olaryň zatlaryň hilini aňladýandygyny unutmaň.


Dury suw. Gyzgyn çaý. Sowuk suw. Galyň ýorgan. Ýuka ýorgan.

Döwük kerpiç. Bitin kerpiç. Ýyrtyk köwüş. Ejem mana täze köýnek tikdi.

Göçüren sözleriňiziň nähili? neneňsi? diýen soraglara jogap bolýandygyny ýatda saklaň.

* * *

188-nji gönükme. Göçüriň. Zatlaryň hilini aňladýan sözleriň aşagyny çyzyn.


1. Kölüň dury suwunda ördekler ýüzup ýör.

2. Çopanlar arassa suwdan çeleklerini doldurdylar.

3. Biz hapysa çagalary ýazgarýarys.

4. Eli ýaşyl baýdajykly çagalar meýdança çykdylar.

Aşagyny çyzan sözleriňiz nähili soraglara jogap bolýar?

* * *

189-njy gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözler nähili soraglara jogap bolýarlar?


Ak kagyz. Gara mata. Gyzyl galam. Sary gawun. Gök hyýar. Ýaşyl ýaprak.

Mele çäkmen. çal mata. Ak goýun. Gara goýun.

Has gara ýazylan sözleri göçüriň  we olaryň zatlaryň reňkini aňladýandygyny ýatda saklaň.

Zatlaryň   hili   şol   zadyň   reňkini,   uly-kiçiligini, tagamyny hem bildirýär. Meselem:


190-njy gönükme. Okaň we göçüriň. Has gara ýazylan sözleriň aşagyny çyzyň. Olar nähili soraga jogap bolýarlar we şol zadyň ämesini aňladýar?

Towşan bílen gürrüň.

- Sen eýjejik, akja towşan,

Hany, aýdaý, näme diýjek?

- Berseňiz-ä häzir mana,

Sap-saryja käşir iýjek.

P. Ówezliýew.

* * *

191-nji gönükme. Aşakdaky bir zadyň hilini, reňkini aňladýan sözleri ulanyp, özüňizden sözlemler düzüň we depderiňize ýazyň.


Galyň, ýuka, gyzgyn, gyzyl, ýaşyl

Nusga: Galyň ýorgan ýyly bolýar.

* * *

192-nji gönükme. Göçüriň. Zatlaryň hilini,reňkini, aňladýan sözleriň aşagyny çyzyň we olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.


1. Ejem maňa gyzyl matadan köýnek tikdi. 2. Biz täze goşgulary ýat tutduk.

3. Işçiler ýasy daşlary köcä düşediler. 4. Biz ýyly suwa ýuwundyk.

* * *

193-nji gönükme. Şygry labyzly okaň. Has gara ýazylan sözleri göçüriň.

Pagta.

Men akja pagta,

Ösýän boy alyp.

Bag ýaly bolýan

Kem-kem ulalyp.

.

Ýapragym ýaşyl,

Sary gülüm bar.

Sary gülümde

Süýji balym bar.

A. Omarowa.

Göçüren sözleriňiz nähili soraglara jogap bolýar?

* * *

194-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözler nähili soraglara jogap bolýar?


Uy bag. Kiçijik köýnek. Beýik jaý. Gysga palto. Kicijik çaga.

Beýik dag. Pessejik depeler. Uzyn don.

Has gara ýazylan sözleri göçüriň we olaryň zatlaryň uly-kiçiligini aňladýandygyny ýatda saklaň.

* * *

195-nji gönükme. Okaň we göçüriň. Has gara ýazylan sözleriň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.

Tegelek  çörek.  Süýri  gawun.  Togalak  daş.  Ýasy demir. Giň balak. Dar köynek.

Has gara ýazylan sözleriň zatlaryň şekilini bildirýándigini ýatda saklaň.

* * *

196-njy göiiukjne. Okaň, zatlaryň reňkini aňladýan

sözleri biraýry, tagamyny aňladýanlary biraýry göçüriň.

1. Tomsuna Sary gawunlar, gara, ak uzumler, gyzyl pomidorlar köp bolýar.

2. Öý haýwanlary ajy suwy icmeýärler. 3. Meniň ýaşyl, gök galamlarym bar.

4. çölde süýji suwiy guýular köp.

Göçüren sözleriňiz nähili soraglara jogap bolýar?

* * *

197-nji gönükme. Okaň. Zatlaryň reňkini, hilini bildirýán sözleri tapyň we olaryň nähili soraga jogap bolýandygyny aýdyň.

Turaç.

Turaç gysga guýrukly, çal reňkli guşdur. Horazlary mäkiýanlaryna garanda birneme ulurak. Turaç gelşikli, owadan guşdyr.

Turaç çalt uçýar, sülgün ýaly tiz ýorgalaýar. Ol uçanda, birbada dik ýokary galsa-da, onçakly uzaga gítmeýár.

Derrew gonýar we garamtyl, al-ýaýyl çöplüklere, gök ýylgynlyklara sümýär.

A. Gylyjow.

198-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözleriň

nähili soraga jogap bolýandygyny aýdyp beriň.

Üns beriň!

Uly köçeleriň çatrygynda ýolçyrasy goýulýar. Ol gyzyl, sary, ýaşyl reňklerde ýanyp bilýár. Ýolçyrasy gyzyl, sary reňklerde ýansa, sen durmaly.

Eger ol ýaşyl reňkde ýansa, onda sen ýoldan geçip bilýärsiň. Çagalar, ýoldan geçjek bolanyňyzda, su düzgüni unutmaň!

* * *

199-njy gönükme. Göçüriň. Nokatlaryň ýerine şol zatlaryň hilini, tagamyny, reňkíni ýa-da şekilini aňladýan sözleri ýazyň.

...kömür            ...burç

...gar                ...mata

...suw               ...köýnek

...üzüm             ...don

...çal                 ...ädik

Nusga: Gara kömür. Ak gar. ...

Nähili?, neneňsi? diýen soraglara jogap bolýan sözleriň aşagyny çyzyň.

* * *

200-nji gönükme. Okaň. Has gara ýaiylan sözleriň nähili soraglara jogap bolýan-dygyny, olaryň zatlaryň nämesini aňladýandygyny aýdyp beriň.


1. Ak pagta biziň baýlygymyzdyr. 2. Atam gara telpek, goňur çäkmen geýýär.

3. Gurbangülüň ullakan gurjagy bar. 4. Ussa döwük zatlary bejerýär.

5. Biz turşy çal içdik. 6. Men ýuwan gatygy halaýaryn. Ýuwan agaran saglyk üçin peýdalydyr.

* * *

201-nji gönükme.  Okaň. Has gara ýazylan sözleri göçürip alyň we olaryň zatlaryň nämesini aňladýandygyny aýdyp beriň.

Kakamyň gujagy.

Kakamyň gujagy nähili gowy! Onuň gujagyndan gök otlaryň ysy gelip dur.

Ol uly elleri bilen meniň başymy sypalaýar.

Kakamyň gujagyndan düşsem, ony Bäşim eýelejek bolup dur. Meniň bolsa kakamyň ýakymly gujagyny hiç kime beresim gelmeýär.

*********

Ýazuwa geçiriň(print)