DÜNÝE Tupanly, ýagyş-garly, Kä mylaýym, kä gedem, Eý, sen biweç mydarly! Eý, dünýe, bisereşgen! Menem sende ýaşadym, Gördüm ýagşy, ýamanyñ; Hem-ä senden ýadadym, Hem galdy meñ armanym. Göýä bir ajap höküm, Barýañ mydam öñümden. Bilmedim men eýsem kim Geçdi kimiñ deñinden? Gezdiñ ýüregmi daglap, Ýüzüm çytman çekdim men. Agymy pynhan aglap, Köçä gülüp çykdym men. Niçik edip saýlaýañ Ýagşy, ýaman parhyny? Juda biweç aýlaýañ Sen pelegiñ çarhyny! Mälim däldir senesi, Ýöne bermersiñ gerim. Kim begener, kimsesi Ýakar bir gün jigerin. Bir gün ýitirip meni, Ah, gözýaşyñ gizlärsiñ. Gündiz elleriñ Günli! Gije Aýly gözlärsiñ! . *** Geriş-geriş daglar, Aññat-aññat gum, Ne ajaýyp çaglar! Ne ajaýyp gün! Bag içinde ümür, Dag başy duman. Tiz geçýär bu ömür, Geçeni güman. Gül näme? Gün näme? Söz, saz, gizlin syr? Eýsem, göwün näme? Ýagyşdyr, ýagmyr? Nämüçin gözýaş şor? Bagt hem süýji? Söýgüde ne syr bar? Nämede güýji? Barysy-da aýan, Bary gizlin syr. Dünýäni aýaýan, Goýýan men gadyr. Her säher tutyny Syrýan-da birýan, Bu köne dünýäni Täzeden görýän. Şoñ üçin müñ ýaş hem Berilse gerim: Ýaşap ýörmek bilen Öwrenişmerin! . *** Kösendim durmuşa düşünjek bolup, Sarp etdim bu işe aýym-günümi. Çirim etmän ak dañlary garşylap, Kitaply garşylap gijäñ tününi. Gara başym goýdum tükenmez derde, Adam ogly haçan arkaýyn ýatar? Gitdi menden öñki oñşuk-mydar-da, Dünýä düşündikçe, kösendim beter. |