Ýüz tylla

Gadym zamanda Saraý atly bir eýerçi bolan. Onuň Mämmet diýen ýekeje ogly bar eken.
Günlerde bir gün bu eýerçi özüniň ogluna:
- Eý oglum, men indi garrapdyryn, ugurly zähmet hem çekip bilemok, mundan beýläk uzak hem ýaşamaryn. Bizde şeýle bir tükenmez mal-döwlet hem ýok. Bütin ömrüme zähmet çekip, üç ýüz tylla gazanyp goýdum. Men seniň geljekde bagtly bolmagyň hakynda alada etmeli, çaga ese-boýa galýança ony saklamak we terbiýelemek ene-atanyň wezipesi. Sen haýsy seneti ýagşy görýärsiň, söwdagär, boljakmy ýa sazanda bolasyň gelýärmi, ýa-da molla boljakmy? Ine, oglum, sen haýsy käri gowy görseň, maňa aýt, men şoňa göräräk bolaýyn, şükür şeýle hem bolmasa-da, birneme pulumyz bar - diýen.
Onda Mämmet:
- Ata, meniň molla bolasym gelenok, sebäbi okamak kyn. Barmaklarymy dutaryň taryna gabartdyryp, bogazymy ýyrtyp, aýdym aýdyp ýörmek hem maňa aňsat düşmez. Söwdegär bol diýseň bolaýyn, sebäbi söwdegärler hiç iş edenoklar, olar dükanda oturyp, şol çaý içip, gürrüň edişip, pul gazanyp otyrlar - diýen.
Şundan soň, atasy Mämmet bilen razylaşyp:
- Me, oglum, saňa ýüz tylla, sen başga ýurtlara git-de, garaburç getir. Satarsyň, sowarsyň, bize-de çaý puly galar - diýen.

Mämmet atasyndan ýüz tyllany alýar-da, söwdegär kerwenlere goşulyp gidiberýär. Bular az ýöräp, köp ýöräp, birnäçe menzil ýol ýöräp, ahyry bir uly şähere baryp ýetipdirler. Bular saraýda düşüp, dem-dynçlaryny alýarlar. Ertesi her kim öz işi bilen boluberen. Kimsi zat alýar, kimsi zat satýar. Mämmet hem aýlanyp ýörkä, garaburç satylýan bir dükana barýar. Mämmet dükança: “Ýüz tyllalyk garaburç çekip ber” diýýär. Dükançy çekmäge başlaýar.
Onýança seretse, Mämmediň ýanyndan adamlar topar-topar bolup geçip, bir ýana howlukmaç gidip barýarlar. Şol iki aralykda garaburçy ýadyndan çykaryp, Mämmet hem bularyň yzyna düşüberýär. Bu adamlar bara-bara bir baga girýärler. Mämmedem bularyň yzy bilen girýär, ynha görse, iki sany oňat geýnüwli adam dutar çalyp, aýdym aýdyp, şeýle bir saz edýär, hiç ýanyndan aýrylasyň gelmeýär. Bularyň saz-söhbedi Mämmediň göwnüne ýarap: “Wah, menem bagşy bolsam bolmaýarmy” diýip, içini gepledipdir.
Mämmet bagşylaryň ýanyna baryp:
- How, bagşy dostlar, maňa ýedi günde dutar çalmagy öwredeniňiz üçin näçe alarsyňyz? - diýenini özi hem duýman galypdyr.
Bagşylaryň biri:
- Dutar çalmagy ýedi günde öwretmeli bolsa, ýüz tylladan az almarys - diýen.
Mämmet bagşylar bilen razylaşýar we özüniň ýüz tyllasyny bulara bulara berýär. Bagşylar Mämmedi öz öýlerine äkidip, ýedi günde dutar çalmagy öwredýärler, soň Mämmet bagşylar bilen hoşlaşyp, öz ýoldaşlarynyň ýanyna gelýär, görse olar hem eýýäm aljak zatlaryny alyp, taýýar bolup duran ekenler. Onsoň bular ýola düşýärler, az ýöräp, köp ýöräp, öz öýlerine gelýärler.
Mämmediň atasy ogluny görüp begenýär we:
- Ýeri oglum, burçy köp getirdiňmi? - diýip soraýar.
Mämmet bolsa atasyndan hiç zady ýaşyrman, ýüz tylla berip, dutar çalmagy öwrenendigini aýdýar.
Mämmediň atasy muňa ýene ýüz altyn berip:
- Aý oglum, zyýany ýok. “Bir hünärli baý bolmaz, baý bolmasa-da hor bolmaz” diýipdirler. Saňa ynha, ýene bir ýüz tylla bereýin, sen burç alyp gelersiň - diýen.
Mämmet şol şähere bakan ýene-de ýola düşen. Ol az ýöräp, köp ýöräp, ahyry şol dutar öwrenen şäherine ýetişen.
Mämmet ol güni dem-dynç alyp, ertir şol garaburç satýan dükançynyňka barypdyr.
Dükançy:
- Ho, söwdegär dost, sen nirä gitdiň? Men saňa garaburçuňy çekip, köp garaşyp durdum, senbol saň, garaňy salmadyň - diýen.
Mämmet:
- Meniň bar işim diňe bir gara burç almak däl, men ýüz dükana baryp, söwda etmeli ahyryn - diýip, dükança syr bildirmändir.
Dükançy ýene-de garaburç çekmäge başlaýar. Mämmediň bolsa gözi daşynda, ynha, birden görse, elleri kitap-depderli oglanlar biri-birleriniň yzyndan ylgaşyp, howlukmaç bir ýere barýar. Mämmet hem garaburç almagy ýadyndan çykarýar-da, olaryň yzy bilen gidiberýär. Bu oglanlar şol baryşlaryna bir howla giripdirler. Mämmet hem bularyň yzy bilen giren. Ynha görse, oglanlar bir aksakgal adamyň daşyna tegelenip üýşüp, bir zatlary okaýarlar. Mämät ol aksagalyň golaýyna baryp:
- Siz näme işleýärsiňiz? - diýip soran.
Ol:
- Ynha, men çagalara hat-sowat öwredýärin. Olar geljekde sowatly, akyllay adamlar bolup etişýärler - diýýär.
Hatly-sowatly bolmak Mämmediň göwnüne makul bolup:
- Maňa ýedi günde şu hatlaryň hemmesini öwretmek üçin näçe tylla alarsyň? - diýip sorapdyr.
- Ýedi günde hemme hat-sowady öwretmeli bolsa, ýüz tylladan az almaryn - diýen.
Mämmet onuň aýdany bilen razylaşyp, ýüz tyllasyny berip, edi günde hatly-sowatly bolup, obalaryna baka gidiberen. Ol az ýöräp, köp ýöräp, birnäçä menzil ýol ýöräp, öz atasynyň ýanyna barýar we pullaryny hat-sowat öwrenmeklige harçlanyny aýdýar.
Mämmediň atasy oňa göwne deger ýaly hiç zat hem aýtman:
- Bolýar oglum, ynha, iň soňky ýüz tyllamyzy hem al - diýip, ony ýene-de şol şähere garaburç getirmek üçin iberipdir. Mämmät ýene-de hälki iki ýüz tylla harçlan şäherine gelip, bu gün dem-dynjyny alýar, ertesi şol garaburç satylýan dükana barypdyr welin, ol bagly eken. Mämmet dükanyň baglydygyny görüp, eýläk-beýläk ýaltaklap durka, birden onuň gulagyna : “Aty ur, pili sür, pyýadyny göç, patyşany gaba!” diýen sesler eşidilip ugrapdyr. Mämmet “Allajanlarym, bu nämäniň alamatyka? diýip, dükanyň agzyndan baryp sereden. Ynha görse, bir topar adam başynagaý bolup küşt oýnaýar eken.
Mämmet birsalym seredip durupdyr welin, bir ýaş ýigit gaty ökdelik bilen şowhunly oýnaýar eken. Mämmet ol ýigidiň ýanyna baryp:
- How, dost, şu oýny maňa edi günde öwretmek üçin näçe tylla alarsyň? - diýen.
Oýunçy ýigit:
- Ýedi günde öwretmeli bolsa, öwredenim üçin ýüz tylladan az almaryn - diýipdir.
- Bolýar, ine, al ýüz tyllaňy, ýöne köp gepleme-de, öwretmäge razy bol - diýýär.
Şeýdip Mämmet ýedi günde küşt oýnyny hem öwrenip, puly nämä sowandygyny we özüniň hem şu şähere gelmegini sorap, atasyna hat ýazypdyr. Atasy Mämmeidň hatyny alyp, oglunyň ýanyna gelipdir.
Mämmet:
- Eý ata, sen meni bazara elt-de, söwdegärlere kerwençi edip sat, men mazaly gurplanýançam, ýaňky meniň satan puluň bilen eklenersiň - diýen.
Atasy:
- Ýok oglum, men seni gul bazarynda satyp bilmerin, onuň ýaly ‘ş bolmaz- diýän. Mämmät bolsa, öz aýdanyna tutupdyr.
Garaz Mämmet: “Meni äkit-de sat” diýip duransoň, atasy näalaç bolup, oglunyň elinden tutup, gul bazaryna eltipdir. Edil şol wagtlar söwdegärleriň daş ýutrlara kerwen ugradýan wagty eken. Derrew Ýomutbeg diýen bir söwdegär Mämmedi bir tylla satyn alyp gidipdir we söwdegär Mämmedi uzak ýurda kerwen bilen ugradypdyr. Bular az ýöräp, köp ýöräp, çöl meýdanda çala yzgara galan çuň bir guýynyň başyna baryp ýetipdirler.
Ýomutbeg Memmedi derrew guýa sallap, bir küze suw almaklaryny kerwençilere tabşyrypdyr. Kerwençiler eline küze berip, Mämmedi guýa sallapdyrlar. Mämmet guýynyň düýbüne düşüp görse, bir topar gyzyl-kümüş, ýene gymat baha daşlar bar eken.
Mämmet “Bu guýynyň içinde her hili gymat bahaly zatlar bar” diýip ýoldaşlaryna gygyrypdyr. Olar derrew iki-üç sany halta taşlap, bu zatlary ýokary çekip alypdyrlar. Ýomutbeg bu zatlary görüp: “Mämmede hem paý bermeli bolamaýyn, iň gowsy, muny guýudan çykarmaýyn, goý, ölsün gitsin” diýip, Mämmedi guýuda taşlap, ýüklerini düýelere urup gidiberipdir.
Mämmet näme etjegini bilmän, guýynyň içinde eýlesine-beýlesine ýaltaklap durka, ynha görse, bir gapy barmyş, ony açyp içine girse, bir döw uklap ýatan eken, onuň baş ujunda bir gowy dutar asylgy duran. Mämmet bu dutary alyp, saz çalmaga başlan.
Döw ýerinden zöwwe galyp:
- Ýeri adamzat, sen bu ýerik nädip düşdüň? - diýen.
Mämmet:
- Ine, şeýle-şeýle bolup düşdüm we meni Ýomutbeg guýudan çykarman gitdi - diýipdir.
Döw:
- Sen dutary gaty şirin çalýar ekeniň, ýogsam seni iýerdim. Meniň hem oglum dutary edil seniň ýaly şirin labyzly çaýardy, ol hem sen duşly oglandy - diýip aglapdyr.
Mämmet:
- Sen näme aglaýarsyň? - duýen.
Döw:
- Seniň saz çalşyňy diňläp, oglum ýadyma düşdi. Bir gün saz-söhbet edip otyrkak, onuň çüýşedäki janyny men, atanlykda, birden basyp owradaýpdyryn, ana, ondan soň ol öldi - diýipdir.
Soňra ol:
- Indi sazy şeýle çalşyň üçin, saňa näme hyzmat etmeli? Eger sen isleseň, men şol kerwenleri şu ýere getirip, müň janyndan goýman alaýyn - diýipdir.
Mämmet:
- Ýok, beýle etmek gerek däl, gowsy sen meni şol kerweniň yzyndan ýetiräý - diýen.
Döw Mämmedi göz açyp-ýumasy salymda kerwenleriň yzyndan ýetiripdir.
Mämmet Ýomutbege ýüzlenip:
- Meniň günämi geç, hormatly söwdegär, men guyuda uklap galaýpdyryn - diýip, “daş bilen urany, aş bilen ur” diýenlerini edipdir. Mämmediň beýleki ýoldaşlary bolsa: “Bä, munuň döw ýoldaşy bar eken” diýip, öz aralarynda pyşyrdaşypdyrlar.
Döw Mämmäde ýüzlenip:
- Isleseň, men bularyň baryny kül-peýkun edip, hemme zatlaryny saňa alyp bereýin - diýen.
Mämmet:
- Ýok, beýtmek gerek däl. Bu adamkärçiligiň pes tarapydyr. Onsoňam bu meni satyn aldy, entek bahamy ödäýin - diýip, döwe yzyna gaýtmaga rugsat beripdir.
Ýomutbeg Mämmet şol gyzyllardan dillär öýdüp: “Gel men munuň eline hat ýazyp, öz ogullarymyň ýanyna ibereýin, onsoň olar muny öldürerler, şeýdip, mundan dynaryn” diýipdir-de, Mämmede: “Sen meniň atymy münüp yzyňa gaýt, bu haty bolsa meniň uly ogluma ber. Kerwenler oňat, parahatçylykly halda bolýarlar diýip aýt.” diýen.
Mämmet hem: “Bolýar” diýip, bir aty münüp gidiberen. Mämmet az ýöräp, köp ýöräp, bir ýere gelip, dynç almak isläpdir, ol atyny daňyp, ot ýakyp, çaý goýupdyr. Onsoň ol: “Kündük gaýnaýança, gel şu haty barlap göreýin-le. Ýüz tylla berip öwrenen hat-sowadym ýadymdan çykman durmyka?” diýýär-de, ýaňky haty açyp, okamaga başlaýar,
Hat: “Ogullarym, menden her biriňize aýratyn salam” diýen setirler bilen başlanyp, “Şu haty goluňyza beren meniň gulumdyr, bu bize garşy her hili hyýanatlar oýlap tapýar, muny derrew öldüriň!” diýen sözler bilen tamam bolýar eken. Mämmet hem bu haty ýyrtyp, onuň ýerine şeýle hat ýazýar: “Şu haty beren ýigit bir guýydan örän köp gyzyl we gymmat baha daşlar tapyp, ýarysyny maňa bagyşlady, siz muny gaty gowy hezzet-hormatlap, uly toý beriň!”
Bu işleri edýänçä, Mämmediň çaýy gaýnaýar. Ol çaý içip, çörek iýip, ýola düşen. Soňra birnäçe menzil ýol ýöräp, şähere gelip, uly oglunyň öýüni tapýar. Haty şonuň eline tutdurýar. Söwdegäriň ogullary muňa gaty begenipdirler. Myhmany oňat garşylapdyrlar. Mämmet bu gije hezil edip, dynň alýar. Ol ertir turup, söwdegäriň uly oglundan:
- Şäheriňizde näme gyzykly zat bar? - diýip soran.
Ol:
- Hiç zat ýok - diýip, jogap beren.
- Siziň ýurduňyzy kim dolandyrýar? - diýip, Mämmet ondan soran.
Söwdegäriň ogly:
- Patyşanyň gyzy dolandyrýar. Ol ýaňy-ýakynda: “Meni küştde kim utsa, şoňa ere barjak?” diýip, bütin halkyň arasynda jar çekdirdi - diýipdir.
Mämmet:
- Onuň köşgüne nädip baryp bolar? - diýip soran.
Söwdegäriň ogly:
- Ýok, dost, sen oňa gitjek bolup hyýalam etme, ony utmak kyn, eýýäm birnäçe adam janyny gurban etdi, çünki kim utulsa, ol gyz ony öldürdýär, küştde ol gyzy hiç bir utup bilen ýok - diýen.
Mämmet söwdegäriň oglunyň aýdanyna gulak salman, çaýyny içip, patyşa gyzyň köşgüne ugraýar.
Mämmet köşge girjek bolan wagty bir ýasawul:
- Ýeri ýigit, nirä barýarsyň? - diýip soran.
Mämmet:
- Seniň patyşaňa öýlenmäge barýaryn - diýen.
Ýasawul bu ýigidiň aýdanyny patyşa bolşy ýaly aýdýar we dolanyp gelip:
- “Sen küşdi gowy bilermiň?” - diýip, patyşamyz soraýar - diýen.
- “Gaty gowy bilýär” diýip aýt.
- Seniň mugallymyň kim?
- Öwredeni üçin menden ýüz tylla alan küştçi ussa.
- Biziň patyşamyz dört döw oýnaýar, şonuň pesinden üç döwüni utmaly, şonda utdyň hasap edilýär - diýipdir.
Mämmet:
- Men şoňa razy - diýen.
- Sen eger utulaýsaň, seni ol gyzyň nätjegini bilýärmiň? - diýän.
Mämmet:
- Bilýärin - diýýär.
- Sen janyňa haýpyň gelýärmi? - diýen.
- Gelýär, ýöne men ony hökman utup, siziň patyşaňyza öýlenerin - diýip, Mämmet jagap beren.
Ýäsawul Mämmedi gyzyň ýanyna alyp baran welin, gyz bu oglany görüp:
- Seniň kelläňi jellatlaryň kesjekdigine meniň haýpym gelýär, sen oglan, bu işiňden el çek- diýip, Mämmädiň nähili oýnaýandygyndan habarsyz, oňa abaý syýasat edip, howyny basjak bolan.
Mämmet bolsa oňa:
- Men bu ýere iki hili gürrüň etmäge gelemok - diýip, pert jogap berýär.
Patyşa gyzy küşt getirmegi buýurýar we bular oýnap başlaýarlar. Bu ikisiniň oýunlaryna wezir-wekiller hem gözelçilik edýärler. Şeýdip, birinji döwde Mämmet gyz patyşadan utulýar.
Patyşa gyz Mämmede:
- Seniň üçin häzir hem bir pelle, şu oýnuňdan el çek, sen utularsyň, meniň utmagym birinji gezek däl, saňa haýpym gelýär - diýän.
Mämmet:
- Sen meni eýle-beýle gürrüňler bilen ezýetlendirme, men birinji gezek seni hormatlap utuldym, biziň ýurdumuzda bir adat bar - myhman küşt oýnanda, öý eýesine hormat ü/in birinji döwde utulmalydyr - diýipdir.
Şeýdip bular oýunlaryny ýene-de dowam etdiripdirler. Mämmet bu gyz patyşany yzly-yzyna üç gezek utupdyr. Töweregindäki halk gaty begenipdir.
Patyşa gyz Mämmede:
- Sen entek meni utaňok, ýene-de bir gezek oýnaly, utulsaň men seni öldürmän, öýüňe goýbererin, utsaň bolsa, onda men şu gije toý edip, saňa baraýyn -diýen.
Mämmet gyz patyşany bu gezek hem utýar, patyşa gyz goýun soýup, dürli naharlar bişirip, nika gyýdyryp, halka uly toý berip, Mämmede äre çykan. Gyz ertesi Mämmedi gyzyldan tagta mündürüp, öz ýerine patyşa edinmiş. Ine, şeýdibem Mämmet bu ýurduň patyşasy bolanmyş.
Ondan soň günleriň birinde Mämmet hälki Ýomutbeg diýen söwdegäri ýoldaşlary bilen hiç ýere butnatman, tagta getirmegi ýasawularyna buýurýar. Ýasawular ol söwdegäriň hemmesini Mämmediň ýanyna alyp gelýärler.
Mämmet bulary barladyp, şol guýudan tapan gymmat baha zatlarynyň hemmesini alyp, garyp -gasarlara paýladýar, bir tyllany bolsa Ýomutbege berip: “Ynha, şu tylla şol meniň baham üçin atama beren puluň. Indem bir adama şu maňa eden hyýanatyň ýaly zat edäýseň, seniňki ölümdir. Bilip goýgun, patyşa bolsa meniň özümdirin” diýip, ony kowup goýberipdir.
Mämmet gidip, atasyny hem öz ýanyna göçürip, maksatmyradyna ýetipdir.