SÖZLÜG ;

Ž, Türkmen elipbpýinin sekizinji harpy.


ŽARBA, Suwda ýaşaýan balyk, gurbaga we başga jandarlaryň dem alyş organlary. Suwda ýaşaýan pes oňurgaly haýwanlarda žabra dem alyş organlarydyr (A. N. Kabanow, Adamyň anatomiýasy we fiziologiýasy).


ŽAKE'T, Daşky kelte aýal geýimi.


ŽANDARM, 1.Žandarmeriýanyň  politseýlik çini.

2. Žandarmeriýanyň gullukçysy. Birden gelip žandarmlar, Märekeni her ýan itdi (Çary Aşyr, Poemalar).


ŽANDARMERIÝA, Buržuaziýa ýurtlarynda: syýasy gorag we yzarlaýyş işlerini geçirýän hem-de rewolýutsion herekete garşy göreşýän ýörite politseý goşunlary, döwlet politsiýasynyň otrýady.


ŽANR, 1. Sýužeti we stilistik alamatlary bilen häsiýetlenýän sungat eserleriniň bir görnüşi.

2. edeb. Edebi eserleriň aýratyn bir görnüşi. Ata Salyhyň poeziýasynyň esasy žanry lirikadyr.


ŽANRLY, Žanra eýe bolan.


ŽANRÇY, Žanr boýunça spetsialist, hudožnik.


ŽARGON, Özüniň grammatik gurluşy we sözlük fondy bolman, umumy halk dilinden tapawutlanýan spetsifik, ýasama, şertli sözleri we aňlatmalary bar bolup, bir sotsial toparyň talabyny kanagatlandyrýan sözleýiş.


ŽE, «Ž» harpynyň ady.


ŽENE'ŞENЬ, bot.  Kökünden derman edilýän  ösümlik.


ŽETO'N, 1. Ýaryşa gatnaşyjylara baýrak hökmün-de berilýän metal nyşan.

2. Zat we ş. m. almak üçin hukuk berýän nomerli metal, nyşan, bellik.


ŽIM, sport. Ştangany we agyr terezi daşyny ýokary galdyryş maşkynyň bir görnüşi.


ŽIRA'F, zool. Afrikada ýaşaýan, uzyn boýunly we uzyn aýakly, bedeni ala-mula haýwan.


ŽONGLER, Bir  wagtyň özünde dürli  zatlary ýokaryk atyp we gapyp bilýän tsirk artisti.


ŽONGLERLYK,  Žonglioryň sungaty, käri.


ŽURNA'L, 1. Kitapça görnüşli döwürleýin neşir. Hoşgeldi elindäki žurnalyny stoluň üstünde goýdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

2. Bir waka, karar, geçirilýän iş hakda ýazgy kitaby ýa-da depder. Klas žurnaly.


ŽURNALI'ST, Žurnalistika bilen meşgullanýan edebiýat işgäri. 12-nji noýabrda, Moskwada, Soýuzlar öýüniň sütünli. zalynda žurnalistleriň Bütinsoýuz Birinji gurultaýy boldy («Ýaş kommunist» gazeti). Ine, ol häzir žurnalistler bilen tsehlere aýlanyp ýör.(«Sowet edebiýaty» žurnaly).


ŽURNALI'STIKA, 1. Žurnallarda we gazetlerde edebi-publitsistik iş alyp baryş we şol baradaky ylym.

2. Döwürleýin neşir edilýän žurnal we gazetleriň jemi.


ŽÝURI , 1. Sergilerde, konkurslarda we ýaryşlarda baýrak belleýän ekspertler topary, komissiýa. 2. Sport ýaryşlaryny alyp barýan sudьýa.