DOGDUK DIÝAR Ençe ýyllap aýra düşdüm, Bu gün meñ nesibäm çekdi. Dogduk Diýar, seniñ keşbiñ Höwesim gündiz görmekdi. Emma welin, ilki munda Ýada salyp gara aty, Obañ edil alkymynda Çykdy öñümden garañky! Jaýlañ depesinden bakan Aý ýatladýar sary ýagy. Üstüne gijelik çöken, Obam edil güman ýaly. Tukat ýatyr ýörelen ýol, Aýagyzym öçüripdir. Aý şöhlesi agaçlary Diwarlara göçüripdir. Ýetişen günebakarlar Görüp buýra saçlarymy, Göýä utanjañ uýalar, Egdi ýere başlaryny. Gursagymda gaýgy-gam bar, Ýetilmedik sepgit öñde. Haýpyñ geler seniñ, meger, Saçlarmyñ agyn göreñde. Aýra düşüp çekdim zaryñ, Sensiz dünýe gury owaz. Maña eziz señ didaryñ, Maña seniñ bar paslyñ ýaz! Adyñ senadyr dilimde, Nädeýin men tylla tagty, Nesip etse öz ilimde Uzak-uzak ýollañ bagty! |