Rubagylar

Sähra internet sahypasyndan

.

Ülkämiz hiç haçan toýsyz bolmasyn

Ýoksyzlyk ýok bolsun, baýlyk bolsun

Ejizlik gaharyna düşmesin ilim

Arzuwlarymyz myradyna ýoluksun.


Naz,nygmat-dan dolsun Türkmen saçagy

Köpelsin, bol bolsun,miwesi, bagy

Hem iýiliň, iýdireliň, gysganman

Gysganjyň bolmaz-la miweli bagy.


Ulularymyz hormatlasyn kiçini

Kiçilerimiz sylaglasyn ulyny.

Uly – kiçä sylag bolmaýan ilde

Agyz alalyk alar olaň ilini.


Gojalar gojalsun, kiçi ulalsun,

Abraý köpelsin,namys goralsun.

Olalan-soň, goja bolsun kiçiler,

Bütün ilim gojalaryna guwansyn.


Geçmişde köneler beripdir sapak,

Geçmişiň sapagy, geljege şapak.

Myhman hem ataňdan uly bolupdyr,

Bizem myhmanlara açalyň gujak.

Eýidi Wekili