BAPBA GÖKLEÑ
”Bapba Gökleñ! Bapba Gökleñ!
Senem biri jaýy ýoklañ!”
Degişerdik duşsak saña,
Ýöne welin bu degişme
Agrasdy gülki, ýomakdan.
Bapba Gökleñ! Bapba Gökleñ!
Sen hem gödek hem näzikdiñ,
Hem paýhasly, hem gazaply,
Bütin ömrüñ kötek iýdiñ!
Emma dostlarña wepaly,
Duşmanlara rehimlidiñ.
Elbetde, sen garyp däldiñ.
Däldiñ ýeke. Bu belli zat.
Külli türkmen gursagyñda!
Mert ýigitleñ ençemesin
Ençe ýyllap birleşdirdi,
”Bapba Gökleñ” diýen bir at.
Diri günüñ señ ýoluñda
Guran ilki ençe tory,
(O dünýäde bileweri...)
Ölen günüñ peýda boldy
Heşelleçi gazetlerde,
”Ýoldaşlaryñ bir topary”.
Bapba Gökleñ! Bapba Gökleñ!
Jaýsyz adam hukuksyzdyr.
Senem biri jaýy ýoklañ.
Onsoñ niçik ynanyp bor
Ajalyñ gelenne gökden?
Goýun ýyly agyr düşdi,
Niçe är dünýeden geçdi:
Il ogly Ahmet Bekmyrat,
Soñra Şir ogly Akmyrat,
Gerçek ýigit Baba Annan,
Arslan ýürek Bapba Gökleñ...
Bardan ýok eden Hudaýym,
Bar edewer ýene ýokdan!
1991, dekabr